Orsýetiň “Rossiýskaýa Gazetasy” duşenbe güni premýer-ministr we 4-nji martda geçjek prezident saýlawlarynyň esasy kandidatlarynyň biri hasaplanýan Wladimir Putiniň ady bilen harby meselä bagyşlanan giňişleýin makalany çap etdi.
Putin “Güýçli bolmak Orsýetiň milli howpsuzlygynyň kepilidir” diýip atlandyran makalasynda ýurtda harby reforma geçirmek boýunça planlaryny beýan edýär. Bu planyň çäginde rus hökümetiniň gelýän 10 ýyl içinde harby pudaga 23 trillion rubl, ýagny 770 milliard dollar möçberinde serişde harçlamagy göz öňünde tutulýar.
“Eger-de Orsýeti goramaga ukybymyz bolmasa, biziň öz halkara pozisiýamyzy berkidip, ykdysadyýeti we demokratiki institutlarymyzy ösdürip bilmejegimiz belli zat” diýip, Putin ýazýar.
Putin harby çykdajylaryň artdyrylmagynyň “rus býujetini harbylaşdyrmagy” aňlatmaýandygyny aýdýar, ýöne ol harby pudagyň ýyllarboýy kemter maliýeleşdirilendigini we indi “tölemegiň” wagtynyň gelendigini aýdýar.
Putin sowet döwrüniň harby gurluşyny ösdürmek mümkinçiliginiň “halys gutarandygyny” we geçen asyryň ullakan goşunlarynyň möwritiniň geçendigini aýdýar. Ol häzirki zaman howplaryna garşy durmak üçin “täze goşunyň” gerekdigini nygtaýar.
Hödürlenýän reformalar
Orsýetiň azyndan ýene bir 7 ýyl, belki-de 14 ýyl prezidenti bolmakçy bolýan adam ýaňy-ýakyna çenli käbir harby bölümleriň başyny jemlemek üçin bäş güne çenli wagtyň gerek bolandygyndan zeýrenýär. Ol öz makalasynda gury ýer goşunlarynyň 100-den gowrak regulýar we ýörite brigadalarynyň bardygyny we “olaryň 1 sagat içinde doly jemlenip, 24 sagat içinde gerek bolan söweş meýdanyna eltiler ýaly bolmalydygyny” aýtdy.
Putin goşuny goldamak üçin, gury ýer we deňiz goşunlaryna niýetlenen häzirki zaman kontinentara ballistik raketalarynyň 400-den gowragyny, ýadro raketasy bilen ýaraglanan suwasty gämileriň 28-sini, suwüsti gämileriň 50-den gowragyny, harby kosmos apparatlarynyň 100-den gowragyny, söweş uçarlarynyň , şol sanda bäşinji nesil söweş uçarlarynyň 600-den gowragyny, söweş wertolýotlarynyň 1 müňden gowragyny ýasamaga pul harçlanjagyny aýtdy. Şeýle-de ol uçara garşy ulanylýan täze S-400 sistemalarynyň, raketa garşy ulanylýan “Witýaz”, “Iskander –M” sistemalarynyň, 2,300 çemesi tankyň we 2 müňçemesi özi ýöreýän topuň giňden ornaşdyrylmalydygyny aýtdy.
Putin Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň Ýewropada Orsýetiň garşylygyna garaman gurýan raketa garşy galkan sistemasy barada durup geçip, Orsýetiň bu sistema garşy “netijeli we assimetrik” gaýtargysynyň boljagyny aýtdy.
Birleşen Ştatlar we onuň NATO-daky ýaranlary bu sistemanyň Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly “kesir” ýurtlardan atylyp biljek raketa garşy gurulýandygyny aýdýarlar.
Putin ýaragly güýçleriň 2017-nji ýyla çenli bir million çemesi agzasynyň boljagyny we olaryň 700 müňüsiniň “professional” esgerler boljagyny ýazýar. Putin 2020-nji ýylda bir million adamly goşunyň diňe 145 müň esgeriniň hökmany harby gullukçy boljagyny aýdýar.
Putin 1990-njy ýyllarda harby gullukdan boşadylan jaýsyz esgerleriň şindem jaý nobatyna durandygyny aýdyp, olaryň 2012-nji ýylyň aýagyna çenli kwartira aljagyny wada berýär.
Putin makalasynyň bir ýerinde goşuny kuwwatlandyrmagyň zerurdygyny, ýogsa “öz goşunyny eklemedik ýurduň daşary ýurt goşunlaryny eklemäge mejbur bolýandygyny”, hatda garakçylar ýa-da halkara terrorçylary tarapyndan gulçulyga salnyp bilinýändigini ýazýar.
Putin 2000-nji ýylda ilki prezident bolan wagtyndan bäri özüni edenli adam hökmünde görkezmäge çalşyp geldi. Onuň orslaryň arasynda meşhur bolmagynyň bir sebäbi Orsýetiň halkara meýdanynda güýçli we täsirli ýurt bolmalydygy barada aýdan sözleri bilen düşündirilýär.
“Rossiýskaýa Gazetada” Putiniň ady bilen çap edilen uly göwrümli makala goldawçylary tarapyndan 4-nji martda boljak saýlawlarda Orsýetiň kuwwatlylygyny we howpsuzlygyny kepillendirip biljek ýeke-täk kandidat hasaplanýan prezidentlige kandidatyň “edenli” ýolbaşçy abraýyny has-da ýokarlandyrmak üçin ýazylana meňzeýär.