Ýewropa Parlamentinde 27-nji maýda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça diskussiýa geçirildi. Ýewropa Parlamentiniň iki agzasy Heidi Hautalanyň, Ana Gomesiň we hökümete degişli bolmadyk guramalar bolan ”Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” we HRW guramalarynyň “Olary diri görkeziň” atly kampaniýanyň guramaçylygynda we Ýewropa parlamentiniň resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda Türkmenistandan adam hukuklary bilen bagly kemçilikleri düzetmegi talap etmegiň ýollary barada pikir alşylandygy habar berilýär. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşygy tassyklamak boýunça 1-nji iýunda diňlenişiklere başlamagynyň öňüsyrasynda ýurtda adam hukuklary meselesinde öňegidişlik gazanylmagyny talap etmäge çagyryş edildi. Azatlyk Radiosy maslahatda çykyş edenleriň biri, “Olary diri görkeziň” atly kampaniýanyň ýolbaşçylaryndan Ýuriý Jibladze bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Ýuriý, Ýewropa Parlamentiniň maslahata gatnaşan agzalary Türkmenistanda adam hukuklarynyň häzirki ýagdaýyna näderejede gyzyklanma, aladalanma bildirdiler?
Ýuriý Jibladze: Bu meselede gapma-garşylyk bolmady. Gatnaşanlaryň ählisi Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň örän agyrdygyny, onuň dünýä boýunça iň agyr ýagdaýdaky ýurtlaryň biridigini nygtadylar. Maslahata gatnaşanlaryň köpüsi Türkmenistan bilen partnýorlyk ylalaşygyny tassyklamak meselesine ozalky gezek seredilen döwürden bäri geçen soňky bäş ýylyň içinde ýagdaýyň asla gowulaşmandygyny nygtadylar.
Emma ýurtda haýsy-da bolsa bir pozitiw öňegidişligiň alamatlarynyň bardygyna degişli käbir çapraz pikirler öňe sürüldi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça gullugynyň wekilleri käbir kiçijik özgerişlikleriň görünýändigini we munuň Türkmenistanyň hökümeti bilen gatnaşyklary aktiwleşdirmek üçin umyt döredýändigini aýtdylar. Olar Ýewropa Parlamentiniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyny tassyklamaga çagyrdylar.
Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk barada 17 ýyl mundan öň ylalaşyga gol çeken Türkmenistan ony tassyklatmadyk ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurdy bolup galýar. Şeýlelikde, bir tarapdan, Daşary gatnaşyklar boýunça ýewropa resmileriniň ylalaşygy tassyklamaly we soň adam hukuklary meselesini yzygiderli gozgamaly diýen garaýşy, başga bir tarapdan, ylalaşygy baglaşmazdan öň Türkmenistanyň öňünde şert goýmaly diýip, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we Ýewropa Parlamentiniň ençeme agzasynyň öňe süren pikirleri diskussiýanyň esasy gapma-garşylygy boldy.
Azatlyk Radiosy: Ýuriý, hökümete degişli bolmadyk guramalardan nähili teklipler öňe sürüldi?
Ýuriý Jibladze: Türkmenistanda adam hukuklaryna degişli problemalaryň arasynda esasylaryny saýlamak örän kyn bolsa-da, biz iň agyr meselelerden saýlamak we olary kesgitli şert hökmünde öňe sürmek kararyna geldik. Biz ÝB bilen ylalaşygy tassyklamak işini bir ýyl yza tesdirip, Türkmenistanyň talaplary berjaý etmegi üçin oňa wagt bermegi teklip etdik.
Azatlyk Radiosy: Nähili teklipleri öňe sürdüňiz?
Ýuriý Jibladze: Olar ýedi sany meselä degişli. Birinjisi, türkmen türmelerinde ýitirim bolanlar barada maglumatyň üstüni açmak, olaryň ykbaly barada habar bermek we işlerine gaýtadan seretmek teklibi. Ikinjisi, gynamalar we türmelere halkara synçylaryny goýbermek meselesi. Üçünji, hereket azatlygyny üpjün etmek we raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna gadagançylygy ýatyrmak meselesi. Dördünji, söz we informasiýa azatlygy meselesiniň çäginde sputnik antennalaryň aýrylmagyny we internet saýtlaryň petiklenmegini bes etmek. Ýene bir mesele, adamlary tötänden saklamagy bes etmek. Altynjysy, bileleşikler kanunyndan hökümete degişli bolmadyk guramalaryň hasaba alynmagyna bar bolan çäklendirmeleri ýatyrmak we, ýedinjisi, Türkmenistana halkara synçylarynyň we BMG-niň dokladçylarynyň barmagyna rugsat bermek.
Bize mälim bolşuna görä, häzirki wagtda olardan dokuzysy Türkmenistana çakylyk sorapdyrlar. Biz ilkinji nobatda gynamalara garşy dokladçynyň ýurda goýberilmegini we onuň bilen ýurtda gepleşjek adamlaryň yzarlanmajagyna kepil geçilmegini talap edýäris. Şeýle-de biz türkmen häkimiýetleriniň halkara guramalarynyň Türkmenistana barmagy üçin wiza bermezlik praktikasynyň soňuna çykylmagyny talap edýäris.