Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Pagta ýygymynyň hakykaty


Özbegistanda pagta ýygnaýan gyzjagaz
Özbegistanda pagta ýygnaýan gyzjagaz
Özbegistan ýurtda pagta ýygymynyň gurnalyşyny öz gözleri bilen görmek isleýänlere öňki ýyllardaky bilen deňeşdirip bolmajak derejede mümkinçilikleri döredýärdi. Ýagny, häzirki günlerde pagta ýygymy möwsümindäki ýagdaýlara aýdyňlyk girizmek üçin, Daşkent daşary ýurtly synçylaryň Özbegistana gelmegine rugsat berdi.

Emma, muňa garamazdan, bu derňewleriň netijesinde daşary ýurtly synçylaryň Özbegistandaky ýagdaýlar barada doly maglumat alyp biljekdigi ýa-da bilmejekdigi barada aladalar bar.

Halkara zähmet guramasynyň gözegçi missiýasy, Özbegistanda çaga zähmetiniň öňüni almak maksady bilen, şu aýdan başlap noýabr aýyna çenli ýurtda pagta ýygymyna gözegçilik eder.

Synçylar Daşkende baranlarynda hökümet işgärleriniň pagta meýdanlaryna mejbury iberilýändigi, hatda çaga zähmetinden hem peýdalanylýandygy baradaky aýyplamalar boýunça derňewleri geçirer.

Ýöne Özbegistanyň pagta ýygymy möwsümindäki ýagdaýlary derňemek baradaky tagallalaryň öňüsyrasynda çaga zähmetine ünsi çekmäge synanyşýan aktiwistler derňewler döwründe özbek hökümet resmileriniň synçylaryň ýanyna goşulmak planyny tankyt etdiler.

Hakykaty gizlemek

Şeýle-de Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gelen birnäçe hatda ýolbaşçylaryň pagta ýygymy baradaky hakykaty gizlemek üçin synçylar bilen duşuşjak pagtaçylara özüni nähli alyp barmalydygyny öňünden öwretmek üçin çäre görýändigi habar berilýär.

Özüni Özbegistanyň Jyak welaýatyndaky Dostluk etrabynda pagta ýygýan okuwçy diýip tanadan Şahruh “Okuwçylara halkara synçylaryň ençeme soraglar bilen geljekdigi aýdyldy” diýýär.

“Bize şol soraglara nähili jogap bermelidigimiz barada öwretdiler. Biz öz hökümetimize kömek etmek üçin pagtany doly meýletin ýygýarys diýip aýtmaly. Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysadyýetini gowulandyrmaga kömek etmek üçin ýadawsyz işleýäris diýmeli” diýip, Şahruh öz hatynda mälim edýär.

“Pagta ýygmak barada hiç haçan eşitmändik”

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna gelen hatlaryň ýene birinde käbir okuwçylara “pagta ýygmak barada hiç haçan eşitmändigi” hakynda beýannama ýazmaklyk tabşyrylandygy aýdylýar.

Özüniň efirde adynyň agzalmagyny islemedik beýleki bir teswirçi bolsa özüniň kiçi jigisiniň häzirki wagtda Daşkendiň demirgazygyndaky pagta ýygmak kompaniýasyna gatnaşýandygyny aýdyp, şeýle ýazypdyr: “Meniň oglan jigim hemme okuwçylara ömründe hiç haçan pagta ýygmandyklary hakynda beýannama ýazmak tabşyryldy diýýär. Hatda olara beýannamada uly doganlarynyň hem hiç haçan pagta ýygmandyklary hakynda ýazmaklyk buýrulypdyr. Pagta ýygmaga diňe sowet döwründe käbir garyndaşlarymyz gatnaşdy diýip ýazyň diýlipdir”.

Aşakdaky wideoýazgyda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda pagta ýygýan aýal-gyzlara tomaşa edip bilersiňiz.

Lebapda pagta ýygymy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:47 0:00
Azatlyk Radiosyna şuňa meňzeşräk şikaýatlaryň ýene biri öz-özüni wideoýazga düşürip ugradan bir okuwçy oglandan gelip gowuşdy. Ol özüniň Andijan welaýatynyň Altyngul etrabyndandygyny we özüne-de mugallymlaryň pagtany doly meýletin ýygýan diýip aýtmagy tabşyrandygyny habar berýär.

Ol: “Biz ýurdumyzyň öňündäki borjumyzy ýerine ýetirýäris. Bu bizi ähli zerur bolan şertler we mümkinçilikler bilen üpjün edýän hökümetimize bildirýän minnetdarlygymyzyň alamaty” diýip gaýtalamaklyk tabşyryldy diýýär.

Şahsyýetini anyklamak başartmady

Bu hatlaryň ýa-da aýdylýan zatlaryň takyk özbek mobil telefon nomerlerinden gelendigine garamazdan, Azatlyk Radiosy bu meseläni garaşsyz barlap ýa-da şol hatlary ugradanlaryň şahsyýetini anyklap bilmedi.

Şu aýyň başynda Özbegistanyň pagta senagatyndaky mejbury zähmetiň bes edilmegi ugrunda iş alyp barýan halkara koalisiýa – pagta ýygymy möwsüminde derňewleriň geçirilmegine hökümet resmileriniň hem gatnaşmagy “özbek raýatlary bilen Halkara zähmet guramasynyň synçylarynyň arasyndaky dialoglara päsgel berer” diýipdi.

Ýöne bu zatlara gazaramazdan, “Pagta kompaniýasynyň” koordinatory Metýu Fişer-Deýli Özbegistanda ýygym döwründe derňewleri geçirmäge rugsat berilmegine oňyn garaýar.

Fişer “Adamlara hökümet tarapyndan näme aýtmalydyklary barada tabşyryk berlendigine garamazdan, Halkara zähmet guramasynyň inspektorlarynyň derňewlerinden soň hakyky ýagdaý Halkara zähmet guramasyna gelip gowşar” diýip belleýär.

Halkara zähmet guramasy öz Özbegistan missiýasy döwründe pagta öndürýän regionlaryň ählisini aýlanar ýaly sekiz barlag toparyny düzmegi niýetleýär. Guramanyň aýtmagyna görä, derňew özbek resmileriniň we ýurduň professional arkadaşlyklarynyň hyzmatdaşlyklary esasynda geçiriler.

Özbegistan dünýäniň iň köp pagta öndürýän altynjy ýurdudyr. Metbugat habarlaryna görä, Özbegistan her ýyl 3,35 million tonna pagta öndürmegi maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG