Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri-türk gaz ylalaşygy “Günorta koridory” açdy


25-nji oktýabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde gelnen bu ylalaşyk azeri gazynyň Ýewropa ýetirilmegine ýol açýar. Suratda: Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we Türkiýäniň premýeri Rejep Taýýip Erdogan
25-nji oktýabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde gelnen bu ylalaşyk azeri gazynyň Ýewropa ýetirilmegine ýol açýar. Suratda: Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we Türkiýäniň premýeri Rejep Taýýip Erdogan
Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ýolbaşçylarynyň Türkiýä gaz akdyrmak boýunça ylalaşmagy Hazar regionyndan Ýewropa tebigy gazy ýetirmekde iň uly päsgelçilikleriň birini aradan aýyrdy. Indiki edilmeli iş teklip edilen üç proýektden biriniň saýlanyp alynmagydyr.

Türkiýe bilen Azerbaýjan Hazar regionynyň tebigy gazyny Ýewropa ýetirmek barada uzak wagtlap garaşylan ylalaşyga gol çekmek bilen Ýewropa Bileleşiginiň energiýa üpjünçiligini artdyrmak boýunça umydyny berkitdiler. Bu iş şol bir wagtyň özünde-de üç esasy geçiriji proýektiň arasynda güýçli göreşe şert döretdi.

25-nji oktýabrda Türkiýäniň Izmir şäherinde gelnen bu ylalaşyk azeri gazynyň Ýewropa ýetirilmegine ýol açýar. Muňa türkmen gazynyň hem goşulmagy mümkin. Gelnen ylalaşyk boýunça Türkiýe Azerbaýjanyň gaz ýatagy “Şah-Deňiz 2-den” gaz satyn alyp, öz territoriýasynyň üsti bilen ony Ýewropa ýetirer.

Üçden birini saýlamaly

Gazyň Türkiýäniň üstünden geçirilmegi barada şu wagta çenli şertnamanyň ýoklugy Ýewropa Bileleşiginiň “Günorta koridor” diýlip atlandyrylýan energiýa proýektiniň öňünde esasy päsgelçilikdi. Indi edilmeli iş: Azerbaýjanyň teklip edilen üç sany gaz geçirijiden – Türkiýe-Gresiýa-Italiýa Çatrygy (ITGI), “Transadriatik” turbasy (TAP), Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutýan proýekti “Nabukko” – birini saýlap tutmagy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew üstümizdäki aýyň başlarynda, bularyň haýsysy Azerbaýjana we onuň ýaranlaryna kabul ederlikli bolsa, şonuň ileri tutuljakdygyny aýtdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Türkiýede gelnen ylalaşyk barada “Nabukkonyň” metbugat gullugynyň wekili Kristian Dolezalyň pikirini sorady. Dolezal bu hakda şeýle diýdi:

—“Nabukkonyň” “Şah-Deňiz” ýatagyndan we Azerbaýjanyň beýleki çeşmelerinden gaz akdyrmagy maksat edinýändigi belli zat. Şol sebäpden biz tagallalarymyzy Azerbaýjandaky gaz ýataklaryna gönükdireris. Biz bu barada iş alyp barýarys.

“Nabukko” Hazaryň gazy baradaky şertnamalar boýunça köp iş etdi. Paýdarlaryň her biri bu proýektiň gaz bilen üpjün edilmegini gazanmakdan ötri Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň razylygyny almak üçin tagalla baryny etdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň “Nabukko” proýektini güýçli goldamagynyň sebäbi onuň Ýewropanyň edil merkezine ýetirjek gazynyň beýlekileriňkiden köpdügi bolsa gerek. “Nabukko” şeýle hem gazy Ýewropanyň merkezine – Baumgartene, Awstriýa ýetirmegi wada edýär.

Türkmen gazyna zerurlyk

Ýöne bu turba öz doly güýjünde işläninde “Şah-Deňiz” ony doldurarlyk ýagdaýda däl. Dolezal bu meselede Türkmenistany agzaýar:

—“Şah-Deňiziň” belli bir mümkinçiligi bar, bu dogry. Ýöne biz goşmaça möçberiň-de bardygyny görýäris, ilki bilen Azerbaýjanyň özünde. “Nabukko” üçin ilkinji ädimde şunuň özi ýeterlik. Biz Türkmenistanda bar bolan potensialy-da görýäris. “Transhazar” turbasy barada hem gepleşikler dowam edýär.

Türkmenistanyň gaz baýlygynyň dünýäde 3-nji orunda durýan bolmagy ähtimal. Ýöne onuň şu wagta çenli Ýewropa gaz bermek barada gol çekişen ylalaşygy ýok. Munuň sebäbi Ýewropanyň dürli planlarynyň bardygyna garamazdan, şu çaka çenli turbanyň hiç bir sektorynyň çekilmänligi. Galyberse-de, Ýewropa Bileleşigi bilen söwda girişmegiň entegem türkmen gazynyň uly müşderisi bolan Orsýeti gaharlandyrmagy ahmal.

Ottawada (Kanada) Karlton uniwersitetinde Ýewropany, Orsýeti we Ýewraziýany öwreniş institutynyň ýokary derejeli alymy Robert Katler Türkmenistanyň bu tutumynyň üýtgäp gelýändigine ynanýar. Katler bu hakda şeýle diýdi:

—Berdimuhamedow ilkinji gezek jemgyýetçiligiň öňünde ozal aýtmadyk bir zadyny aýtdy. Ol hem Türkmenistanyň Ýewropany gaz bilen üpjün etmegi. Türkmen metbugatynda ozal edil şu sözleri aýtdy diýip, oňa salgylanylan mahaly ýok. Öten hepde onuň çet ýurtlardaky sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň şertlerini, guramaçylyk ýollaryny derňäp, onuň ýerine ýetirilmegi boýunça döwlet komitetiniň döredilmegini oňlandygy habar berildi.

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň sişenbe güni gol çekişen ylalaşygy Hazaryň gazynyň Ýewropa gowuşmagyna ýol açsa-da, edilmeli işler entek öňde.
XS
SM
MD
LG