Sişenbe güni Gyrgyzystanda yslamdan ozalky taňryçylyk dininiň düzgünlerini ündeýän ruhy hereketiň aktiwisti Kubanyçbek Tezekbaýew dini we etniki ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp, sud jogapkärçiligine çekildi.
Bu baradaky jenaýat aýyplamasy ozalbaşda oňa garşy Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti tarapyndan dekabr aýynda bildirilipdi. Şeýle jenaýat aýyplamasynyň bildirilmegine bolsa, Kubanyçbek Tezekbaýewiň mediada eden çykyşyna Gyrgyzystanyň din meseleleri baradaky Döwlet komitetiniň beren bahasy sebäp boldy.
Kubanyçbek Tezekbaýew geçen ýylyň 16-njy iýunynda döwlet radiosyna beren interwýusynda Gyrgyzystandaky köp mollalary “özleriniň günäli geçmişlerini bassyr-ýussur etmäge çalyşýan ozalky arakhorlar we ganhorlar” diýip atlandyrypdy. Özüniň bu çykyşy bilen baglanyşykly günäli tapylan halatynda, oňa bäş ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmek howpy abanýar.
Ýurtda sportuň göreş usullary boýunça hususy mekdep açmak arkaly has uly meşhurlyga eýe bolan Kubanyçbek Tezekbaýew özüniň mediada dindarlar barada şeýle açyk bellikler bilen çykyş edendigini inkär etmeýär. Ýöne ol özüniň hiç hili dini ýigrenji öjükdiriji hereket etmändigini aýdyp, özüne garşy gozgalan işi özüniň gadymy taňryçylyk ynamyna eýerýändigi üçin görülýän çäre diýip häsiýetlendirýär.
Giň gerim alýar
Kubanyçbek Tezekbaýewe garşy gozgalan jenaýat işi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary bilen birlikde, Gyrgyzystanda-da soňky wagtlar giň gerim alýan gadymy taňryçylyk dini bilen baglanyşykly meselä hem habar serişdeleriniň ünsüni gönükdirdi.
Taňryçylyk dini yslam dininden ozal türki dilli halklaryň, şol sanda gyrgyzlaryň arasynda-da ýörgünli bolan din hasaplanylýar. Bu dini ynanç käbir şamançylyk däp-dessurlarynyň elementlerini-de öz içine alýar. Taňryçylyk dini, esasan, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ideýasyny ündeýär.
Gyrgyzystanda soňky ýyllar bu dini ynanja uýýanlaryň sany kem-kem artýar we ilat arasynda muňa kän bir garşylyk hem duýulmaýar. Ýöne, şol bir wagtyň özünde, bu dini ynanja garşy musulman ruhanylarynyň ýiti tankydy garaýyş bilen çykyş edýändiklerini-de görmek bolýar.
Kubanyçbek Tezekbaýew musulmançylyga eýerýän islendik adamyň şol bir wagtyň özünde taňryçylyga-de eýermeginiň örän bolup biläýjek zatdygyny we häzirki wagt köp adamlaryň şeýle hem edýändiklerini aýdýar.
Ýöne, beýleki tarapdan, Kubanyçbek Tezekbaýew Gyrgyzystanda ilat arasynda, aýratynam, ýaşlaryň arasynda yslam dininiň kem-kem ýaýrap gidip oturmagyny tutuş halkyň geljegine abanýan howp hökmünde häsiýetlendirip, muňa garşy tankydy garaýyşlar bilen çykyş edip gelýär. Ol özüniň şeýle tankydy garaýyşlary bilen-de ilat arasynda giňden tanalýar.
“Din däl”
Taňryçylyk dinine eýeriji tanymal şahyýetlerden ýene biri, Gyrgyzystanyň ozalky parlament deputaty we hökümet işgäri Dastan Sarygulow özuni taňryçylyk dininiň Gyrgyzystandaky ideologik lideri diýip hasaplaýar.
Ol bu diniň aýratynlygy barada şeýle diýdi: “Birinjiden, taňryçylyk - bu din däl. Ikinjiden, bu diňe dünýägaraýyş. Ol bolsa, üçünjiden, adamlaryň durmuş obrazyna öwrülen zat. Taňryçylarda nähilidir bir mukaddes kitap ýok. Ýöne olar dünýäniň esasy dinlerinde bar bolan ähli moral we ruhy düzgünleri berjaý edýärler”.
Dastan Sarygulow Gyrgyzystanda “Taňry Ordasy” ady bilen graždan jemgyýeti toparyny-da döredendigini we özleriniň nähilidir bir dini däl-de, durmuş obrazyny wagyz etmek bilen meşgullanýandyklaryny aýdýar.
Ol häzirki wagt Gyrgyzystanyň oba ýaşaýjylarynyň 60 prosente golaýynyň taňryçylyga eýerýändiklerini, ýa-da, iň bolmanda, taňryçylyga ýakyn däp-dessurlary we gymmatlyklary saklap galandyklaryny öňe sürýär. Emma käbir synçylar taňryçylyga aktiw eýerýänleriň sanynyň ýurtda 5 müň töweregidigini, şol sanda, olaryň arasynda intellektuallaryň-da bardygyny aýdýarlar.