COVID-19 pandemiýasy köp hasrat, agyr dert hem ýitgi getirdi. Emma oňyn täsirleriň hem bolandygyny bellemek gerek: – daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýy hem ýol howpsuzlygy gowulaşdy; köpler iş bilen öý durmuşynyň arasynda deňagramlyk tapdylar. Pandemiýadan soň bular ýok bolarmy?
Özbek aýdymçylary toýlarda aýdym aýtjak toparlaryň sanyna çäklendirme girizmek baradaky täze kanuna nägilelik bildirýärler. Özbek hökümeti ol hem şoňa meňzeş çäklendirmeleri girizip, ýönekeý milletiň gerdenine düşýän toý çykdajylaryny azaltmak isleýär.
Azatlyk Radiosyna gowşurylan dokumentleriň görkezmegine görä, Täjigistanda ýokary okuw jaýlarynyň studentlerine, resmilere we lektorlara onlaýn troll hökmünde oppozision şahsyýetlere we hökümeti tankytlaýan beýleki adamlara garşylyk görkezmek üçin basyş edilýär.
Aklawçy Tura Sunnatow özünden hoşal onlarça müşderisi bilen Täjigistanda beýleki köp sanly ýuristlerden saýlanardy. Ol iki ýyldanam az wagtyň içinde 10 tussagyň türmeden azat edilmegini we ýene-de 16 tussagyň tussaglyk möhletiniň ýeňilledilmegini gazandy.
Aşgabat hökümeti öz ýurdunda halkara Aziýa oýunlarynyň gurnalmagyny ýola goýup, sport boýunça abraý gazanmak üçin, milliardlarça dollar çykdajy etdi. Ýöne tankytçylar bu tagallanyň Türkmenistan üçin ummasyz çykdajyly bir maksatnama bolandygyny aýdýarlar.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän demokratiýa synçysy “Freedom House” Guramasynyň aýtmagyna görä, dünýä ilatynyň diňe 13%-i erkin metbugatly ýurtlarda ýaşaýar.
Täjigistana uçan wagtyňyz ýanyňyza aljak kitabyňyz, aýratynam, şol kitap kesgitlenen ýerli elipbiýe mahsus bolmasa, onda bu barada iki gezek oýlanmaly bolarsyňyz.
“Eger ol owadan bolsa, oňa akyllydygyny aýdyň. Eger ol gowy görünmeýän bolsa, oňa owadandygyny aýdyň. Eger-de ikisem däl bolsa, oňa horlanandygyny aýdyň”.
Gaza baý we doly ýapyk Türkmenistanyň raýatlarynyň 12-nji fewralda, ir säherden ses bermäge çykmagy bilen, awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz dolandyryşyny ýene bir ýedi ýyl uzaltjaga çalym edýär.
Özbekler Merkezi Aziýa ýurduny çärýek asyr dolandyran awtokrat Yslam Kerimowdan soň boljak indiki prezidenti seçmek üçin ses berýärler.
Günorta Gazagystanda öz janyna kast edýän aýallaryň sanynyň göz-görtele artmagy ýurduň resmilerini aladalandyrýar. Olar aýratyn-da ýaş zenanlaryň, näme sebäpden käte hut gaty howsala salýan usulda öz janlaryna kast edýändiklerini bilmäge dyrjaşýarlar.
Özbegistanda häkimiýetler meşhur aýdymçyny geýýän eşikleri sebäpli “utançsyzlykda” aýyplap, milli düşünjeleridir gymmatlyklary depelemeli däldigini ýatlatdylar.
Marziýa maşgalasynyň we iki çagasynyň öz “çyn kärinden” habarly däldigini aýdýar. Olar Marziýanyň her gün agşam awtobus bilen welaýat merkezine gitse-de, hakykatda ol ýerdäki diskotekada ofisiantka bolup işlemeýändigini bilmeýärler.
Owganystanly aýallaryň hukuklaryny barlamak boýunça taýýarlanan dokumental filme degişli bir klipde parlamentiň bir agzasy özi bilen interwýu geçirýän zenan žurnaliste “haýbat atýan” ýaly bolup görünýär.
Täjigistanyň konserwatiw Çorkuh obasynda indi ençeme ýyl bäri toýlarda aýdym-saz edilmän, onuň deregine köplenç mollalar tarapyndan yslam dinine degişli öwüt-ündewler, ýazgylar okalýar.
Orsýetiň Baş ligasynyň täzelikde täç geýdirilen Gözellik hanymy, akýagyzlaryň artykmaçlygyna we neo-nasistlere gol ýapmakda aýyplanyndan soň, öz täjinden mahrum edildi.
Ýene-de ýükle