Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dostum Moskwadan hemaýat soraýar


Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum (çepde) we Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow. Grozny, Çeçenistan
Owganystanyň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum (çepde) we Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow. Grozny, Çeçenistan

Owganystanda “Talyban” jeňçileri tarapyndan ýurduň esli böleginiň basylyp alynmak howpunyň döremegi bilen, ýurduň birinji wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum hemaýat üçin özüniň köne ýarany – Russiýa ýüzlendi.

Sowet Soýuzynyň harby akademiýasynyň uçurymy Dostum özüniň Moskwadaky köne tanyşlarynyň üsti bilen ýurduň gowşan harby güýçlerini galkyndyrmagy maksat edinýär.

Russiýa eden saparynyň çäginde Dostum Moskwada we Çeçenistanda boldy. Çeçenistanda ol Kreml tarapyndan goldanylýan Ramzan Kadyrow bilen hem duşuşdy.

1990-njy ýyllardaky graždançylyk urşy döwründe özbek ýaraglylaryna ýolbaşçylyk eden Dostum geçen hepde Moskwa bardy. Ol Russiýanyň ýokary derejeli harby resmileri bilen gepleşikleri geçirip, Owganystanyň milli armiýasynyň 350 müň esgeri üçin agyr ýaraglary we wertolýotlary sorady.

“Rus tarapy Owganystany howa we harby taýdan goldamaga ygrarlylyk bildirýär” diýip, Dostumyň metbugat wekili Sultan Faizy Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Emma Faizy munuň rus esgerleriniň Owganystana gönümel girjekdigini aňlatmaýandygyny hem sözüne goşdy. 1979-1989-njy ýyllardaky owgan urşunda 15 müň töweregi sowet esgerleri öldürilipdi.

Faizy: “Moskwa Owganystandaky ýagdaýlary seljerip, nähili hemaýat berip biljekdigine garajakdygyny aýtdy” diýdi.

Faizynyň sözlerinden çen tutulsa, onda rus resmileri Owganystandaky “Yslam döwleti” toparynyň we “Talyban” hereketiniň jeňçileriniň barha ilerleýän hereketlerine, şeýle-de ýurduň demirgazygyndaky Gunduz şäheriniň basylyp alynmagyna aladalanma bildiripdirler.

Gunduzyň synmagy bilen owgan güýçleriniň jeňçilere nä derejede garşy durup biljekdigi barada soraglary döretdi.

Dostum Merkezi Aziýa döwletlerine hem ýüzlenip, harby we tehniki hemaýaty sorapdy.

Moskwadan soň, 5-nji oktýabrda, Dostum Çeçenistana ugrady. Ol özüniň Facebook hasabynda “dosty” Ramzan Kadyrow bilen düşen suratyny hem ýerleşdirdi.

Dostum Kadyrow bilen gepleşikleriň dowamynda “terrorizme garşy göreşiň we ‘Yslam döwleti’ toparynyň abandyrýan howpy” barada pikir alyşylandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG