Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran YYDL-e garşy göreşmekde Yraga nähili kömek edip biler?


Harby eşigindäki adamlar.
Harby eşigindäki adamlar.

Maglumatlara görä, Eýran öz ýarany Yragyň premýer-ministri Nuri al-Malikiniň hökümetiniň “Yrak yslam döwleti we Lewant” (YYDL) atly topara garşy söweşine ýardam bermek üçin öz birnäçe uruş uçaryny Bagdatda ýerleşdiripdir. Analitikler Eýranyň Yraga edýän kuwwatly harby ýardamynyň şaýy söweşiji toparlaryny türgenleşdirmek we mobilizlemek ýaly çäreleri hem öz içine alyp biljekdigini aýdýarlar.

Synçylar Yragyň premýer-ministri Nuri al-Malikiniň hökümetiniň “Yrak yslam döwleti we Lewant” (YYDL) atly toparyň söweşijilerine garşy göreşine Eýran öz kuwwatly ”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusy arkaly degerli ýardamy hödürläp biler diýýärler. Olaryň sözlerine görä, Eýranyň bu gwardiýasy soňky on ýylyň dowamynda Yrakda işjeň hereket edip gelýär.

Eýran näme hödürläp biler?

Deňiz analizleri boýunça kommersiadan daşgary merkeziň Ýakyn Gündogar boýunça analitigi Afşon Ostowar Eýranyň Yraga berjek harby ýardamynyň birnäçe ugurlar boýunça bolup biljekdigine ynanýar. Ostowar olaryň arasynda Yragyň harbylaryna maslahat bermek, türgenleşdirmek, planlaşdyrmak we koordinirlemek; maglumat we aňtaw; we harby serişdeler bilen üpjün etmek ýaly ugurlaryň bardygyny belleýär.

Ol: “Häzirki wagtda gürrüňi gidýän territoriýalara Eýran nähili ýardam etse-de, ol ýardam çäkli bolar we göze ilerlikli bolmaz diýip çaklaýaryn” diýdi.

Eýranyň ýuwaşlyk bilen çemeleşmegi

Ženewada ýerleşýän barlagçy Farzan Sabetiň sözlerine görä, metbugatda çykýan ynamdar maglumatlara garamazdan, Eýran Yragyň içki işlerine özüniň harby taýdan gatyşmasyny inkär etjege meňzeýär.

Sabet Eýranyň “bu sebite ýuwaşlyk bilen çemeleşmegi” diýlip atlandyrylýan çärä ýykgyn edýändigi ýurtda 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan bäri birnäçe wakalarda tassyk boldy diýýär.

“Bu çäreler kiçi we ätiýaçly ýörite operasiýalara we aňtaw birleşiklerine bil baglaýar. Olar öz maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin türgenleşdiriji we maslahatçy hökmünde hereket edýärler we derwaýys maglumatlary ýygnaýarlar” diýip, Sabet Eýranyň Yragyň içki işlerine harby taýdan güýçli goşulyşmagy barada 30-njy iýunda ýazan bölekleýin synynda belledi.

“Kuds güýçleri”

Maglumatlarda Eýranyň al-Malikä kömek etmek üçin yslam respublikasynyň ”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň ýörite “Kuds güýçlerini” eýýäm Bagdada ugradandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde Eýranyň resmileri bolsa bu maglumatlary inkär edip, Yrak haýyş etse, yslam respublikasynyň Bagdada öz armiýasyny ugratmaga taýýardygyny aýdýarlar.

Ostowaryň sözlerine görä, “Kuds güýçleri” toparynyň we Eýranyň ”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň düzümindäki beýleki ýörite bileleşikler uly däl we olar ýüzlerçe adamdan ybarat diýlip hasaplanýar.

Ol “Kuds güýçleriniň” Yrakdaky rolunyň Siriýada oýnan roluna meňzeş boljakdygyna ynanýar. Şol döwürde gürrüňi gidýän güýçler türgenleşikler we beýleki harby çäreler arkaly Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň häkimiýetde galmagyna kömek edipdiler.

“Kuds güýçleriniň” Yragyň harby goşunlaryna esasan iki ugur boýunça kömek edýän bolmagy ähtimal. Olaryň birinjisi syýasy derejede bolup, ol şaýy söweşijileri bilen birlikde al-Malikä goldaw ýygnamaga we YYDL-e garşy söweşlerde oňa ýardam bermegi öz içine alýandyr; we ikinjisi gury ýer güýçleri derejesinde bolup, bu tertipsiz şaýy güýçlerini türgenleşdirmegi, guramalaşdyrmagy we koordinirlemegi öz içine alýandyr” diýip, Afşon Ostowar belleýär.

Şaýy harbylarynyň gatnaşmagy

Günorta Floridadaky uniwersitetiň Strategik we diplomatik barlaglar merkeziniň ýerine ýetiriji müdiri Mohsen Milani soňky birnäçe ýyl bäri hereketsiz ýagdaýda bolan şaýy harbylaryny Eýranyň mobilizlemäge, ýagny harby ýagdaýa geçirmäge synanyşjakdygyna ynanýar.

