Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýalbar-ýakar bilen "barlyşyk" gazanyp bolanok. Gyrgyzystan maşgala zorlugynyň pidalaryna nädip kömek bermek isleýär?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň parlamenti maşgaladaky zorlugyň öňüni almak üçin, maşgalanyň bölünmezligi ugrunda gadymdan gelýän däp-dessurdan geçmek isleýär. Däp-dessura laýyklykda garyndaşlary her näçe agyr hem bolsa, maşgalada jebir çekene ol sütem edýän bilen barlyşygy, ondan aýrylmazlygy ündew edýärler. Häzirki maşgaladaky zorlugyň barha artýan wagtynda, deputatlar şeýle çözgüdi saýladylar.

Gyrgyzystanyň diňe Yssyk-Köl sebitinde bir aýyň dowamynda dürli sosial gatlakdan bolan üç aýal öz janyna kast etdi. Janyna kast etmeleriň üçüsi-de maşgaladaky zorluk bilen baglanyşykly ýüze çykdy.

Karaköl şäherinden bolan 33 ýaşly mugallyma Aruuzat 29-njy dekabrda keselhanada aradan çykdy. Ol sirke içipdir, sirkäniň derejesi ölüm howply eken. Ölmezinden öň WhatsApp arkaly iberen habarynda, Aruuzat kärdeşlerine öz janyna kast etmek kararyna gelendigini, sebäbi urlup-ýenjilse-de, garyndaşlarynyň adamsy bilen ýaraşyk baglaşmagyny talap edýändigini aýdypdyr.

Aruuzatyň kärdeşleriniň Azatlyga aýtmagyna görä, olar mugallymanyň ýagdaýyny bilseler-de, ony köpçülige mälim etmejek bolup, bu barada polisiýa habar bermändirler.

«Ol urlup-kemsidilýändigi barada gürrüň berýärdi. Eger öýünden gaçyp giden bolsa, adamsy geolokasiýa arkaly ony tapyp gynardy. Ol adamsyndan gorkýardy» diýip, Aruuzatyň kärdeşi hem jorasy Nazira aýdýar.

Diňe Aruuzatyň ölenden soň, kärdeşleri onuň zorluga duçar bolandygyny polisiýa habar berdiler. Muňa garamazdan, Aruuzatyň ejesi, doganlary, uýalary we beýleki garyndaşlary şeýle pajygadan soň-da dymýarlar.

Zorluga çydamly çemeleşmek, aýallary islendik zorluga kaýyl bolmaga ündemek Gyrgyzystanda maşgalanyň bozulmagyň öňüni almak üçin öňe sürülýän gadymdan kök uran däpleriň biridir.

Ahyr soňy Gyrgyzystanyň parlamenti maşgala zorlugynyň pidalaryna zulum ediji bilen ýaraşdyrmak üçin basyş edilmegine garşy aýgytly ädim ätdi. Mejlis, taraplaryň biri beýlekisini fiziki ýa-da psihologiki zorluga sezewar etse, beýle barlyşygy gadagan edýän kanuny ileri sürdi. Şeýle hem ol kanun taslamasynda maşgaladaky zorluk üçin, has berk jeza göz öňünde tutulýar.

Deputat Yshak Pirmatowyň teklibi bilen maşgaladaky zorluk baradaky kanunçylyga girizilen üýtgetmeler parlament tarapyndan ikinji okalyşda tassyklandy. Maşgaladaky zorluk Gyrgyzystanda mydama möhüm mesele bolup gelýär.

Polisiýa her ýyl müňlerçe hadysany hasaba alýar, ýene-de müňlerçe erbet hadysa hasaba alynman galýar. 2020-nji ýylda Gyrgyzystanyň polisiýasy 9025 sany maşgala zorlugyny hasaba aldy, bu 2019-njy ýyldakydan 65% ýokary. Emma resmi statistika görä, takmynan 940 iş kazyýete geldi. Beýleki ähli ýagdaýlarda pida çekenler, esasanam aýallar, pikirlerini üýtgedendiklerini aýdyp, arzalaryny yzyna aldylar.

JENAÝAT JEZALANDYRYLMASA DOWAM EDER

«Zorluga duçar bolanyň garyndaşlarynyň, aýratyn-da jeza berýän tarapyň basyşy astynda, pida çeken barlyşyga gitmeli bolýar. Iş suda ýetmeýär – diýip, parlament debaty wagtynda deputat Natalýa Nikitenko aýdýar. – Indi pidanyň ejir çekeni äşgär bolsa, saglyga, hakykatdanam zyýan ýetip, maýyplyga baran halatynda, taraplaryň ýaraşmagyny gadagan edýän kadalary girizmek teklip edilýär.»

Gyrgyzystanyň parlamentiniň deputaty Natalýa Nikitenko
Gyrgyzystanyň parlamentiniň deputaty Natalýa Nikitenko

Hereket edýän kanunlara görä, zyýan çeken arzany yzyna alsa, polisiýa kazyýet işini ýatyryp bilýär. Ýöne täze kanunçylyga görä, pida çeken arzasyny yzyna alsa-da, polisiýa maşgaladaky zorluk barada derňewi başlamaga borçly. Nikitenkonyň pikirine görä, «indi taraplaryň barlyşygynyň arkasynda, jenaýaty ýaşyrmak mümkin bolmaz».

