Özbekler Merkezi Aziýa ýurduny çärýek asyr dolandyran awtokrat Yslam Kerimowdan soň boljak indiki prezidenti seçmek üçin ses berýärler.
Daşkentdäki we tutuş ýurtdaky ses beriş uçastoklary 4-nji dekabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 6-da açyldy.
Daşkentdäki Merkezi saýlaw komissiýasy şundan kän wagt geçmänkä, ýerli wagt bilen ir sagat 11-de saýlawlara gatnaşygyň eýýäm talap edilýän minumymdan, 33 prosentden geçendigini jar etdi.
Bu saýlawlarda iş başyndaky prezidentiň, 2003-nji ýyldan bäri ýurduň premýer-ministri bolup işleýän Şawkat Mirziýaýewiň ýeňiş gazanmagyna we bäş ýyllyk przident seçilmegine garaşylýar.
Mirziýaýew öz aýaly we çagalary bilen saýlawa gelip, ir bilen Daşkentdäki saýlaw uçastogynda ses berdi.
59 ýaşyndaky Mirziýaýew esasan Kerimowyň syýasy ugruna eýermegi niýet edinýändigini aýtdy.
Prezidentlik saýlawlarynda başga-da kandidatlar bar: Halk demokratik partiýasyndan Hatamjon Ketmanow, Milli dikeldiş demokratik partiýasyndan Sarwar Otamuratow, Adalot sosial demokratik partiýasyndan Nariman Umarow dagy Şawkat Mirziýaýew bilen bäsleşýär.
Bu üç kandidatyň ählisi hökümeti goldaýar.
Ketmanow we Umarow 2015-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda hem bäsleşige çykdy we tankytçylar olary galp kandidatlar, ýagny Kerimowyň prezidentligini dördünji möhlete uzaltmagy guraýan oýunçylar hökmünde häsiýetlendirdi.
Kerimow öz prezidentlik möhletlerini şeýle saýlawlar esasynda uzaltdy we bu ýagdaý günbatar döwletleri we synçylary tarapyndan demokratik däl diýip ýazgaryldy.
1989-nji ýylda Özbegistanyň Kommunistik partiýasynyň başlygy bolan Kerimow, 1991-nji ýylda dargan Sowet Soýuzyndan soň prezident bolup, ýurdy ýumruk astynda dolandyrdy, hiç hili başga pikirlilige ýol bermedi, 30 million çemesi ilatly ýurduň içindäki syýasy oppozisiýany tasdan ýok etdi.
Hökümet onuň 2-nji sentýabrda, 78 ýaşynda, beýnisine gan inmeden ölendigini aýtdy.
Bu hili ýagdaýda, Baş kanun boýunça parlament spikeri döwlet başyna geçmelidi. Emma bu proses emelleşdilip, Kerimow ýogalandan alty gün soň Mirziýaýewiň iş başyndaky prezidentlige bellenendigi yglan edildi.
Eger-de 4-nji dekabrdaky saýlawlaryň netijesi öňünden kesgitlenen bolsa, prezidentiň Kerimow tarapyndan girizilen awtoritar dolandyryşy gowşatjagy ýa-da onuň syýasatlaryndan näderejede el çekjegi belli däl.
Kerimowa ýigrimi ýyllap wepaly nöker bolan, ilki regional gubernator, soň premýer-ministr bolup işlän Mirziýaýew öz öňki egindeşleriniň sözlerine görä, talapkär we zoňtar gylykly ýolbaşçy.