Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ylalaşygyň tankydy dowam edýär


"UNANI" diýip atlandyrylýan Ýadroly Eýrana garşy bileleşik tarapyndan milli telewideniýede goýberilen gysgaça wideoda gepleşiklerde Amerikanyň Eýrana eden eglişikleriniň "hetdenaşadygy" aýdylyp, "Amerika mundan beter eglişige töwekgellik" edip bilmez diýilýär.
"UNANI" diýip atlandyrylýan Ýadroly Eýrana garşy bileleşik tarapyndan milli telewideniýede goýberilen gysgaça wideoda gepleşiklerde Amerikanyň Eýrana eden eglişikleriniň "hetdenaşadygy" aýdylyp, "Amerika mundan beter eglişige töwekgellik" edip bilmez diýilýär.

Amerikanyň "The New York Times" gazetinde uly harplar bilen ýerleşdirilen sözbaşyda "Biz Eýrana ynam edip bilmeris" diýilýär.

Eýran bilen barýan ýadro gepleşikleriniň belli bir netije bilen jemlenmegi üçin 30-njy iýun diýip bellenen möhletden ýekeje gün öň ýerleşdirilen bu bildiriş Birleşen Ştatlarda köp adamlaryň gepleşikleriň gidişinden närazydygyny görkezýär.

Bu bildirişi ýerleşdiren iki partiýanyň agzalaryndan durýan Amerikan howpsuzlyk inisiatiwasy gaharyny tamamlanyp gelýän ylalaşygyň bolaýmagy ähtimal aýratynlyklaryna gönükdirip, Waşingtonyň Tährana aşa köp eglişik edendigini öňe sürýär.

Birleşen Ştatlaryň öňki senatorynyň ençemesiniň ýolbaşçylygyndaky bu inisiatiwa Amerika Eýranda ýadro işleri alnyp barylýan ýerleri "hiç bir şertsiz" barlamagy öz içine almaýan ylalaşyk gepleşiklerinden gaça durmaly diýen delili getirýär.

"Eýran bilen gelnen her bir ylalaşyk Eýranyň harby we harby däl desgalaryny, haçan we nirede hem bolsa, baryp barlamagy öz içine almaly. Inspektorlary yzyna gaýtarma mümkinçiligi bolmaly däl" diýip, bildirişde bellenýär.

“Hetdenaşa”

"UNANI" diýip atlandyrylýan Ýadroly Eýrana garşy bileleşik tarapyndan milli telewideniýede goýberilen gysgaça wideoda gepleşiklerde Amerikanyň Eýrana eden eglişikleriniň "hetdenaşadygy" aýdylyp, "Amerika mundan beter eglişige töwekgellik" edip bilmez diýilýär.

UNANI-niň ýerine ýetiriji müdiri Mark Wallasiň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, möhüm ýadro meselelerinde Eýrana "mundan artyk eglişik edilmeginiň betbagtçylykly ýaramaz ylalaşyga getirmegi mümkin”.

Şular ýaly aladalar soňky günlerde Amerikanyň kanun çykaryjylary we administrasiýanyň öňki kömekçileri tarapyndan hem beýan edildi.

29-njy iýunda Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Ed Roýs gepleşikleriň möhletinden aňry uzaldylmagy diňe Eýranyň ýadro programmasyna "ulurak çäklendirmäni" üpjün edip, Birleşen Ştatlardan "artyk eglişik" bolmadyk halatynda edeniňe degýän zat diýdi.

Gyzyl çyzyk

Öten hepde Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Bob Kroker "ýadro gepleşikleriniň barýan ugry" we "gyzyl çyzykdan" çykma mümkinçiligi barada alada bildirdi.

Prezident Barak Obamanyň öňki geňeşçileriniň birnäçesi hem öten hepde prezidente hat ýazyp, Eýran bilen alnyp barylýan gepleşikleriň administrasiýanyň "gowy" ylalaşyk baradaky ölçeglerine deň gelmezligi mümkindir diýip, duýduryş berdiler.

Hatda, aýdylyşyna görä, Eýranyň kämilleşdirilen sentrifugalar barada synag geçirmegine berk çäklendirme girizmek üçin Birleşen Ştatlar Tährana basyş etmeli.

Agzalýan hatda şeýle hem sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegi Eýranyň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirişi esasynda bolmaly diýilýär.

Amerikan resmileri bolsa Eýran bilen barýan ýadro gepleşiklerinde özleriniň aşa köp eglişik edendikleri baradaky çaklamalary ret edýärler.

Wenada gepleşiklere gatnaşýan bir amerikan resmisi edilýän tankytlary29-njy iýunda "manysyz" diýip ret edip, habar agentligi Reuterse "Biz yza tesjek bolsak, men eýýäm öýde bolup, hakykatdan bir hoşal adam bolardym. Bu işi etjek bolsak, mundan has öň ederdik" diýipdir.

XS
SM
MD
LG