Tel: +7 495 739 1818
Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde Garaşsyzlyk senesi esasy baýram hökmünde bellenýär, emma bu senäniň resmi derejede we halk arasynda bellenişi hem tapawutlanýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda halkara TW we radio gepleşiklerininiň doly öňüni almak üçin satellit çanak antennalaryny ýok etmek boýunça täze kampaniýa başladylar diýip, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça ösüş merkeziniň beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň resmi websaýty işlemeýär. Bu ýagdaýy Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasynda hem telefon arkaly tassykladylar.
Türkmenistanda bileleşikleri, mitingleri, demonstrasiýalary we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça kanun çap edildi. 28-nji fewralda kabul edilen kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.
Türkmenistanda bileleşikleri, mitingleri, demonstrasiýalary we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça kanun çap edildi. 28-nji fewralda kabul edilen kanun 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girer.
Eýran Türkmenistandan satyn alaýan gazynyň möçberini atdyrmakçy bolýar. Bu barada çarşenbe güni Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistana eden saparynyň dowamynda aýtdy.
Türkmenistanda garaşsyzlyk döwrüniň başyndan bäri ätýaçdaky harby güýçleriň iň uly mobilizasiýasynyň geçirilýändigi barada habar berilýär. Bitarap Türkmenistanyň bu hereketi nämäni aňladýar?
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda Orsýetiň ”Gazprom” kompaniýasy “durnuksyz partýor” diýlip atlandyrylýar we onuň hökümetara we pudagara ylalaşyklary bozýandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň resmi websaýtynda "Gazprom kompaniýasy şertnamalary yzygiderli bozýar" we bu onuň "durnuksyz partnýordygy" barada pikir döredýär diýen mazmunly makala çap edildi.
Şu günler Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde çägäniň gara ýollara süýşmegi netijesinde, ýollara güm üýşýändigi we munuň hem ýol heläkçiligi ýaly wakalaryň ýüze çykmagyna howp abandyrýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek boýunça resmi çäreleriň nobatdaky tapgyry başlandy.
"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň dünýä ýurtlarynda media azatlygyna baha berip, täzelikde ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň dünýäniň iň yzagalak ýurtlarynyň biridigi aýdylýar.
Orsýetde türkmenleriň gatnaşmagynda hereket edýän jemgyýetçilik guramasy “Rus-Turkmen” öýüniň ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinow Azatlyk Radiosyna Aşgabatdaky gepleşiklerden goşa raýatlyk meselesi boýunça takyk netijelere garaşylandygyny aýtdy.
Ženewada türkmen resmilerine Maryda 16-njy oktýabrda prezidenti garşy almak üçin geçirilen köpçülikleýin çärede çagalaryň heläk bolmagy barada sorag berilipdir, türkmen resmileri wakany tassyklapdyr.
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň administrasiýasy dawaly saýlawlardan soň ençeme aýa çeken netijesiz gepleşiklerden soň ýurduň täze hökümet agzalaryny hödürledi.
BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komitetiniň Türkmenistan boýunça maslahatynyň öňüsyrasynda Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly esasy problemalara ünsi çekdiler.
Fransiýanyň polisiýasy Parižiň demirgazyk-gündogaryny gabap, žurnala edilen heläkçilikli hüjümi amala aşyrmakda güman edilýänleriň gizlenip, azyndan bir adamy zamun alandygy çak edilýän ýerleri barlaýar.
Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň türmelerinde oturan we ýanwar aýynda doglan güni bellenilýän syýasy tussaglaryň maşgalalaryna raýdaşlyk bildirýärler.
BMG Türkmenistanyň çagalaryň hukuklary boýunça hasabatyna sereder. BMG-niň Çagalaryň hukuklary boýunça komiteti indiki hepdede Türkmenistanyň çagalaryň hukuklary boýunça hasabatyny diňlär.
Ýene-de ýükle