Käbirleri bu çaknyşyklary turzan hakyna tutulan täjik söweşijileri diýse, käbirleri Orsýetiň ýörite güýçleri we neşe söwdagärleri diýýar. Käbirleri hem bu çaknyşyklary guranlykda ýerli elitany aýyplaýar.
Bişkekdäki adamlaryň köpüsi ýaly, Jyldyz Jyldoşewa hem: “Gyrgyzlary milli azlykdaky özbekleri öldürenler edip görkezdi” diýip, Günbatar metbugatyna gaharlanýar.
“Ýerli özbekler ilki özleriniň ýaraglanandygyny, alamat berlende köçeleri eýelemeli diýlendigini aýdýarlar. Olary uniwersitetiň ýatakhanasyna äkidipdirler. Ol ýerde gyrgyz gyzlarynyň namysyna deglipdir, köpüsi öldürilipdir” diýip, Jyldoşewa aýdýar. Emma gyzlara el urlandygy ýa çaknyşyklary özbekleriň turzandygy barada subutnama ýok.
Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti ýurduň günorta etraplaryna gözegçiligi birnäçe günläp elden berdi. Bu regionlarda adatdan daşary ýagdaý häzirem dowam edýär.
Muňa garamazdan, wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa ýekşenbe güni ählihalk referendumyny geçirmek barada beren wadasynda berk dur. Bu referendumda halkyň häzirki ýolbaşçylary we Baş kanuna girizilen üýtgetmeleri goldap-goldmaýanlygy soralar.
Wagtlaýyn hökümetiň maliýe ministri Temir Saryýewiň aýtmagyna görä, bu çaknyşyklary turzanlar bu işi referendumy bozmak üçin edipdirler.
“Referendumy ýatyrmak bu ýykgynçy güýçleriň üstünligi bolar. Ilatyň köpçüliginiň näme kynçylyk we ahlak meseleleri bolsa-da, referendum planlaşdyrylyşy ýaly geçmeli diýýänimiň sebäbi şol. Bu ýerde howp astynda duran döwletiň we halkyň ykbaly” diýip, Temir Saryýew aýdýar.
Referendum gerekmi?
Ýöne bolan pajygaly wakanyň üstünden entek köp wagt geçmänkä, referendum nämä gerek diýýänler-de bar. Syýasy analizçi Mars Saryýew: “Çaknyşyk hökümete agyr zarba bolup degdi. Onuň öz häkimiýetini kanunylaşdyrmak üçin umyt baglaýany referendum” diýýär.
“Referendum abraýdan düşmezlik, häkimiýet başynda galmak üçin edilýän synanyşyk. Sebäbi wagtlaýyn hökümeti goldaýanlaryň sany azalyp barýar” diýip, Mars Saryýew aýdýar.
“El Armany” partiýasynyň başlygy öňki general Miroslaw Nyýazow bolsa, çaknyşyklara kimiň jogapkärdigi barada pikir ýöredenok. Ol: “Hökümet ýurduň howpsuzlygyny kepillendirip bilmedi. Gyrgyzystanyň häzirki ýolbaşçylary ýurda baştutanlyk etmek ahlak hukugyny elden berdi” diýýär.
“Bu hökümet öz abraýyny özi bütinleý gaçyrdy. Gan döküldi, köplçülikleýin gyrgynçylyk boldy, müňlerçe adam ýaralandy. Häkimiýet başynda bolan her bir adam bu jogapkärçiligi öz üstüne almaly ýa-da, bolmasa, häkimiýet başyndan kowlaryna garaşmly. Ýöne bu adamlar hiç bir jogpkärçiligi öz üstlerine almakçy däl” diýip, Nyýazyow aýdýar.
Bolýan tankytlara garamazdan, köp adamlar referendumyň tarapyny çalýar. Talaigül Muratalyýewa Bakyýewi häkimiýet başyndan kowandygy üçin wagtlaýyn hökümeti öwýär. Onuň pikiriçe referendum ýurduň etniki toparlarynyň arasynda dörän dartgynlylygy gowşatmak üçin gerek.
“Ýurtda urşy togtadyp, adamlaryň bilelikde asuda ýaşamagy üçin referendum gerek” diýip, Muratalyýewa aýdýar.