Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýowuz daraýan hyzmatdaş: Dartgynly türkmen-owgan serhedi


Özüni “topar ýolbaşçysy” diýip tanadan Gulam Resul
Özüni “topar ýolbaşçysy” diýip tanadan Gulam Resul
Halkara güýçleriniň Owganystandan çekilmek wagty barha golaýlaýar. Olar şu ýylyň ahyryna çenli ýurdy terk ederler. Owganystanyň goňşulary bolsa bireýýäm özlerine owganystanly hyzmatdaş tapmagyň ugruna çykdylar. Sebäbi olar ýüze çykmagy ahmal durnuksyzlygyň öňüni almagyň aladasyny edýärler.

Orta aziýa döwletleri köplenç Owganystanda ýaşaýan etniki garyndaşlarynyň arasyndan hyzmatdaş gözleýärler. Türkmenistanyňam şeýle hyzmatdaşlary bar. Olar Owganystanyň türkmen-owgan serhedinde ýaşaýan etniki türkmenler. Ýöne bu ýerde bir problema bar, ýagny käbir owgan türkmenleriniň Türkmenistana dost däl-de, duşman hökmünde garamaklaryna sebäp bar.

Türkmenistanyň günorta-gündogary bilen Owganystanyň arasyny Orta Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Amyderýa kesip geçýär. Amyderýanyň hanasy günorta tarap süýşýär. Käbir owganystanly türkmenleriň aýtmaklaryna görä, Amyderýa ýyllaryň dowamynda birnäçe kilometr günorta süýşüpdir.

Amyderýanyň süýşmegi netijesinde owgan türkmenleriniň öňden bäri ýaşap gelýän ýerleri derýanyň beýleki tarapyna geçýär we şol ýerde hem kiçi ada emele gelýär. Haçan-da derýanyň suwy çekilende owganystanlylar şol adalarda mal-garalaryny bakýarlar.

Türkmen tarapy

Ýöne Türkmenistan Amyderýanyň günorta kenaryna çenli bolan uzaklykdaky hemme zada öz eýeçiligi hökmünde garaýar. Gürrüňi edilýän “hemme zat” şol adalary hem öz içine alýar.

Ynha, şu ýagdaý hem owgan türkmenleriniň iň wawwaly meselesi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy Amyderýanyň kenarynda ýaşaýan käbir etniki türkmenler bilen söhbetdeş boldy.

Olaryň agalaba bölegi türkmen polisiýa gulluklaryndan, serhetçilerden nalaýarlar. Gürrüňdeşlik geçirilenleriň aýtmaklaryna görä, türkmenleriň güýç ulanyjy gulluklary jedelli territoriýada mal bakyp ýören köp sanly owganystanly türkmenleri tussag edipdirler. Şeýle-de, basylan owganystanlylaryň hem etniki türkmenlerdigine garamazdan, olary türkmen türmelerinde kösäpdirler.

Seýitmyrat atly etniki türkmeniň kakasy we agasy Seýitmyradyň eýýäm ýedi ýyldan bäri türkmen türmesinde tussaglykda saklanýandygyny aýdyp, nalaýarlar. Ol mallaryny otladyp ýörkä türkmen serhetçileri tarapyndan saklanypdyr. Onuň agasy Akmyrat, Seýitmyradyň gysga wagtda öz bala-çagasynyň arasyna dolanyp geljekdigini umyt edýär.

Beýleki bir adam agzalýan territorýada mal bakyp ýörkä özüniň türkmen esgerleri tarapyndan saklanandygyny gürrüň berýär. Türkmen serhetçileri onuň mallaryny öldürip, derýa taşlapdyrlar we ony hem-de dostlaryny, owgan türkmenleriniň “biziňki” diýýän ýerlerine geçendikleri üçin tussag edipdirler. Ol türmede wagty özüne hem-de dostlaryna zulum edilendigini gürrüň berýär.

Abdul Gaffar bolsa başga bir sebäpden Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edildi. Ol hem birmeňzeş wakalary gürrüň berýär.
Abdul Ghaffar türmede gynalandygyny aýdýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:40 0:00


Abdul Gaffar türme başga birine edilen zulum barada-da gürrüň berýär.
Abdul Ghaffar türkmen resmileriniň kanunbozmalary barada gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:15 0:00

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan owganystanly türkmenler Türkmenistanyň türmesinde bolup gelen bir adamynyň bir gulagyny aldyryp yzyna dolanyp gelendigini gürrüň berýärler.

