Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýrana nähili çemeleşmeli?


Prezident Barak Obama Kongresiň Eýran bilen gatnaşyklar baradaky diňlenişiginde, 2011 ý.
Prezident Barak Obama Kongresiň Eýran bilen gatnaşyklar baradaky diňlenişiginde, 2011 ý.
Eýranda Hassan Rohani prezident saýlananyndan soň, Birleşen Ştatlaryň kanun çykaryjylarynyň käbiri Barak Obamany mümkinçilikden peýdalanyp, Tähranyň dawaly ýadro programmasynyň çözgüdi baradaky gepleşikleri gaýtadan gozgamaga çagyrýar. Emma Kongresiň başga agzalary Yslam respublikasyna has köp basyş edilmegini isleýär.

Aram ruhany Hassan Rohaniniň Eýranyň prezidentligine saýlanmagy ABŞ üçin Tähranyň dawaly ýadro programmasy babatdaky gapma-garşylygy aradan aýyrmaga gönükdirilen diplomatiki tagallalary güýçlendirmek üçin bir pursatmy ýa-da täze režime basyşy artdyrmak mümkinçiligi?

Rohani 14-nji iýunda prezident saýlanandan soň, Kongres agzalary bu barada dürli pikirleri orta atýarlar.

Basyşy güýçlendirmeli

Geçen hepde Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komiteti Ak tamy Eýranyň ýadro programmasyny sökmegi baradaky basyşyny güýçlendirmäge çagyrdy.

Olar prezident Barak Obama ýazan hatlarynda saýlawyň netijelerinden bu ýurduň öz ýadro ýaragly bolmak niýetinden el çekjegini aňladýan hiç bir alamat görünmedi diýdiler.

“Saýlanan prezident Rohani ýadro gepleşikçisi bolup işleýän wagty bu ýurduň bikanun ýadro programmasy gowy ýola düşüpdi we ol saýlawdan soňky ilkinji metbugat ýygnagynda özüniň Eýranyň ýadro ambisiýasyny goldaýandygyny görkezdi” diýip, kanun çykaryjylar onuň ýadro syýasaty babatda hiç bir aramlygyň görünmeýändigini öňe sürdiler.

Bu hata gol çekenleriň arasynda Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komissiýasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika bölüminiň ýolbaşçysy Ileana Ros-Lehtinen (respublikan-Florida) hem bar.

Ol 18-nji iýunda geçirilen diňlenişikde Eýranyň öz ýadro programmasyny ilerletmek bilen, Rohaniniň saýlanmagyny sanksiýalary gowşatmak üçin ulanmaga çalyşjagyny aýtdy:

“[Ýokary ruhy lider aýatolla] Hameneýi ýene bir gezek günbatar bilen oýun edýär. Rohani onuň üçin Birleşen Ştatlary we halkara jemgyýetçiligini sanksiýalary gowşatmaga yrmagyň ajaýyp bir mümkinçiligi bolur durýar, ol Rohanini jemgyýetçiligiň gözüne çöp atmak üçin ulanjak bolýar.”

Gepleşigiň tarapdarlary

Emma muňa garamazdan, Kongresdäki hemme kanun çykaryjy beýle pikir etmeýär.

Kongres agzalarynyň birnäçesi aram platformada bäsleşige çykan Rohanä ABŞ-Eýran gatnaşyklaryny dikeltmegiň we ylalaşylan ýadro şertnamasyny baglaşmagyň mümkinçiligi hökmünde garaýar.

Obama adminstrasiýasy Eýran babatda indi bäşinji ýyl iki ugur syýasatyna: diplomatiýa we sanksiýalara eýerip gelýär. Ýöne bu ýurda ysgyndan salyjy ykdysady sanksiýalaryň girizilendigine garamazdan, Tährany özüniň ýadro işjeňliklerini has açyklaşdyrmaga yrmak başartmady.

Eýran özüniň ýaşyrynlykda ýadro ýaraglaryny edinjek bolýanlygy baradaky aýyplamalary ret edýär.

Obama golaýda iberilen başga bir hatda, Çarles Dent (respublikan-Pensilwania) we Daýwid Praýc (demokrat-Demirgazyk Karolina) täze prezident saýlanan wagty suwy barlap görmezligiň, ýagny synanyşyp galmazlygyň ýalňyş boljagyny aýtdy.

Bu iki kanun çykaryjy Obamany ýadro gepleşiklerini janlandyrmak üçin mümkin bolan ähli diplomatiki usuly ulanmaga, ýöne Rohanini bikanun bir hala salmak ýaly görünjek hereketden ägä bolmaga çagyrdy.

"Mümkinçilik kepillik däl"

Wekiller öýüniň agzasy, bu çagyryşy goldaýan Keýt Ellison (demokrat -Minnesota) hem Azatlyk Radiosyna Rohaniniň saýlanmagynyň ABŞ-a Tähran bilen gatnaşyklaryny gaýtadan gurmak mümkinçiligini berip biljegini aýtdy:

“Bu bir kepillik däl, kepillik we mümkinçilik başga-başga zatlar. Emma men eger ol ýerde Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen täze gatnaşyklary gurmagyna getirjek sähel mümkinçilik hem bolsa, ony ulanmaly diýip pikir edýärin. Bularyň ikisem uly we güýçli ýurt, emma olaryň arasynda duşmançylykly ritorika hallan atyp dur. Jenap Rohaniniň saýlanmagy bilen, eger biz gatnaşyklary gaýtadan gurup, ahyrynda gepleşiklere başlap bilsek, näme üçin ýok?”

Ellison we kanun çykaryjy Jim MakDermot (demokrat-Waşington) Waşingtonda çap edilýän “Politico” gazetiniň 7-nji iýundaky sanynda çykan makalalarynda Eýran bilen täzelenen diplomatiki gatnaşyklara girmegiň “irginsiz tagallany, sabyrlylygy we aýgytlylygy” talap edýändigini aýtdylar.

Ýöne olaryň pikirine görä, has gowy mümkinçiligiň döremedik halatynda, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň we Ýakyn Gündogarda täze bir urşy tutaşdyrmagynyň öňüni almakda Birleşen Ştatlar üçin iň gowy umyt “berk we yzygiderli diplomatiýa” bagly.
XS
SM
MD
LG