Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: haýal ölüm ýa ýadro synaglarynyň netijeleri


Gazagystan 20 ýyl mundan ozal Semipalatinsk ýadro synag poligonyny ýapmak bilen öz taryhyndaky aýylganç sahypalarynyň birini agdarypdy. 40 ýylyň dowamynda dünýä ýüzünde geçirilen ýadro synaglarynyň dörtden bir bölegi Sowet Soýuzy tarapyndan hut Semipalatinsk poligonynda geçirilipdi. Şu günki güne çenli ýerli ýaşaýjylar şol synaglaryň dogabitdi şikesler, rak, topragyň we suwuň zäherlenmegi ýaly agyr netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.



Foto: 1949-89-njy ýyllar aralygyny Semipalatinsk oblastynyň ýaşaýjylary atom kömeleginiň astynda ýaşap geçirdiler

Dünýäde geçirilen ýadro synaglarynyň esasy merkezleriniň biri bolan Semipalatinsk poligonynyň ýapylmagyna 20 ýyl geçdi. Emma Sowet Soýuzynyň ýadro programmasynyň netijeleri şu günki güne çenli duýulýar.

1949-89-njy ýyllar aralygyny Semipalatinsk oblastynyň ýaşaýjylary atom kömeleginiň astynda ýaşap geçirdiler diýilse, ýalňyş bolmaz. Şol döwrüň dowamynda “Semipalatinsk-21” ady bilen tanalan ululygy 18,000 kwadrat kilometrlik bu ýerde ýerasty we ýerüsti ýadro abzallarynyň azyndan 456-ysy partladylypdy.

Synaglar 1989-njy ýylda tamamlandy, resmi taýdan poligon 1991-nji ýylyň 29-njy awgustynda ýapyldy. Onlarça ýyllaryň dowamynda 200 müňe golaý oba ýaşaýjylary janly synag serişdesine öwrülipdiler. Alymlar bu ýerde ýadro ýaragynyň adamlara ýetirýän täsirini öwrenipdiler. Ýerli ýaşaýjylara, hususan-da ýadro synaglaryndan soň, öýlerinden çykmak ýaly görkezmeler berilýärdi. Şeýdip, radiasiýanyň adama ýetirýän täsirleri öwrenilýärdi. Käbir ýerli ýaşaýjylar atom kömelegi barada öz durmuş tejribelerine esaslanyp, gürrüň berýärler.

Radiasiýanyň derejesi

Bu ýerde topragyň, suwuň we howanyň radiasiýa derejesi henize çenli kadadan 10 esse ýokary. 20 çagadan biri dogabitdi agyr şikesli dogulýar. Köp adamlar rak keselinden ejir çekýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň ýarysyndan gowragy 60 ýaşyna ýetmän aradan çykýar.

SSSR-iň ýadro synag poligony
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:37 0:00


50 ýaşly daýhan Aýken Akimbekow öz klasdaşlarynyň ählisiniň diýen ýaly ýogalanlygyny aýtdy. Akimbekowyň ýaşaýan Saržal obasy 60-njy ýyllarda güýçli atom partlamasy netijesinde emele gelen “atom kölüniň” golaýynda ýerleşýär. Bu kölüň suwunda balyk bolmaýar. Köl tarapyndan şemal öwsende adamlaryň özlerini erbet duýýanlygyny, gan basyşynyň ýokarlanýanlygyny we erbet ysyň gelip başlaýanlygyny Akimbekow gürrüň berdi.

Aýken Akimbekow atom synaglaryny başdan geçiren nesliň wekili. Şol döwürde ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi özleriniň howply ýarag synaglarynyň geçirilýän ýerinde ýaşaýanlygyndan asla habarsyzdy. Sowet hökümeti synaglary gizlinlikde saklamaga, adamlaryň saglygynyň ýaramazlygyny bolsa başga sebäpler bilen düşüdirmäge çalyşýardy.

Diňe 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Gazagystanly aktiwistler synaglar barada hakykaty anyklap, poligonyň ýapylmagyny talap edip başlapdy. Olaryň bu talaby ýerine ýetirildi. Iň soňky synag 1989-njy ýylda geçirildi.

Netijeler we teklipler

Lukman Toleuhan Nurmuhammedow Maşgalany planlaşdyryjy regional merkeze ýolbaşçylyk edýär. Ol sowet döwrüniň ýadro synag ojaklaryndan 160 kilometr uzaklykda ýerleşýän Semeý şäherinde şu güne çenli dogabitdi şikesli çagalaryň dogulýanlygyny we bu çagalaryň eneleri tarapyndan köplenç çagalar öýlerinde galdyrylýanlygy aýdýar.

Nurmuhammedow çagaly bolmak isleýän ene-atalary hökmany test-barlagyndan geçirmek boýunça ýörite düzgünleriň girizilmeginiň tarapdary. Ol her bir zenanyň diňe bir öz saglygy bilen çäklenmän, çaganyň saglygyna we milletiň saglygyna jogapkärdigini nygtaýar.

Emma ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi Nurmuhammedowyň teklibini ýazgarýarlar. Olaryň pikirine görä, bu adamlaryň çagaly bolmak hukugyna garşy gelýär. Tebigaty goraýjy aktiwistler radiasiýanyň azalmaýanlygyny aýdýarka, häkimiýetler regiondan oba hojalygy üçin peýdalanmakçy bolýarlar.

Saržal obasynyň ýaşaýjysy Aýken Akimbekowyň sözlerine görä, häkimiýetler bu ýerde radiasiýanyň ýokdugyny we mal bakyp bolýandygyny aýdypdyrlar.

Akimbekow radiasiýanyň howpludygyny bilýänligini aýdýar. Emma ol, beýleki ýaşaýjylaryň köpüsi ýaly, zordan gün görýänligi sebäpli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmäge mejbur bolýar.
XS
SM
MD
LG