Dogrusy, türkmen türmesinde oturyp gelen owganystanlylaryň hemmesi diňe gorkunç wakalar barada gürrüň etmeýärler, başgarak zatlary gürrüň berýänleri-de bar. Mysal üçin, türkmen türmesinden boşan bir etniki türkmen tussaglykda wagty özlerine gündelik bir käse sowuk çaý berlenliginden şikaýat edýär. Ol: “Meni ýene-de tussag etseler, gyzgyn çaý bererler diýip umyt edýärin” diýýär.

Azatlyk Radiosy kim bilen gürrüňdeş bolsa, şolaryň hemmesi-de özleriniň jedelli territoriýada tussag edilendiklerini aýdýarlar.

Tussag edilenleriň köpüsi türkmen prezidentiniň Garaşsyzlyk baýramyna, Gadyr gijesine we beýleki şanly senelere bagyşlap, yzygiderli amala aşyrýan “günä geçişliginde” boşaýarlar. Emma olar “günä geçişlik” bilen kanagatlananoklar. Olar türkmen hökümeti özlerini adalatsyz tussag edip, türmä gabaýar diýýärler.

Elbetde, bu meseläniň sebäpleri şol öňküliginde galýar. Amyderýa hem şol öňki akabasy bilen günorta tarap süýşüp, owgan obalaryny ýuwudyp barýar.

“Gyşlak owazynda” biz ozalam türkmen hökümetiniň Amyderýanyň boýunda ýaşaýan owganlara käbir kömekleri berýändikleri barada gürrüň edipdik. Indi şol kömeklerden el çekilene meňzeýär. Owgan türkmenleri şol sebitde oňardyklaryndan oňuşmaly bolýarlar.

Özüni “topar ýolbaşçysy” diýip tanadan Gulam Resul Amyderýanyň diňe bir öýlere we malýataklara howp salmaýandygyny-da gürrüň berýär.
Ghulam Rasul türkmen-owgan serhedine golaý sebitlerdäki ýagdaýlar barada gürrüň berýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Owgan türkmenleriniň käbir bölegi günorta, ýagny esasan çöle tarap göçdüler. Olar beýleki regionlarda ýaşaýan owganystanlylaryň özlerine haýyr-sahawat diýip beren materiallaryndan salan jaýlarynda ýaşaýarlar. Olar haçanam bolsa bir gün hökümet olary agzalan regionlardan çykaryp kowar diýip howatyrlanýarlar.

Çak edilişine görä, ol ýerlerde tebigy gaz ýataklary bolmaly (Tethys Petroleum kompaniýasynyň hasabatyna görä, Amyderýa hanasynyň belli bir bölegi dünýäniň iň baý gaz gorlaryna we gaz kondensatyna eýedir).

“Gyşlak owazynda” ozal çap eden makalalarymyzda biz, esasan, türkmen-owgan serhedinde döreýän biynjalykly ýagdaýlar barada gürrüň edipdik. Biz ozal iki ýurduň arasyndaky araçägiň oňat goralmaýandygy barada, “Talyban” we onuň hyzmatdaşlarynyň bireýýäm regiona aralaşandyklary barada, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň, hususan-da ýurduň araçäkde ýerleşýän harby we howpsuzlyk güýçleriniň, “Talybana” garşy nähili syýasat alyp barjakdyklaryny doly bilmeýändikleri barada gürrüň edipdik.

Galyberse-de, biz “Talybany” türkmen topragyna geçirmezlik üçin talyplar bilen söweşmäge döwtalap owgan türkmenleriniň bardygy, ýöne olaryň Türkmenistandan kömek soraýandyklary barada-da gürrüň edipdik.

Biziň Garkyn barada çap eden ozalky makalamyzyň aşagyna “ozalky owgan türkmeni” diýen lakam bilen teswri galdyran bir adam Owganystanda ýaşaýan käbir türkmenleriň ozal “Talybana” gulluk edendiklerini, soňra bolsa olaryň “Talybana” garşy gidendiklerini, ýöne gelejekde ýene-de “Talybana” gulluk etjekdiklerini ýazýar.

“Ozalky owgan türkmeniniň” mamla bolmagy ahmal. Türkmenistanda mal bakyp ýörkä tutuldy diýilýän owganystanly türkmenleriň käbirleriniň hem diňe bir mal-gara bilen meşgul bolman, eýsem başga zatlara, mysal üçin regionda meşhur bolan “neşe söwdasyna” baş goşandyklary hem hakykat.

Ýöne olaryň, özleriniň Türkmenistanda tussag edilip, türmelerde ýenjilişleri barada owgan türkmenlerine berýän gürrüňleri adamlarda Türkmenistanyň “Talybandan” gowy hyzmatdaş bolup biljekdigine käbir şübheleri döredýär.
XS
SM
MD
LG