Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýlyklar, pensiýalar galýar. Emma nyrhlar näçe?


Täze ýylyň başyndan Türkmenistanda aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet tarapyndan berilýän maliýe kömekleriniň we stipendiýalaryň möçberi 10% ýokarlandy. Emma nyrhlaryň hem ozalky nyrhlar däldigi barada habarlar gelip gowuşýar.

2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozalkysyndan 10% ýokarlanan pensiýalaryň minimal derejesi 121 manatdan ybarat bolar. Doly bolmadyk iş stažy boýunça pensiýalaryň minimal derejesi bolsa 84 manat 70 teňňeden ybarat.

Türkmenistanyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň minimal pensiýasy 435 manat, iň ýokary pensiýasy 580 manat möçberde kesgitlenilipdir. Umumy esasda kesgitlenilen pensiýanyň iň ýokary möçberi bolsa 532 manatdan ybarat.

Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň aýallaryna 242 manat we Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, uruşdan soň ýogalanlaryň aýallaryna 181 ýarym manat möçberinde pensiýa töleniler. Pensiýalaryň we beýleki maliýe komekleriniň möçberini artdyrmak düzgüni enelere çaga dogurmak we çaga idetmek boýunça berilýän töleglere hem degişli.

Şeýlelikde, täze düzgüne görä, birinji we ikinji çagany dogran enä bir gezek 157 manat 30 teňňe berler. Üçünji çagany dogran enä döwlet tarapyndan 302 ýarym manat, dördünji we bäşinji çagasy üçin bolsa 605 manat töleniler. Çaga idetmek üçin yzygiderli töleniljek töleg 78 manat 65 teňňe, sosial töleg bolsa 72 manat 60 teňňe möçberinde kesgitlenildi diýip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

Girdejiler we çykdajylar

Şu günler pensiýalaryň galmagy bilen ýurduň içerki bazarynda harytlaryň bahalarynyň hem ýokarlananlygyny synçylar belleýärler.

Türkmenistanly žurnalist Amanmyrat Bugaýew şeýle diýýär: “Ýanwar aýynyň ikisine pensiýalary galdyrylan adamlar öz pensiýalaryny aldylar. Çagalar üçin berilýän kömek pullary hem galdyryldy. Olary eline alan adamlar hem bar.

Elbetde, her manat bir manat halk üçin, bu gaty gowy täsir edýär halkyň durmuşyna. Emma şonuň bilen birlikde nyrhlar hem üýtgeýär. Onsoň aýlyklar 10% galýan bolsa, bazardaky nyrhlar 15-20% galdyrylýar. Şonlukda pensiýanyň ýokary galdyrylany, kömek pullarynyň köpeldileni kän bir bildirenok”.

Soňky iki ýylyň dowamynda býujet işgärleriniň aýlyklary we pensiýadyr beýleki sosial tölegleri birnäçe gezek galdyrylypdy. Munuň bilen birlikde her gezek nyrhlaryň hem ýokarlananlygyny we netijede adamlaryň ýagdaýnyň ýeňilleşmeýändigini synçylar belleýärler.

Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, adatça, aýlyklaryň we pensiýalaryň galjakdygy ýaňy yglan edilen badyna nyrhlar galyp başlaýar. Şol bir wagtda-da, bu gezek bahalaryň galmagynyň täze ýyl baýramçylygyna bagly bolan bolmagynyň hem ähtimaldygyny žurnalist aradan aýyrmaýar.

“Men edil welaýatlarda nähili derejededigini bilemok, emma paýtagtyň ýaşaýjysy hökmünde aýtsam, paýtagtda eýýäm şol aýlyklar galjak diýlende bahalar eýýäm galdyrylýar. Şu ýyl baýramçylyklara gabat geldi. Baýramçylykda bolsa, adatça, nyrhlar gymmatladylýar. Şondan bäri düşenok bahalar. Indi aýyň 10-na dagy belli bolar bazaryň hakyky nyrhlary” diýip, Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Köpler üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda işsizligiň derejesi barada resmi statistiki maglumatlar ýaýradylmayar. Öz nobatynda garaşsyz bilermenler ýurtdaky işsizlik 50-70% aralygynda diýen çaklamany öňe sürýärler. Umuman, agyr işsizlik şertlerinde pensiýalar we döwlet tarapyndan berilýän maliýe kömegi köp maşgalalar üçin ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýar.

Käbir synçylar işsizlik ýaly agyr kynçylyklary başdan geçirýän beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda döwlet tarapyndan berilýän sosial goldawyň has ýokarydygyny belleýärler.

Şol bir wagtda-da, aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna garamazdan, Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesiniň pesligine galýanlygy hem bellenilýär.

Raýatlaryň durmuş derejesi näme üçin ýokarlanmaýar?

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin ykdysadyýetde döwlet gözegçiliginiň saklanyp galmagynyň ykdysadyýete öz ýaramaz täsirini ýetirýäňdigini aýdýar.

“Ösýan döwletleriň köpüsi we goňşy döwletler bilen deňeşdirilende Türkmenistanda pensiýalaryň we sosial tölegleriň derejesi ýokary. Emma ýurtda öňden saklanyp galan planlaşadyrylýan hem dolandyrylýan ykdysadyýetde aýlyklar gözegçilik astynda kesgitlenilýär. Şeýle ykdysadyýetiň täsirleri nyrhlaryň galmagynda hem duýulýar. Emma Türkmenistanda bazar ykdysadyýeti yglan edilen hem bolsa, muňa doly derejede ýol berilmeýär. Döwlet önümleriň hiline gözegçilik etmeli, emma nyrhlara däl” diýip, Tuhbatullin belledi.

Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, ilatyň durmuş derejesiniň iş ýüzünde ýokarlanyp başlamagy üçin Türkmenistanda adamlaryň girdejileriniň olaryň çykdajylaryna näderejede laýyk gelýänligi öwrenilmeli.

Her bir adamyň minimal güzerany üçin zerur bolan harytlaryň möçberi we adamlaryň sarp edijilik ukyby diýen düşünjäniň hem Türkmenistanda şu çaka çenli ulanylmaýandygyny synçylar belleýärler.
XS
SM
MD
LG