“Eýran, gürrüňsiz, mundan öň eýran güýçleri tarapyndan türgenleşdirilen ”Badr Brigade” bileleşigini (bu toparyň agzalarynyň aglabasynyň Eýranyň milli howpsuzlyk güýçlerine goşulandygyna garamazdan), gaýtadan toparlamaga we ýaraglandyrmaga çalyşar. Şeýle-de, onuň şaýy söweşijileriniň ruhanysy Muktada al-Sadryň kuwwatly “Mahdi armiýasynyň” söweşlere goşulmagy üçin has dawaly ädimler ätmegi ähtimal” diýip, Milani 22-nji iýunda “Foreignaffairs.com” websahypasynda ýazan synynda belleýär.

Şeýle-de Milani “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topara garşy göreşmeklerini gazanmak üçin Eýranyň Yrakdaky kiçi şaýy pitneçi toparlara üns berjekdigini sözüniň üstüne goşýar.

“Eýran, diňe Yragyň şaýy milisiýalary hyzmatdaşlyk etmäge razy bolan halatynda, sünni söweşijilerini ýeňip boljakdygyna ynanýar” diýip, Milani öz synynda belleýär.

Ostowar bolsa, “Kuds güýçleri” YYDL-e garşy söweşde şaýy söweşiji toparlarynyň roluny koordinirlejege we olara täze söweşijileri taýýarlamaga kömek etjege meňzeýär diýip aýdýar.

“Geçmişde ”Kuds güýçleriniň” komandirleri şaýy söweşiji toparlary bilen ýakyndan işleşipdiler we olaryň Siriýa goşulyşmagyny guramalaşdyrmaga ýardam beripdiler. Şeýlelikde Yrakdaky islendik tagallalar öňküsi ýaly bu gatnaşyklaryň ewolýuasiýasy bolar” diýip, Ostowar aýdýar.

Harby serişdeler

Strategik barlaglar boýunça halkara institutyň 2-nji iýulda beren maglumatyna görä, Yragyň ýolbaşçylary tarapyndan ýaýradylan wideoýazgynyň seljerilmegi esasynda, ýazgylar Eýranyň Yragy “Suhoý” kysymly uruş uçarlary bilen üpjün edendigini görkezýär. Maglumatda uçarlaryň Eýran güýçleriniň piloty tarapyndan üpjün edilip-edilmejekdigi barada heniz takyk maglumatyň ýokdugy bellenilýär.

Ostowar gürrüňi gidýän bu uruş uçarlarynyň Eýranyň ”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň howa flotunyň bir bölegidigini bellemegiň wajypdygyny aýtdy.
“Men Eýranyň ”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň olary [uçarlary] ýöne ýerden berjekdigine ynanmaýaryn. Şeýle-de bu uçarlarda Eýranyň ”Rewolýusiýa gwardiýasy” korpusynyň pilotlary azyndan maslahatçy we türgenleşdirijiler hökmünde hereket etmeseler, men muňa geň galaryn” diýip, Ostowar Azatlyk Radiosyna email arkaly ugradan hatynda belleýär.

YYDL-e göni garşylyk görkezmek

Analitikler häzirlikçe Eýranyň harby güýçleriniň Yrakda YYDL-e garşy söweşlere gönüden-göni goşuljakdygyna ynanmaýarlar.

Ostowar YYDL-iň söweşijileri şaýy musulmanlarynyň esasy mukaddes ýerlerine ýa-da Eýranyň serhedine aralaşmagy başaran halatynda Eýranyň häzirki hasaplamalarynyň üýtgemeginiň mümkindigini aýdýar.

“Eger ikinji agzap geçen hadysamyz durmuşa geçse, serhet we milli howpsuzlyk meseleleri diýip, Eýran güýçleri gönüden-göni YYDL-e garşylyk görkezjege meňzeýär” diýip, Ostowan öz pikirini mälim edýär.

Sabet hem YYDL güýçleri tarapyndan Eýranyň serhediniň böwsülmeginiň ýa-da şaýy musulmanlarynyň mukaddes ýerlerine, ýogsa-da Bagdada howp salynmagynyň Eýranyň harby operasiýalara aç-açan gatnaşmagyna itergi berip biljekdigine ynanýar.

Birleşen Ştatlar bilen harby hyzmatdaşlyk edilip bilnermi?

Ostowaryň sözlerine görä, Yrakda Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda gönüden-göni harby koordinasiýanyň ýa-da hyzmatdaşlygyň boljagy şübheli.
“Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň missiýalarynyň maslahatçy we türgenleşdiriji işleriniň dowamynda haýsy-da bolsa bir pursatda birleşmegi hem mümkin. Muňa garamazdan, ne Birleşen Ştatlar, ne-de Eýranyň “Kuds güýçleri” bir-birleri bilen işlemek isleýärler” diýip, Ostowar belleýär.

Birleşen Ştatlaryň resmileri Eýran bilen harby hyzmatdaşlyk etmek barada karar kabul etdiler.

Geçen aý Eýranyň parlamentiniň Milli howpsuzlyk we daşary syýasat boýunça komissiýasynyň metbugat wekili Hossein Nakawi Hosseini (Hossein Naqavi Hosseini) Eýranyň hiç haçan Birleşen Ştatlaryň ýanynda durmajakdygyny aýtdy.

Eýran metbugaty: “Amerika Eýranyň eli bilen Yrakdaky syýasy maksatlaryna ýetmek isleýär. Şol sebäpden Eýran hiç haçan Birleşen Ştatlaryň ýanynda durmaz” diýip, Hosseinä salgylanyp, 24-nji iýunda habar berdi.

XS
SM
MD
LG