Käbir deputatlar nikanyň çylşyrymly we inçe meseledigini öňe sürüp, nika birleşigini saklamagyň taraplar üçin amatly wariantyny tapmaly diýip, kanun taslamasyna garşy çykyş etdiler.

«Maşgalada islendik ýagdaý ýüze çykyp biler. Belki, biz başga çözgütleri gözlemeli bolarys? Mysal üçin, ýaşulularyň [jübütler] bilen maslahatlaşmagyny ýa-da ýerli geňeşiň wekillerini çekmeli» diýip, deputat Kamçybek Žoldoşbaýew çykyş etdi.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň deputaty Ishak Pirmatow
Gyrgyzystanyň parlamentiniň deputaty Ishak Pirmatow

«Jenaýat jezalandyrylmasa dowam eder» diýip, Pirmatow aýdýar. Şeýlelikde, taslama üçünji okalyşdan geçesoň, prezident Sadyr Žaparowa gol çekmäge hödürlener.

JEBIR ÇEKENE ÝARDAM BERMEK ÝEŇIL DÄL

Karakölde Aruuzatyň ölenden birnäçe gün soň, goňşy Tuýup raýonynda maşgaladaky zorluk sebäpli başga bir aýalyň ömri köýdi. Yssyk-Köl sebitiniň polisiýasy 9-njy ýanwarda Dolon obasynyň ýaşaýjysy 40 ýaşly öý hojalykçy Gülmaýram Takaşewanyň adamsy tarapyndan boglup öldürilendigini tassyklady.

«Soňky döwürlerde Aýbek spirtli içgileri köp içdi – diýip, Takaşewanyň aýal dogany Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. – Aýal doganym gaharlanyp öýünden gideninde, oňa ýalbaryp, yzyna gaýdyp gelmäge yrdy. Doganym çagalary bilen öýüne dolanandan soň, adamsy ony öldürdi».

Bu hadysadan soň Takaşewanyň adamsy öz janyna kast edipdir, dört çaga bolsa ýetim galdy.

12-nji ýanwarda Karakölde başga bir aýal öz janyna kast etdi. Maşgala zorlugynyň bolandygy barada habar berlipdir. Üç çaganyň enesi 29 ýaşly aýal ýerli teleýaýlymda işleýän eken. Polisiýa şaýatlaryň, jenaýat barada habarlaryň we arzalaryň ýokdugyny öňe sürüp, jenaýat işini açyp bilmejekdigini aýdýar.

Gyrgyzystanda aýallaryň hukuklaryny goraýjylar parlamentiň öňe süren kanunyny goldaýarlar, ýöne maşgaladaky zorlugyň pidalaryny goramak üçin, has köp iş edilmelidigini-de aýdýarlar. Olar agyr pida çekenleriň ýüz tutup bilmegi, olaryň maslahat soramagy hem-de reabilitasiýa üçin, ýörite krizis merkezlerini döretmäge hökümete çagyryş edýärler. Munuň özi pida çekenlere durmuşy ýaňadan başlamaga ýardam eder diýip hasaplaýarlar. Sebäbi käbir agyr zorluga duçar bolanlar, özleriniň bir ýere alynmagyna, depesinde üçeginiň bolmagyna mätäçlik çekýärler.

6,5 milliona golaý ilaty bolan Gyrgyzystanda aýallar üçin diňe 17 krizis merkezi bar. Jebir çekýänlere kömek etmek köp şertde aňsat däl diýip, Karaköldäki reabilitasiýa we goldaw merkeziniň koordinatory Marina Liçanýu aýdýar. Onuň maşgala zorlugynyň pidalary bilen işleşmekde uly tejribesi bar.

«Bize gelýän aýallaryň 80%-de ýokary bilim ýok, olary alyp gaçypdyrlar ýa-da ene-atalary ir durmuşa çykarypdyr. Olara iş tapmak, çagalaryny eklemek üçin şert döretmek kyn. Şol sebäpden, köpüsi ýanýoldaşynyň ýanyna – özüni urup-horlaýanyň öýüne dolanýar, sebäbi golaýlary iliň masgaralaýjy gep-gürrüňinden gaçyp, olara goldaw bermeýärler» diýip, Marina Liçanýu belleýär.

Ýurtda erkekleriň aýallary tarapyndan ýowuz kemsidilendigi barada hem onlarça ýagdaý hasaba alyndy.

Gyrgyz hökümet resmileri jebir çekenlere kömek bermäge taýýardyklaryny aýdýarlar. Golaýda Gyrgyzystanda maşgala zorlugynyň pidalary üçin, gyssagly ulgam açyldy. Agyr ýagdaýa düşenlere jenaýat barada 117 belgisine jaň etmek hem kömek soramak üçin, mugt telefon liniýasy bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG