Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama we Medwedew gatnaşyklary sazlamak üçin ilkinji ädimleri ätdiler


Prezidentler Barak Obama (çepde) we Dmitriý Medwedew 6-njy iýulda Kremlde.
Prezidentler Barak Obama (çepde) we Dmitriý Medwedew 6-njy iýulda Kremlde.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama we Russiýaly kärdeşi Dmitriý Medwedew, Russiýanyň paýtagty Moskwadaky ilkinji sammit derejesindäki duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara täzeden badalga bermek barada wada berdiler.

Taraplar ýadro ýaraglary baradaky täze şertnama boýunça başlangyç ylalaşyga gol çekdiler. Emma köpleriň pikirine görä, pozitiw gepleşikler gatnaşyklary Sowuk uruş derejelerine düşüren düýpli tapawutlyklary sazlaşdyrmak boýunça diňe ähtimal ilkinji ädimi aňladýar.

Obama we Medwedew birnäçe sagat dowam eden gepleşiklerden soň, gymmat bahaly bezegler bilen bezelen Kremliň zalynda žurnalisleriň öňünde çykyş etdiler.

ABŞ-niň prezidenti Obama, iki ýurduň arasyndaky gowşan gatnaşyklara täzeden badalga bermek boýunça özleriniň karara gelendiklerini mälim etdi. “Şu gün, alty aýdan hem az wagt işleşenimizden soň, dürli mesleler boýunça öňe tarap anyk ädimler ädip, geljekdäki has uly öňe gidişliklere şert döretdik.”

Öňki Sowuk urşuň iki bäsdeşleri ýadro ýaraglaryny azaltmak boýunça ylalaşyga geldiler. Obama bu meseläniň gün tertibiniň başyndadygyny aýdypdy.

1991-nji ýylda ýola goýlan we dekabr aýynda möhleti dolýan START şertnamasynyň ýerine geçjek bu ylalaşyk, operasiýa bilen ýerleşdirilen ýadro ýaraglarynyň sanyny 1500-den 1675-e çenli azaltmaga taraplara çagyryş edýär.

Taraplar Owganystandaky NATO güýçlerine ýarag we harby üpjünçiligiň Russiýanyň territoriýasyndan daşalmagy üçin, Kremliň ABŞ-na rugsat bermegini öz içine alýan başga-da ýedi sany ylalaşyga gol çekdiler.

‘Ýörite jogapkärçilik’

Gepleşiklerden kanagatly görünen Medwedew, Obama bilen duşuşygyna “pozitiw, açyk we çynlakaý” diýip baha berdi. Şeýle hem ol Russiýa bilen ABŞ-niň arasyndaky gatnaşyklaryň tutuş dünýa boýunça möhüm ähmiýete eýedigini ençeme gezek gaýtalady. “ ABŞ we Russiýa ýaly güýçli döwletler planetamyzda bolup geçýän wakalar boýunça ýörite jogapkärçilige eýedirler.”

Emma Obama, çuň bölünişkleriň arasynda köpri gurmak boýunça, şol duşuşygyň diňe ilkinji ädimdigini belledi.

Goranyş sistemasy

Gün tertibiniň başynda, Ýewropada ýerleşdirilmegi göz öňüne tutulýan raketa goranyş sistemasy boýunça Russiýanyň aladalary hem bar. “Goranyş sistemasynyň Russiýa gönükdirilmegi boýunça orslaryň howatyrlanmagyna Waşingtonyň täze garaýyşlary boldy” diýip, Medwedew muňa öňe gidişlik hökmünde baha berdi.

Emma Obama, goranyş sistemasynyň Eýran ýa-da Demirgazyk Korea ýaly ýurtlardan geljek raketa howplaryna gönükdiriljekdigi baradaky Waşingtonyň planlaryna ünsi çekmän, Russiýa bilen hyzmatdaşlygyň mümkindigini aýtdy.

Düşünişmezlikler

Obama, Waşington bilen Moskwanyň Gürjüstany hem öz içine alýan käbir meseleleriň üstünde ylalaşmaýandygyny aýtdy. Geçen ýyl ABŞ-niň ýaranyna Russiýanyň çozmagy, gatnaşyklary Sowuk Uruşdan soňky iň pes derejä düşüripdi.

“Biz Gürjüstan babatda açyk diskusiýa etdik we men Gürjüstanyň özbaşdaklygyna we territorial bitewiligine hormat goýulmalydygy baradaky çuňňur ynanjymy beýan etdim” diýip Obama aýtdy.

Şeýle hem, Obama we Medewedew Demirgazyk Koreadaky we Eýrandaky ýadro programmalary boýunça maslahat etdiler. Taraplar bu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça beýanat düzdüler.

Sammitiň ikinji güni

Sişenbe güni Obama, raýat jemgyýetçiligi boýunça konferensiýa gatnaşjak öňki Sowet lideri Mihail Gorbaçew, oppozisiýa liderleri we adam hukuklary boýunça aktiwistler bilen duşuşmazyndan öň, ertirlik naharynda Putin bilen görüşer. Şeýle hem Obama , ABŞ-Russiýa gatnaşykalary boýunça çykyş eder.
XS
SM
MD
LG