Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezidentiň wezipesi Mejlisiň başlygy tarapyndan ýerine ýetirilip, iki aýyň dowamynda täze prezident saýlawlary geçirilmelidi. Emma Öwezgeldi Ataýew derrew türmä salyndy. Howpsuzlyk geňeşi ýurduň Saglygy saklaýyş ministri G.Berdimuhamedowy prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde ykrar etdi.
S.Nyýazowyň aradan çykmagy bilen Türkmenistanda häkimiýet başyna gelen täze ýolbaşçylaryň golastyndaky döwür özgerişlikleriň we reformalaryň yglan edilmegi bilen tapawutlandy. Täze ýolbaşçylyk tarapyndan, hususan-da, ýurduň daşary syýasatyna, energiýa strategiýasyna, kanunlara, bilim we ylym ugurlaryna degişli reformalaryň zerurlygy nygtaldy.
GDA Institutynyň Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Andreý Grozin Türkmenistandaky özgerişliklere şeýle baha berdi: “Ýurtda köne mirasdan has kadaly jemgyýete tarap käbir ädimler ädildi. Olar orta we ýokary bilim prosesine degişli boldy. Internet elýeterliligine tarap hereket edildi. Kadrlar syýasatynda üýtgeşiklikler göze ilýär. Manadyň denominasiýasyndan ybarat maliýe reformasy hem amala aşyryldy. Şeýlelikde täze prezidentiň ady bilen baglanyşdyrylýan pozitiw tendensiýalara esaslanylyp, “Galkynyş eýýamy” yglan edildi”.
Dörän mümkinçilikler
Türkmenistanyň parlamentiniň öňki deputaty, oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow Türkmenistanda häkimiýet çalşansoň özgerişliklere dörän mümkinçilikler häkimiýetler tarapyndan ulanylmady diýip, hasap edýär.
“Indi üç ýyl bäri Niýazow ýok. Diýmek G.Berdimuhamedowyň halka beren wadalaryny amala aşyrmagy üçin hem hiç hili päsgelçilik ýok. Ýöne faktlar düýpgöter başga zatlary, ýagny diktatoryň ölenine garamazdan, prezident G.Berdimuhamedowyň dünýäsini täzelän diktatoryň ýoluny we iş stilini gyşarnyksyz dowam etdirip gelýänligini subut edýär” diýip H.Söýünow aýdýar.
Onuň aýtmagyna görä, şu güne çenli Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwrüne we onuň eden jenaýatçylykly hereketlerine syýasy we ýuridiki taýdan baha berilenok. “Iň esasy-da ýurtda demokratik özgerişlikleri üpjün etmäge iňňän zerur bolan guralyň, syýasy reformanyň golaýyna-da barylanok”.
Oppozisiýa wekiliniň sözlerine görä, graždanlaryň syýasy hukuklary Nyýazow döwründe basgylanyp gelindi we Berdimuhamedowyň döwründe-de üpjün edilenok.
Türkmenistanda raýatlaryň ynsan hukuklarynyň berjaý edilmeýänligini, metbugatyň döwletiň gozegçiliginde galýanlygyny, garaşsyz halkara gurmalarynyň ýurda barmagyna rugsat berilmeýänligini, köp partiýalylygyň we oppozision hereketleriň gadagan edilýänligini, başga pikirdäki adamlaryň basyşlara sezewar edilmeginiň dowam etdirilýänligini ynsan hukuklaryny goraýjylar aýdyp gelýärler.
Şeýle-de Türkmenistan daşary syýasatyny aktiwleşdirip, bilim ugrunda reformalary yglan edýärkä, öz raýatlarynyň ýurtdan çykmagyna we daşary ýurtlarda okamagyna çäklendirmeleri ýöredýänligini belleýärler.
“Jemgyýetde özüne mynasyp orun tutan eser”
Käbir synçylar Türkmenistanda öňki prezident S.Nyýazowyň “Ruhnama” eseriniň rolunyň güýçlüligine galýanlygyny bellemek bilen muňa ýurtda syýasy ideologiýanyň üýtgemänliginiň alamaty hökmünde garaýarlar. “Ruhnama” güni döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklaryň biri bolmagynda galýar.
