Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamçy partiýa, habarçy, gyzlyk testi


Täjik žurnalisti Haramgül Kodir.
Täjik žurnalisti Haramgül Kodir.

Täjik häkimiýetleri Muhiddin Kabiriniň ýakynlaryny yzarlamakda hiç bir zatdan, hatda yslamçy partiýanyň liderini halaýan bir gyzyň gyzlygyny barlamak ýaly işlerden-de gaýtmadyga meňzeýärler.

Kabiri ýurtdan gaçyp, onuň yslamçy "Täzeden döreýiş" partiýasy gadagan edileli bäri, Täjigistan Kabiriniň dostlaryny, garyndaşlaryny yzarlamakda rehimlilik görkezenok. Onuň maşgalasynyň ýedi agzasy soraga çekildi, 95 ýaşly kakasyna saglygyny bejertmek üçin Türkiýä gitmäge ýol berilmedi, söýgülisi diýip güman edilýän gyz gyzlygyny barlatmaga mejbur edildi.

Täjik žurnalisti Haramgül Kodir özüniň Duşenbe tarapyndan terrorist diýlip, hökümeti agdarmaga synanyşanlykda aýyplanýan Kabirini "söýýändigini" açyk boýun alýar. Ýöne Kodiriň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmagyna görä, onuň söýgüsi jogapsyz galypdyr.

“Barlagdan geçmäge taýyn diýdim”

"Kim sorasa, şol sanda häkimiýetlere-de aýtdym. Biziň aramyzda hiç hili gatnaşyk ýok. Hawa, salamlaşmak, dostluk bar, diňe şu. Men resmileriň hemmesi bilen oňat gatnaşyk saklaýaryn. Ýöne bu meniň olaryň hemmesi bilen şahsy gatnaşygymyň bardygyny aňladanok" diýip, Kodir aýdýar.

Muňa garamazdan, ony öýli-işikli bir erkek bilen gatnaşykda diýip güman edýän täjik häkimiýetleri gyza ençeme aýlap azar berip, soraga çekipdirler.

Bank hasaby doňdurylyp, özüni häkimiýetleriň basyşy astynda duýan Kodir iň soňunda abraýyny goramak üçin gyzlygyny barlatmaga razylyk beripdir.

"Olara meniň şahsy durmuşym milli howpsuzlyga howp salýan bolsa, onda men bu barlagdan geçmäge taýyn diýdim" diýip, Kodir 5-nji ýanwarda "Skype" arkaly geçirilen interwýusynda aýtdy.

Gyzlyk testi

Şondan soň ol bir medisina merkezine äkidilip, gyzlygy barlanypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň öňki işgäri Kodiriň aýtmagyna görä, onuň aýdýanlarynyň dogrudygy test arkaly tassyklanylandan soňra özüni bejertmek üçin Türkiýä gidende-de, barybir bank hasaby bagly galypdyr.

Gyzlyk testinde gyzlyk perdesiniň öz ýerindedigi zenan maşgalanyň jynsy gatnaşykda bolmanlygynyň subutnamasy hasaplanýar. Adam hukuklaryny goraýan toparlaryň bellegimegine görä, test halkara hukugyna ters gelýär, köplenç-de barlanýanyň gyzlygyny anyklamak medisina taýdan ygtybarly barlag hasaplananok.

Gyzlyk testi käbir medeniýetlerde adaty zat bolsa-da, resmi taýdan seýrek goldanylýar. Täjigistanda hem setanda-seýranda bolaýmasa, beýle test ýörgünli däl.

"Çuň alada"

50 ýaşly Kabiri Türkiýede diýen myş-myşlar bolsa-da, häzir onuň nirededigi belli däl. Ol soňky gezek 27-nji dekabrda Eýranda geçen Halkara yslam birligi konferensiýasynda görüldi. Bu ýerde oňa Tajigistanyň döwlet tarapyndan goldanylýan ”Yslam ulamalary geňeşiniň” we Täjigistanyň beýleki resmi delegasiýasynyň agzalarynyň ýanyndan orun berildi.

Täjik häkimiýetleri Kabiriniň bu konferensiýa çagyrylmagyna "çuň alada" bildirdiler.

Yslamçy "Täzeden döreýiş" partiýasy awgust aýynyň aýaklarynda ilki wagtlaýyn togtadylyp, soňra hem "ekstremistik we terroristik gurama" diýlip, Ýokary sud tarapyndan gadagan edileli bäri onuň uly derejeli işgärlerinden 20-den gowrak adam tutuldy.

4-nji sentýabrda bir polisiýa edarasyna we Duşenbäniň golaýyndaky bir arsenala hüjüm edilip, 26 adam öldürildi. Hökümet agzalýan partiýany bu hüjümleri gurnamakda aýyplady. Sud şondan soň bu partiýanyň işini gadagan etdi.

Häkimiýetler hüjümleri amala aşyran Abdulhalim Nazarzodanyň ýolbaşçylygyndaky ýaragly bir topar diýýärlar. Goranmak ministriniň orunbasarlarynyň biri bolan Nazarzoda soňra öldürildi. yslamçy “Täzeden döreýiş” partiýasynyň işgärleri özleriniň Nazarzoda ýa bu pitne bilen ilteşikleriniň ýokdugyny we partiýanyň işgärleriniň tutulmagynyň syýasy sebäpleriniň bardygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG