Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda kim kime ses berer?


Täjik maşgalasy
Täjik maşgalasy
Netijelerini belli bir derejede çaklap bolýan hem bolsa, Azatlyk Radiosy 6-njy noýabrde Täjigistanda geçiriljek saýlawlar barada şäherde we obada ýaşaýan iki maşgala bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde olaryň geljekki saýlawlardan nämä garaşýandygy soraldy.

Şol maşgalalardan biri - Nurjonowlar, olar Duşanbede ýaşaýarlar.

90 ýaşyndaky garry ata Nizom Nurjonow Täjigistanyň häzirki prezidenti Rahmona ses bermegi planlaşdyrýar.

Onuň sebäbi barada Nurjonow şeýle diýýär: “Häzirki prezidentden başga dalaşgärleri tanamok. Olar şu günlerde telewizorda peýda boldular (görünýärler). Ýöne men olar barada öň hiç haçan eşitmändim. Belki, olar gowy adamlardyr, ýöne men olary tanamok. Hiç tanamaýan adamy saýlamak gaty uly töwekgellik bolup biler”.

Soňra Nurjonow sözüni dowam etdirýär: “Häzirki günde ähli tagallalar senagaty we oba-hojalyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen. Men prezidentiň medeniýet ulgamyna hem has köp üns bermegini isleýärin. Biziň Duşanbede we welaýatlarda köp teatrlarymyz bar, ýöne olaryň binalarynda ençeme ýyl bäri gaýtadan abatlaýyş işleri geçirilmedi. Medeniýet ulgamy beýle harlanmaly däl. Medeniýet hem edil beýleki ulgamlar ýaly wajyp”.

Agzalýan maşgalanyň enesi 78 ýaşyndaky Parwin Hoşimowa bolsa saýlawlara gatnaşmajakdygyny aýdýar.

Parwin Hoşimowa
Parwin Hoşimowa
“Men we meniň adamym saýlaw barada ençeme sapar gürrüň etdik we birek-birege dalaşgärleriň ählisi hazirki gün Tajigistan üçin bar bolan ýeke-täk hakykatdyr diýdik. Biziň real (hakyky) garaşýan zadymyz parahatçylykdyr” diýip, Parwin ene sözüni ýene şeýle dowam etdirdi: “Pensiýalar gaty pes. Men 50 ýyl işläp, pensiýa çykdym. Men her aý 70$ pensiýa alýaryn. Bu hiç zada ýetenok. Men prezidentden azrak administratiw binalary gurup, şol puluň bir bölegi bilen sosial üpjünçiligi maliýeleşdirmegini isleýärin”.

Şol maşgalanyň gelni, 46 ýaşyndaky öý-hojalykçy Manişa Nurjonowa prezident Rahmona ses bermegi planlaşdyrýar.

Ol: “Meni biziň daş-töweregimizde yslamyň ady bilen bolýan, emma din bilen hiç hili arabaglanyşygy bolmadyk zatlar alada goýýar. Haçan-da ýaş gyzlar başyny örtmäge ýa-da kiçi ýaşda durmuşa çykmaga mejbur edilende, [Yslam galkynyşy partiýasynyň başlygy Muhiddin] Kabiri we onuň partiýasy hiç zat etmedi we bu zatlary bes etmek üçin hökümet hem ýeterlik çäre görenok” diýýär.

Öý-hojalykçy aýal Nurjonowa sözüni şeýle dowam etdirýär: “Ideal dünýäde bolan bolsak, men ýaş we ykdysadyýet, syýasat, sosial we medeniýet ugurlaryndan örän gowy aň-düşünjeli, giňişleýin bilim alan dalaşgäre ses bererdim. Ýöne biz real dünýäde ýaşaýarys. Şonuň üçin, eger prezident Rahmon öz Kabinetini doly gaýtadan täzelese we öňküleriň ýerine ukyply we başarnykly ýaşlary işe getirse, iň gowy usul bolardy. Häzirki Kabinete prezidentiň keşbi ýokaşypdyr. Adamlar kör däl, olar muny görýärler”.

