Tel: +7 495 739 1818
“Freedom House” guramasynyň täze hasabatynda Türkmenistana berlen baha ozalky ýyllardan tapawutlanmady. Gurama Türkmenistanyň dünýäde iň repressiw döwletleriň biri bolmagynda galýnalygyny belledi.
Türkmen metbugatynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabat-Derýalyk” gaz magistralyndan eksport üçin Orsýete tebigy gazyň akdyrylyp başlananlygy habar berildi. Bu habary ”Gazpormyň” resmi wekili Sergeý Kupriýanow hem Azatlyk Radiosyna telefon arkaly tassyklady
Käbir ekspertler Türkmenistanyň amala aşyrýan energiýa syýasatyna üstünlikli diýip, baha berýärler. Eýsem, ýurduň gaz eksporty boýunça mümkinçilikleriniň giňelmegi halkyň durmuşyna nähili täsir ýetirip biler?
Eýranyň prezidenti öz ýurdunda dowam edýän syýasy dartgynlylyga garamazdan, goňşy Türkmenistana sapar edýär. 6-njy ýanwarda iki ýurduň prezidentleri täze möhüm gaz geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.
Täze ýylyň başyndan Türkmenistanda aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet tarapyndan berilýän maliýe kömekleriniň we stipendiýalaryň möçberi 10% ýokarlandy. Emma hyrhlar hem bir ýerde duranok.
Türkmenistan köpugurly reformalaryň amala aşyrylýanlygyny yglan edýärkä, halkara guramalary ýurtdaky graždan jemgyýetiniň hem ýagdaýyna uly ähmiýet berýärler. Şol bir wagtda-da Türkmenistanda raýat jemgyýetiniň ösüşine tarap zerur ädimleriň häzirlikçe ädilmänligi aýdylýar.
Yslam Ösüş Bankynyň Türkmenistan bilen 1 milliard dollara golaý möçberde kredit ylalaşyklaryny makullanlygy mälim edildi. Makullanan proýektleriň üçüsi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman sebagaty ministrligine we ýurduň medisina senagatyna degişli.
2009-njy ýylyň soňy Türkmenistanyň gaz söwdasyna degişli wakalara baý boldy. Türkmenistan Hytaýa tarap gaz geçirijisini işe girizdi, 2010-njy ýyl üçin Orsýet bilen gaz söwdasyny ylalaşdy we şu günler Eýrana tarap hem täze gaz geçirijisini açmaga taýýarlanýar.
Türkmenistan we Orsyýet energetika we maşyn gurluşygy urgurynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşyga gol goýdular. Taraplar türkmen gazynyň söwdasy barada özara şertnama üýtgetmelere hem goşmaçalara gol çekdiler.
22-nji dekabrda Aşgabatda bolan türkmen-ors gepleşiklerinde gol çekilen dokumentlere görä, geljekki ýylyň başynda özara gaz söwdasy dikeldiler, ýurtlar arasynda energetika we maşyn-gurluşygy pudaklarynda strategik hyzmatdaşlyk giňeldiler.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykanyna üç ýyl geçdi. Resmi maglumatlara görä, Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda ýüregi durup, ýogaldy.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Yukio Hatoýamanyň we Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň arasynda 16-njy dekabrda gepleşikler geçirildi. Şol günüň özünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komissiýasynyň 8-nji maslahaty boldy.
Berdimuhamedowyň Ýaponiýa saparynyň gün tertibinde premýer-ministr Hatoýama we imperator Akihito bilen duşuşyklary, “Komatsu” kompaniýasyna barmagy göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň ýurtlaryň özara hyzmatadaşlygynda täze sahypa açýanlygy aýdyldy.
Türkmen gazyny Hytaýa akdyrjak gaz geçirijisi şu gün işe girizildi. Türkmenistan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubometr gaz akdyrmagy göz öňünde tutýar.
Geçen hepde Aşgabadyň etegindäki “Saglyk ýolunda” köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Köpetdagyň eteginden ugur alýan ýol 2000-nji ýylda S.Nyýazowyň inisiatiwasy bilen gurlupdy.
28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda üsti 10 töweregi mekdep okuwçyly kiçi awtobus Garagum kanalyna gark boldy.
29-nji noýabrda Moskwada bolan gepleşiklerde G.Berdimuhamedow we kärdeşi D.Medwedew ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna “peýdaly” diýip baha berdiler
1-2-nji dekabr günleri Gresiýanyň paýtagty Afinada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrler geňeşiniň maslahaty geçirilýär.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi 23-nji noýabrda adam hukuklary boýunça bäş günlük leksiýalary geçirip başlady.
Ýene-de ýükle