Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Molla Omaryň durmuş syrlary açyldy


Molla Omar
Molla Omar

Geň galmaly zat, «Talyban» öz terkidünýä lideriniň jikme-jik beýan edilen, hatda onuň şahsy we maşgala durmuşyny hem açyp görkezýän terjimehalyny çap etdi.

Molla Mohammad Omar owgan «Talybanyna» iki onýyllyga golaý ýolbaşçylyk edýär, emma bu jeňçi toparyň arkasynda duran adam barada bilinýän zat juda az.

Onsoň «Talybanyň» şu hepde birden, garaşylmadyk ýerden, toparbaşy bolmagynyň 19 ýyllygyny belläp, Omaryň terjimehalyny çap etmegi geň bir waka boldy.

«Talybanyň» websaýtynda 5-nji aprelde, dört dilde çap edilen 5000 sözli dokument terkidünýä lideriň gündelik işleri, hatda onuň maşgala durmuşy barada geň görerlik derejedäki jikme-jik maglumatlary berýär.

Şeýle-de onda 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Owganystana goşun salnaly bäri il içinde görünmedik Omar baradaky jedelli faktlary anyklaşdyrmaga, onuň ölendigi baradaky myş-myşlary ýalana çykarmaga synanyşyk edilýär.

Terjimehalyň käbir bölümlerine nazar aýlalyň.

YD-a garşy durmak

Synçylar terjimehalyň edil şu wagt çap edilmegini «Talybanyň» «Yslam döwleti» toparynyň pitneçilik hatarlarynda ýokarlanyp barýan täsirine garşy durmak synanyşygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Soňky aýlarda «Talyban» käbir agzalarynyň YD-nyň hatarlaryna gaçandygyny gördi we jeňçileriň käbiri bu hili bäsdeşlik ýagdaýynda Molla Omaryň dymmagyndan lapykeç bolandygyny bildirdi.

Synçylar «Talyban» Molla Omaryň garaşylmadyk terjimehalanyny YD toparynyň täsirine garşy durmak üçin çap etdi diýýärler.

Emma «Talyban» bu terjimehalyň «bir topar ýasama ýazyjy, synçy we tarapgöý toparlar tarapyndan ýaýradylýan ýalan propagandanyň» öňüni almak üçin çap edilendigini aýdýar.

«Talyban» Molla Omar tarapyndan ýazylandygy aýdylýan beýanatlary çap ederdi. Emma onuň hiç bir wideo we audio ýazgysynyň peýda bolmazlygy «Talyban» lideriniň agyr kesellidigi ýa-da ölendigi baradaky şübheleriň barha ýokarlanmagyna alyp geldi.

Ölüm myş-myşlaryny pytratmak

Terjimehalda Molla Omaryň şindem «Owganystan Yslam emirliginiň lideridigi» aýdylýar, bu at ýurda «Talybanyň» 1996 we 2001-nji ýyllar aralygyndaky dolandyryşy mahalynda berlipdi.

Şeýle-de terjimehalda Molla Omaryň «ýurtda we daşarky dünýäde bolup geçýän zatlar bilen gündelik habarly we ilteşikli galýandygy» tassyklanylýar.

Molla Omar
Molla Omar

Duşman tarapyndan «yzygiderli yzarlanmagyna garamazdan, Molla Mohammad Omaryň Yslam emirliginiň lideri hökmünde alyp barýan jyhadçylyk işlerini gurnamak we olara gözegçilik etmek babatdaky gündelik işinde uly bir özgerişlik ýa bökdençlik görünmedi» diýip, terjimehalda aýdylýar. «Ol zalym, dinsiz daşary ýurt basybalyjylarynyň garşysyna edilýän işleri ýakyndan yzarlaýar we gözden geçirýär» diýip, dokumentde bellenilýär.

Çeke duran, gyrak-bujak şahsy bolan Omar hiç wagt surata düşürilmedi diýen ýaly. Onuň nirede ýaşaýandygy näbelliligine galýar we ol owgan «Talybanynyň” pitneçiligine goňşy Pakistandan ýolbaşçylyk edýändir öýdülýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Omaryň kellesine 10 million dollar baýrak goýdy we ony sag gözüni top gyýçagy ýaralan uzyn adam diýip suratlandyrdy.

'Özüne çekiji şahs'

Onuň "özboluşly we özüne çekiji şahsyýeti" baradaky bölümde terjimehal Molla Omaryň şol bir bolşuny saklaýandygyny we ne sabyr-kanagatyny, ne-de batyrgaýlygyny ýitirýändigini aýdýar.

Şeýle-de terjimehal onuň "açyk göwünli, degişgen adamdygyny we hiç haçan özüni kärdeşlerinden ýokarda goýmaýandygyny" aýdýar.

Şeýle-de Molla Omaryň ne ýurt içinde, ne başga bir ýurtda öz adyna ýa başga birleriniň adyna jaýynyň, bank hasaplarynyň bardygy aýdylýar.

Şahsy durmuş

Terjimehalda Molla Omaryň ýaşlyk ýyllary babatdaky käbir boşluklary doldurmaga synanyşyk edilýär:

-- Ol 1960-njy ýylda, Kandahar welaýatynyň Harkez etrabyndaky Çah-i-Himmat obasynda, «Talybanyň» günorta Owganystanda dörän ýerinde doguldy.

-- Ol Hotak tiresiniň Tomzi urugyndan.

-- Onuň kakasy Mowlawi Gulam Nabi, "okumyş we il içinde sylagly adam", Molla Omar bäş ýaşyndaka aradan çykypdyr. Şondan soň bu maşgala Uruzgan welaýatyna göçüpdir.

-- Molla Omar medressä, dini mekdebe gatnapdyr, bu onuň bisowatdygy barada uzak saklanan ynamy ýalana çykarýar.

Ol 1979-nji ýylda, Sowet Soýuzy Owganystana goşun salanyndan soň, mekdebi terk edip, «öz dini borjuny berjaý etmek üçin» jyhadçy bolýar. Ol dört gezek ýaralanýar we sag gözüni aldyrýar.

Terjimehalda Molla Omaryň gowy görýän ýaragynyň tanka garşy atylýan RPG-7, ýagny granatomýotdygy, onuň bu ýaragy ulanmaga ökde we ondan ekspert bolandygy aýdylýar.

Oňa 1996-njy ýylda, «Talybanyň» lideri bolanda "Amir-ul-Momineen", ýagny möminleriň emiri diýen dereje berlipdir.

9-njy sentýabrdan soň

Molla Omar ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda 2001-nji ýylda Owganystana goşun salynmagyny we ol goşunyň «Talybany» agdarmagyny» tankyt edýär. Terjimehalda ol "gedemsi dinsiz döwletleriň şerigat kanunyna çydamlylyk görkezip bilmejegini” aýdýar.

Terjimehalda «Talybanyň» ozalky «Al-Kaýda» lideri Osama bin Laden bilen ýaranlygy agzalmaýar. Molla Omaryň şol terror liderine arka durmagy ýurda goşun salynmagyna getiripdi.

Mundanam başga, terjimehalda «Talybanyň» Owganystanyň 95 prosentine kontrollyk edýändigi öňe sürülýär. Onda Molla Omaryň «Talyban» ýolbaşçylar geňeşine, sud häkimiýetine, ýerine ýetiriji dokuz komissiýa, şeýle-de Owganystanyň 34 welaýatynda hereket edýän harby komandirlerine ýolbaşçylyk edýändigi aýdylýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG