ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň goldamagynda geçirilýän leksiýalaryň ynsan hukuklary boýunça halkara kanunlarynyň ulgamyna, düýp esaslaryna we dokumentlerine, şeýle-de ynsan hukuklaryny goramak boýunça umumy regional we milli mehanizmlerine gönükdirilýänligi, ÝHHG-niň resmi maglumatynda bellenildi.
Türkmenistanda Halkara gatnaşyklar Insituty bilen bilelikde geçirilýän leksaiýalaryň maksady barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň wekili Anne Soutula Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Bu leksiýalaryň maksady institutyň studentleriniň ynsan hukuklary boýunça halkara standartlary barada bilimini ardyrmakdan ybarat. Geljekde Türkmenistanyň diplomatlary, Daşary işler ministrliginiň hem daşarky syýasat bilen bagly edaralaryň işgärleri boljak, şeýle-de halkara guramalary bilen işleşjek ýaşlaryň bu ugurdan düşünjeli bolmagy ähmiýetli”.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezinde Azatlyk Radiosyna aýdylyşyna görä, türkmen tarapy bilen bilelikde geçirilýän şeýle çäreleri dowam etdirmek planlaşdyrylýar.
Aşgabatda soňky döwürde Halkara guramalary, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan adam hukuklary, halkara kanunlar we bilim ugrundaky dürli programmalar boýunça leksiýalar hem seminardyr-forumlar ýygy-ýygydan geçirilýär.
ÝHHG-niň Türkmensitanyň milli edaralary bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň köpüsi, kanun sistemasyny mundan beýläk-de özgertmek, ýurtda ynsan hukuklarynyň berjaý edilmegini gowulandyrmak ýaly meseleleriň ähmiýetine ýurduň milli edaralarynyň göz ýetirmegine gönükdirilýär, diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Arsim Zekollininiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň soraglaryna hat arkaly beren jogaplarynda aýdyldy.
Maglumatda bellenişine görä, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň türkmen häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlygy örän umytlandyryjy, Türkmenistanyň ÝHHG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýarlygy hasaba alnyp, munuň Türkmenistanyň raýatlarynyň bähbidi üçin peýdaly boljagyna garaşylýar.
"Döwlet işgärleri bilen geçirip, çäklenmeli däl"
Zurnalist Aşyrguly Baýryýew, soňky döwürde Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri üçin Aşgabatda ýygy-ýygydan geçirilýän halkara çäreleriniň örän ýokary professional derejede geçirilip, türkmen wekilleri üçin olaryň öz işlerini halkara kadalaryna laýyk kämilleşdirmek üçin teoriýa taýdan peýdaly bolýanlygyny belledi. Emma şeýle çäreleriň jemgyýetiň has giň gatlaklary üçin geçirilmegine ýurtda zerurlygyň barygyny žurnalist belledi.
“Gynansak-da şol çärelere ilat kopçüligi, ýagny jemgyýetçiligiň, onda-da hökümete garaşly bolmadyk jemgyýetçilik wekilleri gatnaşanok. Şol halkara guramalar döwlet organlarynyň, häkimiýet organlarynyň wekilleri bilen iş salşyp, çäklenmän, ilatyň hukuk düşünjesini, hukuk terbiýesini amala aşyrmakda ýardam berseler bähbitli bolardy” diýip, A.Baýryýew aýtdy.
Öz nobatynda ynsan hukuklaryny gorýajylar Türkmenistanyň milli kanun sistemasyny kämilleşdirmek islegini yglan etmegine garamazdan, raýatlaryň kanuny hak-hukuklaryny beýjaý etmek ugrunda iş ýüzünde çäre görmeýänligine ünsi çekýärler.
Zurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikirine görä, halkara guramalarynyň türkmen tarapy bilen bilelikde geçirýän çäreleri ýurtda raýat jemgyýetçiliginiň ösüşi üçin zerur şertleriň döremegine ýeterlik däl: “Ýöne halkara guramalarynyň geçirýän şeýle okuwlary ýurtda demokratiýanyň berkarar bolmagyna täsir ýetirer, şonda aýgytly bir çözüji ýol oýnar diýmek kyn, sebäbi bu meselede köp zat ýerli häkimiýetlere, ýolbaşçylaryň syýasy erkine bagly. Eger-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynda aýdylyşy ýaly, halkara hukuk normalary türkmen milli kanunlaryndan ileri tutulsa, onda, elbetde, demokratiýa ýol alar” diýip, A.Baýryýew aýtdy.
ÝHHG-niň resmi maglumatyna görä, Türkmenistanyň Daşary gatnaşyklar institutyna berýän goldawynyň çäginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi institutynyň kitaphanasyna mugallymlar we studentler üçin ynsan hukuklary hem halkara kanunlar boýunça çap görnüşindäki giň göwrümli maglumatlary gowşurdy.

Halkara guramalary bilen işleşjek ýaşlaryň adam hukuklary babatda düşünjeli bolmagy ähmiýetli.

Gynansak-da şol çärelere hökümete garaşly bolmadyk jemgyýetçilik wekilleri gatnaşanok.