Zulfiýa Bobojonowa iki ýetginjek ogly bilen bilelikde, ynha indi bir hepdeden gowrak wagt bäri Moskwada kireýine alýan jaýlaryndan çykmaga gorkup, öýde otyr. Täjigistanyň kiçi şäherçeleriniň birinden gelip, bäş ýyldan bäri Orsýetde kanuny ýagdaýda işläp ýören satyjy zenan rus polisiýasy hemme täjik migrantlaryny tutup, deportasiýa edýärmiş diýen gürrüňleriň köpdügini aýdýar:
—Orsýetiň telewideniýesi täjik migrantlary barada her gün diýen ýaly habar berýär. Bu-da biziň aladamyzy artdyrýar. Häzir täjikler daşaryk çykmakdan gorkýarlar. Biz şäherde arkaýyn gezip bilemzok. Men öz 13 ýaşly ogluma-da mektebe gatnamaga rugsat bermedim. Ony polisiýa tutup, biziň nirede ýaşaýanymyzy anyklap, hemmämizi deportasiýa etseler, näme edeli? Adamlaryň gözi gorkan. Hiç kim işe-de gidenok.
Bu zenanyň häzir başdan geçirýän kyn gününe 8-nji noýabrda Täjigistanda rus kompaniýasynyň uçujylarynyň ýarag gaçakçylygynda aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegi sebäp boldy. Bu waka Orsýetiň ýolbaşçylarynyň gaharyny getirip, metbugatda uly gohuň turmagyna getirdi. Şeýdip, Orsýetde ýaşaýan 1 milliona golaý täjik migrantlarynyň asuda durmuşy howp astyna düşdi.
Geçen hepdede diňe Moskwada ýüzlerçe täjik tussag edildi. Täjigistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy Safiallo Dewonaýew häzir Orsýetiň tussaghanalarynda 245 adamyň deportasiýa garaşyp oturandyklaryny mälim etdi.
Orsýetiň Baş sanitar inspektory Gennadiý Onişenko täjik migrantlarynyň arasynda WIÇ infeksiýalylaryň köpdügini aýdyp, olara Orsýete gelmegi doly gadagan etmek meselesine garaýandyklaryny aýtdy.
“Dokumentler gyzyklandyranok”
Orsýetin Sankt-Peterburg şäherinde işleýän inžener Usmon Mumonow özüniň Orsýetde kanuny esasda ýaşaýandygyny we işleýändigini, emma häzir bu zatlaryň Orsýetiň polisiýa işgärlerini gyzyklandyrmaýandygyny, şonuň üçinem öýünden çykman oturmaga mejburdygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, häzir täjikler ors polisiýasynyň eline düşseler, olaryň dokumentleriniň ýerbe-ýerdigine seredilmeýär:
—Bu adamyň gownüne degmekdir. Şeýdip, kemsidilip ýaşaýançaň, watanyňa gaýdanyň gowy. Men öz başlyklaryma “Eger siziň hökümetiniz biziň gaýtmagymyzy isleýän bolsa, bize resmi taýdan açyk aýtsyn” diýdim. Bize bir ýarym ýyla golaý wagt berseler, hemmämiz gaýdardyk. Olaryň häzir edişleri ýaly adamlaryň göwnüne degmeli däldir.
Merkezi Aziýadan Orsýete baran beýleki migrantlar ýaly, täjikler hem orsýetlileriň özleriniň işlemek islemeyän ýerlerinde işleýärler. Olar ýük düşürmek, bazarda gök önüm satmak, maşyn ýuwmak ýaly dürli işler bilen meşgullanýarlar.
Moskwada maşyn öndürýan zawodda işleýän Janyş atly gyrgyz raýaty özünüň täjik kärdeşleriniň gizlenmeli bolýandygyny gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, polisiýa gelip, onuň täjik kärdeşleriniň hemmesini tutup, deportasiýa edipdir. Ol bu wakany gözi bilen görendigini, olary metroda tutandyklaryny aýdýar.
Deportasiýa edilýänleriň sany artýar
Täjigistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysynyň beren maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň 10 aýynda 700 müň töweregi täjik raýaty işlemek üçin Orsýete barypdyr. Olardan iki müňüsiniň deportasiýa edilendigini Migrasiýa gullugynyň başlygy aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu san geçen ýylkydan pes.
Şol bir wagtda-da, Täjigistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy Safiallo Dewonaýew soňky bir hepdede deportasiýa edilýän täjikleriň sanynyň artandygyny boýun aldy:
—8-nji noýabrda 84 täjik raýaty deportasiýa edilmeli diýlen bolsa, 14-nji noýabrda olaryň sany 205 adama ýetdi, 15-nji noýabrda bolsa 245 adam Orsýetden çykarylmaly edildi.
Täjigistanyň Moskwadaky ilçihanasy öz kömege mätäç raýatlary üçin telefonda ýörite gyzgyn liniýany açdy. Ýöne, häzir polisiýanyň gözüne ilmejek bolup, öýden çykman oturan Bobojonowa we beýleki täjik migrantlary üçin bu diňe wagtlaýyn çykalga. Olar Moskwa bilen Duşenbäniň arasyndaky konfliktiň çalt çözülmegini isleýärler.
Zulfiýanyň Moskwanyň bazarynda işleýän uly ogly öýde otursa, gazanç edip bilmeýär. Gazanç edilmese-de, magalanyň ýaşaýan jaýynyň kreýini tölemäge, iýmitlenmek üçin azyk satyn almaga puly bolmaýar. Bobojonowlar iş bolmasa, Täjigistanyň Konibodom şäherinde ýaşaýan we garyndaşlarynyň kömegine mätäç garry mamalaryna-da pul iberip bilmeýärler.
Zulfiýa Bobojonowa özüniň hiç haçan syýasat bilen gyzyklanmandygyny, indi bolsa her gün soňky habarlary yzarlap, telewizora gözüni dikip oturmaly bolýandygyny aýdýar. Gazanç gözläp Moskwa baran täjik zenany: “Biziň hemmämiz bu konfliktiň zamuny bolduk” diýip, sözüni jemleýär.