Internetde ýaýran wideoýazgyda bir tajik oglanyň aýdymynda Putiniň ýolbaşçy häsiýetleri taryplanýar. “YouTube” saýtynda ýerleşdirilen bu wideoda diňe “Täjigistandan Tolibjon Kurbanhanow” diýen ýazgy goýlupdyr. Bu ýerde aýdymçy barada başga hiç bir maglumat berilmändir. Ýöne, onuň aýdymynyň sözlerinden çen tutulsa, ol Putini Orsýeti halas eden we asudalygy üpjün eden hem-de “Hudaý tarapyn” inderilen lider hasaplaýar.
Orsýetiň meşhur ýeri bolan Kremle we Ak Tama ünsi çekmek bilen aýdymçy Putini “iň oňat sportsmen” we “milletiň ogly” diýip taryplaýar. Ol Putiniň ykdysady syýasatyna ünsi çekýär, premýer-ministri we ozalky prezidenti “agent” diýip atlandyrmak bilen onuň KGB-däki ozalky kärini göz öňünde tutýar. Şeýle hem aýdymçy ýetip gelýän saýlawlarda dogry adama ses bermeklige çagyrýar.
Aýdymyň gaýtalamasy “WWP” bilen başlanýar. Bu premýer-ministriň atlarynyň baş harplary – Wladimir Wladimirowiç Putin. Aýdymda haçanda täze asyryň başynda ýurt “krizise” uçranda we halk “agyr” ýagdaýdaka WWP-niň häkimiýet başyna gelendigi nygtalýar.
“YouTube” saýtyndaly bu wideo ors websaýtlarynda meşhurlyk gazandy. Ol “Eho Moskwy” ýaly websaýtlaryň hem ünsüni çekdi. Bu saýtyň okyjylary aýdyma dürli teswirler bilen reaksiýa bildirdiler.
Putin azlyklaryň sesine daýanýar
Putin Orsýetdäki migrasiýa we migrant işçiler meselesinde aktiwlik görkezdi. Ýakynda ol Federal Migrasiýa gullugynyň maslahatynda immigrasiýa kanuny güýçlendirmek barada teklip bilen ýüzlendi. Bu ýüzlenmede dil boýunça synagy girizmek we fiktiw hasaba alynýan adresleri ulanmagyň soňuna çykmak teklip edildi. Şondan soň dil synagy baradaky kanun ors parlamentinde maslahata goýuldy.
Saýlaw kampaniýasyny geçirýän wekiller bilen 7-nji fewraldaky duşuşygynda Putin immigrasiýa düzgünini birnäçe gezek bozanlara berk çemeleşýän ýuristleri goldap çykyş etdi. “Interfaks”, Putiniň sözlerine salgylanyp, şeýle sitatany getirýär: “Şeýle edilmese, bu proses hiç haçan soňlamaz. Adam öz ýurduna dolanmagyň deregine türmä barjakdygyna düşünmeli”.
Şeýle kanun her möwsümde Orsýete işlemäge barýan täjiklere hem täsirini ýetirer. Resmi taýdan hasaba alnan “Sankt-Peterburgyň Tajik diasporasy” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy Muhammadnazar Mirzoda Kurbanhanowyň dogrudan hem 28 ýaşly täjik raýatydygyny we onuň Orsýetiň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufada ýaşaýndygyny tassyklady. Azatlyk Radiosy aýdymçynyň şahsyýetini garaşsyz çeşmelerden anyklamady.
Nähili täsir eder?
Ýöne hemme adam Putiniň tajik muşdagynyň aýdan aýdymynyň premýer-ministre ýa-da onuň prezidentlik kampaniýasyna oňaýly täsir etjegine ynanmaýar. Käbir adam onuň ters netije berip biljekdigini aýdýar. Meşhur orsýetli blogger Aleksandr Plýuşew muňa “Putine garşy taryhda edilen iň oňat wideo” diýip baha berdi.
Korrupsiýa garşy çykyş edýän orsýetli tanymal blogger we öz milletçi häsiýeti bilen tanalýan Alekseý Nawalnyý hem bu barada pikirini orta atdy. Nawalnyý 6-njy fewralda ýerleşdiren blogunda: “Bu wideo üçin Putiniň wekilleriniň pul töläp-tölemänini bilemok, ýöne onuň ähli mümkin bolan ýerde ýaýradylýandygyny aýdyp biljek” diýip ýazdy.
“WWP”-ä tomaşa edenleriň sanyndan çen tutulsa, Kurbanhanow meşhurlyk gazanýar diýse bolar.