Yslam Ösüş Bankynyň Türkmenistanyň jemi dokuz proýektini makullanlygyny wise-premýer T.Japarow 25-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda aýtdy. Proýektleriň umumy bahasy 950 million dollardan ybarat.
Makullanan proýektleriň üçüsi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman sebagaty ministrligine we ýurduň medisina senagatyna degişli. Demirýol transport ministrligine, awiatransport ulgamyna we “Türkmenhowaýollary” döwlet konsernine degişli poýektler hem bar. Bu barada TDH gullugynyň maglumatynda aýdyldy.
Habar berlişine görä, Yslam Ösüş Bankynyň makullan proýektleriniň arasynda Balkan welaýatynyň administrasiýasy tarapyndan öňe sürlen süýji suwly “Ýaşan” ýatagynyň ösleşdirilmegini dowam etdirmek boýunça proýekt hem bar.
Bereket-Etrek demirýoly üçin 371 million dollar
Hökümet maslahatynda aýdylyşyna görä, ýene bir proýekt Gyzylgaýa-Bereket-Etrek demirýolunyň Bereket-Etrek böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegine degişli.
Proýektiň Yslam Ösüş Bankynyň ýolbaşçylarynyň 22-23-nji dekabrda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen nobatdaky maslahtynda makullananlygy we onuň durmuşa geçirilmegi üçin 371 million 200 müň dollaryň çykaryljagy Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde aýdyldy.
Gyzylgaýa-Bereket -Etrek demirýoly milletara Demirgazyk-Günorta demirýol magistralynyň esasy bölegi bolup durýar.
Halkara maýa goýujylary tarapyndan makullananan proýektleriň arasynda Türkmenistanyň bank sistemasynyň kiçi we orta biznesi maliýeleşdirmek maksatlaryna hem kredit bermek boýunça proýektiň bardygy türkmen metbugatynda habar berildi.
Maliýe goldawynyň ykdysady netijeliligi nämä bagly?
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň özalky ýolbaşçysy, maliýeçi Hudaýberdi Orazow daşary ýurt kreditleriniň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine bähbitli bolmagy üçin ýurda geljek puluň ulanyljak maksatlarynyň takyklaşdyrylmagynyň zerurlygyny belledi.
“Kredit alynsa, hökman rasional hasaplanylmaly, gerek ýerine alynmaly, soň hem proýekti işledip, şol krediti gaýtaryp bermäge mümkinçilik bolmaly. Häzir meniň bilişime görä, Yslam Banky bilen gepleşik geçirilipdir kredit almak boýunça. Ol hem infrastruktura krediti: ýollary gurmak üçin. Gowy proýektler. Şol proýektler gowy durmuşa geçirilip bilinse, dogrudanam, alynýan pullar rasional harçlansa, bu gowy niýet we peýda bermegi mümkin” diýip, H.Orazow aýtdy.
Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa Türkmenistanda maliýe serişdeleriniň özleşdirilmeginiň ýurt resmilerine bagly bolmagyna galýanlygyny bellemek bilen täze proýektleriň netijeliligi we munuň üçin çykaryljak maliýe serişdeleriniň berjek peýdasy korrupsiýanyň derejesine bagly bolar diýip, hasap edýär.
“Meniň pikirimçe, Türkmenistanda çinownikleriň sany onçakly köp däl, ýurda uly mukdarda maliýe serişdeleri bolsa seýrek gelýär. Şeýle ýagdaýda daşary ýurt kreditleriniň ýurtda netijeli ulanyljagyny çak etmek mümkin. Üstesine-de, Türkmenistanyň beýleki postsowet döwletlerinden tapawutly tarapy ýurtda güýçli korrupsiýa bar hem bolsa, uly göwrümli gurluşyklar hem gidýär. Nähili-de bolsa pullar tutuşlygyna çägä siňmän, netije-de berýär” diýip, S.Şermatowa aýtdy.
Daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi artýar
Yslam Ösüş Bankynyň ýerine ýetiriji müdirleri tarapyndan makullanan umumy mukdary 1 milliard dollara golaý kredit boýunça ylalaşyklar daşary ýurt biznes gatlaklarynyň Türkmenistan bilen aragatnaşygy ösdürmeklige gyzyklanýanlygyny görkezýär diýip, G.Berdimuhamedow 25-nji dekabrda bolan hökümet maslahatynda aýtdy.
Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, ýurda maýa goýumlaryny ýatyrmak boýunça şu ýylyň dowamynda gelnen ylalaşyklarda 6 milliard dollardan gowrak sanlar göz öňünde tutulýar.
2009-njy ýylda Türkmenistan bilen ykdysady we inwestisiýalar taýdan hyzmatdaşlyga dünýäniň ösen ýurtlarynyň ençemesi we köp sanly halkara kompaniýalary öz taýýarlygyny mälim edipdi.
Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, daşary ýurt maýa goýumlarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin netijeli bolup, ýurduň ösüşine itergi bermegi üçin ençeme şertler, şol sanda açyklyk üpjün edilmeli.
“Her bir ýurt seresaply bolmaly. Hemmetaraplaýyn dogry hasap geçirilmeli. Çagyrylýan inwestisiýalaryň hemmesi tender esasynda getirilmeli. Ýaryş geçirilmeli. Şeýle-de açyklyk bolmaly. Ine, şeýle ýagdaýda bu ýurt üçin peýdaly bolup biler. Emma Türkmenistanda bolşy ýaly ýapyk ýagdaýda meseleleriň özara çözülmegi dowam etdirilse, daşary ýurtlarda kriminal häsiýetli diýlip tanalýan firmalar çagyrylsa, ýurda zelelden başga zat gelesi ýok” diýip, Hudaýberdi Orazow aýtdy.
TDH gullugynyň maglumatyna görä, 25-nji dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýerlere pudaklaýyn inwestision proýektleriň tehniki-ykdysady esasnamalaryny gysga wagtyň içinde taýýarlamak we kredit puluň berilmegi üçin Yslam Ösüş Bankynyň garamagyna hödürlemek görkezmesi berildi.