Ýuşenko öz tarapdarlaryna kanunyň üstün çykmagy ugrunda göreşmegi, saýlawyň netijeleriniň inkär edilmegini wada berdi. Göreş dowam edip, protestçiler garly-doňakly gyşda ençeme günläp, köçelerde durup, oppozisiýanyň güýjüne güýç goşdular.
Ýokary suduň Wiktor Ýanukowiçiň ýeňşini ýatyrmagy Ýuşenkonyň gazanan uly ýeňşi boldy. Ýuşenkonyň saýlawlaryň täzeden geçirilmegini gazanmagy bilen ”Mämişi rewolýusiýanyň” ýeňşi möhürlendi.
Ýöne ady awtoritarçylyga garşy göreşiň simwolyna öwrülen Ýuşenko hemişe oppozision ýolbaşçy bolup gelen adam däl. Ol 1990-njy ýyllarda Ukrainanyň merkezi bankynyň başlygyka merkezçi, şol wagtky prezident Kuçma wepadar adam diýip tanalýardy.
Prezidentlik saýlawlaryny gazanansoň, Ýuşenko özüni Ukrainanyň “ilkinji çyn prezidenti” diýip atlandyrdy. Ol şonda: “Biz 14 ýyl garaşsyz, ýöne erkin däldik” diýdi.
Täze ýolbaşçy ýurtda kök uran korrupsiýa garşy göreşmegi, jenaýatkärleri tutmagy, Ukrainany Ýewropa tarap ýola salmagy wada etdi. Ukrainleri irden agşama çenli watan üçin işlemäge çagyrdy. Ýöne özi prezidentliginiň ilkinji ýylyny Ýewropa ýurtlaryna, Amerika sapar etmek bilen geçirdi.
“Ol her bir zady edip bilýärdi”
Ýuşenkonyň öňki kömekçisi Oleh Rybaçuk: “Ol öz at-abraýyndan peýdalanyp, ýurda gerek reformalary geçirip bilýärdi” diýýär.
“Ol her bir zady edip bilýärdi. Ol ýurda gerekli zatlar üçin öz at-abraýyndan peýdalanyp, baş kanuny üýtgedip bilýärdi, wagtyndan öň parlament saýlawlaryny geçirip bilýärdi. Ýöne bolan iş onuň prezidentlik döwrüniň iň gowy pursatlarynyň tutuşlygyna diýen ýaly boş geçmegi boldy” diýip, Rybaçuk gynanýar.
Rybaçugyň bellemegine görä, bu at-abraýa urgy bolup degen – Ýuliýa Timoşenko bilen açyk çaknyşyk. Ýuşenko indi wezipe başyndan aýrylýar. Ukrainada bolsa korrupsiýa pajarlap ösýär. Ýurt ykdysady krizisden ýaňa çöker-çökeriň üstünde.
Ýurtdaky ýagdaý ilaty umytdan düşürdi. Olar syýasatçylara, hökümete özlerinde ynam ýoklugyny aýdýarlar. ”Mämişi rewolýusiýanyň” hem boş wadalardan başga beren zadynyň bardygyna ynanýan adam ýok.
Ýuşenkony hemmeden köp goldan şäher Lwowdan Pawel Teresçuk muny şeýle düşündirýär: “Ýuşenkonyň pikirleri hem niýeti gowudy. Ýöne onuň bitiren işi bolmady. Iň möhümi hem onuň ýurduň agzyny birikdirip, täsirli häkimiýet döredip bilmänligi. Indi bolsa Ukrainada höküm sürýän konflikt we bulagaýlyk”.
Ýuşenkonyň ukrain taryhynda nähili orny eýelärkän? Rybaçugyň pikiriçe, ondan galan oppozisiýany wagtlaýyn birleşdirip, Kuçma administrasiýasynyň köne diwaryny ýykmagy: “Şol diwary ýykmak üçin onuň biziň ýeke-täk şansymyz bolan bolmagy ähtimal. Netije tersine bolan bolsady, onda biz Belarus tipli bir ýurtda doňup galardyk”.