Maşgalanyň 26 ýaşyndaky agtygy, käri boýunça doktor Farzona Rahmonowa hem Rahmona ses bermegi planlaşdyrýar.

Farzona Rahmonowa
Farzona Rahmonowa
“Men ýaşlar üçin has gowy mümkinçilikleriň döredilmegini isleýärin. Men meniň ýaşlarymdaky beýleki adamlar ýaly ýurdy terk etmegi planlaşdyrmaýaryn. Men biziň ýurdumyzyň hem has gowy ýaşaýyş-durmuş standartlary we has gowy saglygy saklaýyş ulgamy bolar diýip umyt edýärin” diýip, Farzona öz pikirini beýan edýär.
Soňra ol sözüni ýene şeýle dowam etdirdi: “Men häzirki wagtda wezipedäki prezidente ses bererin. Men öz aňymda Rahmonyň adyny parahatçylyk bilen baglanyşdyrýaryn. Men biziň şaýat bolan raýat urşumyzy çagalarymyňda gaýtadan başdan geçirmegini islämok”.

Gafurowlaryň maşgalasy – Täjigistanyň demirgazygyndaky Sugd welaýatynyň oba ýaşaýjylary. Olaryň saýlaw baradaky planlary şeýleräk:

Maşgaladaky 47 ýaşly eje we medeniýet merkeziniň işgäri Gülruh Gafurowa Rahmona ses bermegi planlaşdyrýar.

“Diňe işlemek üçin azatlyk bermek ýetmeýär. Prezident aýallar üçin iş orunlaryny döretmeli, ylaýta-da obalarda ýaşaýanlara. Aýlyklar hem ýokarlandyrylmaly. Biziň häzirki alýan aýlygymyz gaty pes” diýip, ol sözüni ýene şeýle dowam etdirdi: “Meniň arzuwym ähli çagalaryň, ýagny ýaş nesliň özlerine kär edinmegi üçin ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga mümkinçilikleriniň bolmagy. Iň esasy zat hem olaryň daşary ýurt gurluşyklarynda ýa-da firmalarynda işlemäge mejbur bolman, öz okan ugurlaryndan iş tapmaga mümkinçilikleri bolmaly“.

Soňra-da Gülruh: “Men häzirki saglygy saklaýyş ulgamyndan kanagatlanamok. Sowet döwründen küýseýän zatlarymyň biri mugt saglyk ätiýaçlandyryşydyr. Häzirki wagt gowy doktorlar we keselhanalar diňe paýtagt Duşanbede bar” diýip, sözüni jemleýär.

Maşgaladaky 26 ýaşly bank işgäri Dilowar Gafurow saýlawlara gatnaşmagy planlaşdyrmaýar.

“Meniň ähli isleýän zadym gowy aýlykly işiň we daşary ýurtlara syýahat etmäge mümkinçilikleriň bolmagy. Men syýasat we ýekebara syýasatçylar bilen gyzyklanmaýaryn. Haýsy syýasatçy meniň ýaşaýşymy gowulaşdyrsa, şol hem hökümet başyna hoş gelsin”.

Maşgalanyň 22 ýaşyndaky öý-hojalykçy gelni Muhiba Gafurowa Rahmona ses bermegi planlaşdyrýar.

“Men Rahmon häkimiýet başynda wagty doguldym we ulaldym. Men başga hiç kimi tanamok. Meniň üçin bu zatlary başgaça göz öňüne getirmek kyn”.

“Men nähili üýtgeşmeleriň bolmagyny isleýändigim barada takyk bir zat aýdyp bilemok. Siz bilmeýän bir zadyňyz barada nädip arzuw edip bilersiňiz? Men beýleki syýasy sistemalary görmek üçin başga ýurtlara-da syýahat etmedim“ diýip, Muhiba gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG