Aklawçy Tura Sunnatow özünden hoşal onlarça müşderisi bilen Täjigistanda beýleki köp sanly ýuristlerden saýlanardy. Ol iki ýyldanam az wagtyň içinde 10 tussagyň türmeden azat edilmegini we ýene-de 16 tussagyň tussaglyk möhletiniň ýeňilledilmegini gazandy.
Ýöne prokurorlaryň aýtmagyna görä, aklawçy Sunnatow hatda öz müşderilerine-de habar bermezden, öz sereden işleriniň her birinde gabahatçylyga baş goşupdyr. Aýdylmagyna görä, Sunnatow özüniň “bitirdim” diýýän kanuny çäreleriniň hiç haýsysyny ýerine ýetirmän, eýsem munuň tersine, ol sudlaryň we sudýalaryň resmi hatlaryny, gollaryny we möhürlerini galplaşdyryp iş alyp barypdyr. Ýogsa-da, onuň galplaşdyran möhürleriniň arasynda Täjigistanyň Ýokary sudunyň sudýalarynyň möhürçeleri hem bar ekeni.
38 ýaşly duşenbeli, öňki tussag Sunnatow “oňarýan” işlerine töleg hökmünde ýüzlerçe dollar baha kesýän ekeni. Ortaça aýlyk hakynyň 100 – 150 amerikan dollaryndan ýokary bolmadyk ýurdunda Sunnatowyň tölegi az-owlak pul däl. Ýöne maşgalalar öz ýakyn hossarlaryny türmeden azat etdirmek üçin, degişli tölegi begenip töleýän ekeni.
Täjigistanyň Baş prokuratura edarasynyň aýtmagyna görä, tussaglaryň bolýan zatlardan habarsyz hossarlary galp resminamalary türme resmilerine görkezipdir, resmilerem görkezilen hatlary suduň kararydyr öýdüp, resminamalary “seljermezden” kabul edipdirler.
Prokurorlar 2015-2016-njy ýyllar aralygynda şeýle galp resminamalar bilen ýurduň dürli türmelerinden 10 tussagyň boşadylandygyny aýdýar. Ýene onlarça tussag şeýle resminamalar bilen zähmet-düzediş koloniýalaryndan, adaty türmelere geçirilip, şertleri gowulandyrylypdyr.
Indi häkimiýetler wagtyndan öň türmeden boşan tussaglary tapyp gabamak üçin, Sunnatowyň özi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle-de, prokurorlar zähmet-düzediş koloniýalaryndan adaty türmelere geçirilen tussaglary ýene yzyna, öňki ýerilerine gaýtardylar. Möhleti azaldylan tussaglara bolsa möhletleriniň azaldylanlygy habar berildi.
Baş prokuratura edarasynyň ýokary derejeli derňewçisi Bahriddin Isozoda Sunnatowyň “resminamalary galplaşdyrmak” boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini we suduň netijesinde her eden galplygy üçin, onuň maksimum 5 ýyllyk türme tussaglygyna höküm ediljekdigini aýtdy.
Sunnatow ozalam, has takygy 2008-nji ýylda, galp resminamalar bilen meşgul bolmakda aýyplanyp, üç ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdir. Ýöne onuň şol wagtky sud diňlenişiginiň jikme-jiklikleri näbelli bolmagynda galýar.
Şeýle-de, Isozoda duşenbeli başga-da ýene iki aklawçynyň we bir türme resmisiniň Sunnatowa “ýaranlykda” aýyplanyp saklanandygyny aýtdy.
Alnyp barylýan derňew işiniň göçürmesi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gelip gowuşdy we onda prokurorlar jenaýatda aýyplanýanyň “ynanyp bolmajak derejedäki galplyga” baş goşandygyny we güýç edaralarynyň bolsa “başdan-sowmalyga” ýol berendigini aýdýarlar.
“Olaryň bar ulanan zady; kompýuter, skanner we adaty kagyzlar” diýip, işiň göçürmesinde agzalýar.
Mysal üçin, gozgalan işiň birinde Sunnatowyň 8 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen bir aýaly 2 müň 500 amerikan dollaryna türmeden boşadyşy agzalýar. Ýene bir ýerde, onuň sekiz ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen bir adamyň möhletini 4 ýyl azaldyşy agzalyp geçilýär. Gürrüňi edilýän iki ýagdaýda-da ‘Sunnatow Ýokary suduň goluny we möhürçelerini galplaşdyrandyr’ diýlip çak edilýär.
Sunnatowyň işi bilen ýakyndan gyzyklanýan derňewçileriň biri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna möhürçedir gollary galplaşdyrylan käbir sudýalaryň Duşenbede geçiriljek sud diňlenişigine gatnaşmaklaryna garaşylýandygyny aýtdy.
Resmiler suduň geçjek wagty barada maglumat bermekden saklandy.
Metbugatda çykyş etmäge ygtyýarsyz bolany üçin, öz adyny aýtmazdan waka barada gürrüň beren resmi çeşmelerimiziň biri galplykda aýyplanýanyň eden işlerine “haýran galandygyny” aýtdy.
Işi bitirilmedik müşderileriň biri Sunnatowyň üstünden häkimiýetlere şikaýat edensoň, ol geçen ýylyň dekabr aýynda tussag edilipdi.