Tel: +7 495 739 1818
G. Berdimuhamedow maliýe-ykdysady pudaga gözegçilik edýän wise-premýeri, ykdysadyýet we ösüş, gurluşyk we arhitektura ministrlerini wezipelerinden boşatdy. Birnäçe welaýat häkimleri-de çalşyryldy.
Ýewropa Bileleşiginiň ýaýradan resmi maglumatynda 17-nji iýunda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji tapgyry geçirildi diýlip habar berilýär.
Orsýetiň DIM-niň resmi wekili A.Lukaşewiç “Trans-Hazar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli birtaraplaýyn hereketler hazarýaka regionyň ýurtlarynyň arasyndaky ynama zeper ýetmegine getirer diýdi.
Yssy howada adam başgaça iýmitlenmeli, sebäbi tomusda adamyň bedeninde iýmite bolan talap üýtgeýär diýip, diýetologlar aýdýarlar. Nähili iýmitlenmeli?
2030-njy ýylda dünýäde çilimkeşlikden ýylda 8 million adam ýogalar diýlip, BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) täze hasabatynda aýdylýar.
Ýewropa Parlamentinde 27-nji maýda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça diskussiýa geçirildi. Azatlyk Radiosy maslahatda çykyş edenleriň biri, “Olary diri görkeziň” atly kampaniýanyň ýolbaşçylaryndan Ýuriý Jibladze bilen söhbetdeş boldy.
Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy, Human Rights Watch guramalary we “Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýa Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça tegelek stol diskussiýasyny geçirýärler.
Dünýäde dereksiz ýitenleriň halkara hepdesi bellenilýär. Şu günki gün dünýäde zor bilen ýitirim edilenleriň sanynyň 43 müňden geçýändigi habar berilýär.
Tutuş dünýäde 1.9 milliard adamynyň agramy aşa. 18 yaşdan uly adamlara degişli bu umumy sana semizlik näsaglygyndan ejir çekýänler hem girýärler we olaryň 600 million adam çemesidigi aýdylýar.
Human Rights Watch guramasy Türkmenistanda häkimiýetleriň ýaşaýyş jaýlardan hususy telewizion sputnik antennalary aýyrmak boýunça alyp barýan işlerini tizden-tiz bes etmäge çagyrýar.
Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda goşa raýatlyk barada ylalaşyk 22 ýylyň dowamynda raýatlara dürli mümkinçilikleri döretdi, resmileriň arasynda bolsa ençeme dawaly ýagdaýa sebäp boldy.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Awstriýanyň prezidentini Türkmenistanyň hökümetini adam hukuklaryna hormat goýmaga ündemäge çagyrýarlar.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde häzirki wagtda hususy dermanhanalar ýapyklygyna galýar. Bu ýagdaýyň hususy dermanhanalaryň eýelerinde protest döredendigi habar berilýär.
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy 2015-nji ýyl boýunça hasabatyny çap etdi. 30-njy aprelde çap bolan hasabatda dünýäde din azatlygynyň üpjün edilişiniň ýagdaýyna baha berilýär.
Türkmenistanyň ilkinji telekommunikasiýa hemrasy Ýeriň daşyndaky orbitada ýerleşdirildi. “TürkmenÄlem 52°E” ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan 27-nji aprelde uçuryldy.
Aşgabadyň etegindäki daça ýerleriniň ýumrulmagy bilen bir wagtda Bagbançylyk jemgyýeti hem öz işini tamamlady.
Azatlyk Radiosy Çoganlynyň ýaşaýjylaryna berlen resmi talap hatynyň Türkmenistanyň kanunlaryna näderejede gabat gelýändigi bilen gyzyklanyp, türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhine ýüzlendi.
Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň agzasy Ý.Kopyşew 2002-nji ýyldan bäri türkmen türmesinde dereksiz ýiten Serdar Rahymow barada maglumat bermegi türkmen häkimiýetlerinden sorady.
BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça komekçisi Miroslaw Ýenç Merkezi Aziýada howpsuzlyk meseleleri we “Yslam döwleti” toparynyň döredýän töwekgelçiligi barada gepleşik geçirýär.
Ýene-de ýükle