Käbirleri bu üstünlik tejribe, käbirleri berk taýýarlyk we şowlulyk bilen bagly diýseler, beýlekiler bu üstünligiň syryny atyň eti bilen baglanyşdyrýarlar. Gazagystan 2012-nji Olimpiýa oýunlarynda mifologik “Midas täsirini” galdyrmagy başardy.
Käbirleri ony “Azap öýi”, käbirleri bolsa, “gitse gelmez” diýip atlandyrýar, emma onuň Özbegistandaky resmi ady “Ýaşlyk” türmesi.
Özbegistandaky sem edilen tankydy sesler belli oppozisiýa lideri we demokratiýa ugrundaky göreşiji ýurdy terk edensoň has-da ýuwaşady.
“Awaza” Türkmenistanyň syýahatçylyk arzuwlarynyň tuwagy hökmünde häsiýetlendirilýär. Emma ol ýeriň öňki daçalyk dynç alyş sebitinden sözüň doly manysynda turistik zolaga öwrülmegi üçin entek geçilmeli uly ýol bar.
Şu günler Täjigistanda edilýän wagyzlaryň aglabasynda esasy tema täjik jemgyýetinde ozal görlüp-eşidilmedik hadysa - wagtlaýyn nika.
Sowuklamany bejermek üçin şagalyň etini iýmek ýa çaga dogurmak ukybyny güýçlendirmek üçin urkaçy möjegiň jyns organlaryny iýmek ýaly adaty medisina mahsus bolmadyk usullar şu günki gün Täjigistanda adaty bejeriş çärelerine öwrülip barýar.
Ors dilini bilmezligi zenanlaryň Orsýetiň düzgünlerine we zähmet migrantlarynyň hak-hukuklaryna düşünmek işini kynlaşdyrýar.
Berdimuhamedow birinji gezek prezidentlik kürsüsine geçende, häkimiýetdäki ilkinji aýlaryny Saparmyrat Nyýazowyň döwründe kabul edilen kararlara düzediş girizmekden başlady.
Owganystanyň köp maşgalasyndaky däp-dessurlar ogul çaganyň islenilýändigini görkezýär. Gyz dogsa, çaga doguran aýal günäkär hasaplanýar.
Orsýetde 4-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryndan öň köpçüligiň ünsüni çeken täjik aýdymçysy premýer-ministr Wladimir Putiniň tarapdarymy ýa-da onuň tersine, garşydaşymy?
Tezekbaýew dini we etniki ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp, sud jogapkärçiligine çekildi.
Onlarça müň orsýetliler Moskwanyň we ýurduň beýleki şäherleriniň köçelerine çykyp, giň gerimli protestleri geçirdiler.
Ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň artmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň aglabasynda ýagdaýy agyrlaşdyrdy.
Täjigistanda tussag edilen orsýetli pilotlar bilen bagly Moskwa bilen Duşenbäniň arasynda dörän dartgynlylygyň bir ujy Orsýetdäki täjiklere degdi.
Nazarbaýewiň “Nur Otan” partiýasy häzir 105 orunly Mejlisiň we 47 orunly Senatyň ähli ornuny öz elinde saklaýar.
Gazagystan 20 ýyl mundan ozal Semipalatinsk ýadro synag poligonyny ýapyp, öz taryhyndaky aýylganç sahypany agdardy.
Täjik prezidenti Rahmonyň ýurt boýunça sapara başlamagy ýurduň dürli künjeklerinde şowhun-şagalaňyň döremegine sebäp bolana meňzeýär.
1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda Gorbaçýowyň garşysyna gurnalan döwlet agdarlyşygy Moskwada radiodan yglan edilipdi.
Oraza aýynda özüňe erk etmegi, rehimdarlygy, özara düşünişmegi çagalaryň ýüregine guýmak musulman ene-atalara häsiýetli iş.
Merkezi Aziýa sebitinde aýallar syýasata, biznese we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryna işjeň gatnaşýar.
Ýene-de ýükle