2008-nji ýylda ýurtda “Ruhnama” kitabynyň 7-nji ýyl dönümi dabaraly ýagdaýda bellenliip geçilipdi. Şonda G.Berdimuhamedow Ruhnamany türkmen jemgyýetinde özüne mynasyp orun tutan eser diýip, atlandyrypdy.
“Ruhnamanyň” ýurduň okuw jaýlarynda öwredilmegi-de dowam etdirilýär. Hatda käbir daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin şu ýyl türkmen ýaşlary “Ruhnamadan” ekzamen bermeli edildiler.
Hususan-da, Tatarystanyň Kazan Döwlet Uniwersitetiniň medeniýet we sungat fakultetine we Kazan şäheriniň Ziganow adyndaky Döwlet konserwatoriýasyna 2009-2010-njy ýyllar üçin giriş ekzamenlerinde ýaşlar öz saýlan ugry, Türkmenistanyň taryhy we “Ruhnama” boýunça synagdan geçmeli boldular. Ekzamenler Aşgabatda geçirildi. Bu barada “Türkmenistan.ru” internet gazetiniň maglumatynda aýdylypdy.
Ýakynda prezident G.Berdimuhamedow “Ruhnamanyň” ýaşlary terbiýelemekde ulanylmalydygyny aýtdy. Orsýet we Günbatar habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde G.Berdimuhamedowyň şol çykyşyndan sitata getirildi.
15-nji dekabrda bolan şol hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti bilim, ylym, saglygy saklaýyş, syýahatçyk we sport meselelerine gözegçilik edýän wise-premýer Hydyr Saparlyýewe özgerdiş programmalaryna degişli meseleleri berk gözegçilik astynda saklamagy tabşyrdy we bu işde “Ruhnamanyň” ähmiýetini nygtap, kitapdaky beýik ruhy ahlak gymmatlyklaryň türkmen milletiniň häsiýetine bap gelýänligini we muňa ýaş nesilleriň hem eýermelidigini belledi.
“Ata arzuwyny amala aşyran agtyk”
Şol bir wagtda-da postnyýazow döwründe “Ruhnamanyň” rolunyň öňküsine garanda gowşanlygyny synçylar belleýärler. Emma munuň täze ýolbaşçylaryň köne ideologiýadan el çekenligini aňlatman, ideologiýanyň merkezinde duran şahsyýetiň çalşyrylanlygyny görkezýänligini belleýärler.
Soňky üç ýylyň dowamynda ençeme döwlet sylaglaryna we hormatly atlara eýe bolan G.Berdimuhamedowyň soňky döwürde birnäçe eserleri-de çap boldy.
Ýakyn günlerde G.Berdimuhamedowyň ömrüne we edýän işlerine bagyşlanan kitap çap edildi. “Ata arzuwyny amala aşyran agtyk” atly bu kitap 13-nji dekabrda Mejlisde maslahat edildi.
Kitabyň çap edilmeginiň Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan wakadygyny türkmen metbugaty nygtady.
Daşary syýasy we energiýa aktiwliginiň netijeleri
Halkara synçylarynyň bellemegine görä, Nyýazowdan soňky döwrüň dowamynda Turkmenistana degişli esasy üýtgeşiklikler ýurduň daşary syýasatyna we energiýa strategiýasyna degişli boldy.
Türkmenistan öz tebigy serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça köpugurly energiýa strategeýasyny yglan etdi we ykdysady hyzmatdaşlyga taýýarlyk bildirip, ýurda daşary ýurt maýa goýujylaryny çagyrdy. Daşary syýasy dialogyny güýçlendirdi.
“Üýtgeşiklikler prezidentiň daşary ýurtlara has köp syýahat edýänligine degişli boldy. G.Berdimuhamedow Ýewropa, Orsýete, Hytaýa, ABŞ-a, Ýakyn we Orta Gündogara ýurduň tebigy baýlyklaryny wada berýär. Gyzyklanma bildiren islendik tarap bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny yglan edýär. Emma aktiw daşary we energiýa syýasatynyň netijelerine baha berlende, diňe ýakyn günlerde açylan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi barada aýdyp bolar” diýip, GDA Institutyndan A.Grozin aýtdy.
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça Hytaý tarapy bilen 2006-njy ýylyň aprel aýynda baglaşylan ylalaşyga Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow tarapyndan gol çekilipdi.