Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň açylmagy Orsýetiň Türkmenistanda diňe bir ýyllar boýy dowam edýän energiýa monopoliýasynyň tamamlanmagyna getirmedi. Indi goňşy döwletler hem has ýakynlaşdylar.
Soňky hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerini baýramçylyklara gabatlap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini halka görkezmäge çagyrdy.
Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň ulanmaga berilmegi bilen Merkezi Aziýa regionynda güýçli syýasy-ykdysady faktor peýda boldy.
Bitaraplyk durumy baradaky tezis resmi propagandanyň iň aktiw gurallarynyň biri. Bu ýagdaý täze häkimiýet bilen gelmedi.
Neşekeşlik belasynyň ýurdy gaplap alandygy barada Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň dymýandygyna syn etmek mümkin.
Geçen hepdäniň soňky günleri köp sanly halkara synçylarynyň gözüniň alnynda syýasy detektiw ýaly bolup geçdi.
Hepdäniň penşenbe güni geçirilen tegelek stol daşyndan göräýmäge saldamly, möhüm ýaly bolup görünýär.
Türkmenistanyň Içeri işler ministri Isgender Müllikow üçin iň bir ýakymsyz pursatlar gelip ýetdi. Onuň bilen bagly tutuş ýagdaý gümürtik, üsti örtgüli.
Adam söwdasyna garşy göreş meseleleri boýunça Aşgabatda geçen sebitara seminar türkmenistanlylaryň özi üçin nä derejede netijeli hem bähbitli boldy?
Türkmenistanyň öz içindäki mukaddes ýerlere gurnalan zyýarat halkara synçylarynda geňirgenme döretmegi mümkin.
Resmi taýdan ýapon diplomatlary G.Berdimuhamedowyň dekabr aýynda Tokio amala aşyrjak saparyna taýýarlyk görýän ýaly.
Daşoguzly ekolog Andreý Zatokany sud bäş ýyl azatlykdan mahrum etmek barada 29-njy oktýabrda höküm çykarylypdy. Ýöne soň bu karar ýatyryldy.
Gümrük gullugy bilen bagly ähli problemalaryň toplumy göz öňünde tutulsa, prezidentiň ýollan gutlagyna köp zatlar girmändir.
Häkimiýetleriň özlerinden köp zady gizleýändigi türkmenistanlylar üçin täzelik däl. Adamlar köne ýol bilen bazarlarda maglumat alyşýarlar.
Geçen hepde Aşgabatda dünýä türkmenleriniň gumanitar bileleşiginiň 12-nji konferensiýasy bolup geçdi.
Türkmenistandan gowuşýan habarlar ýurtda howsalaly wakalaryň bolup geçýändigine şaýatlyk edýär. Indi islendik herketi ýaşyryn saklamak kyn.
Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak barada edilen teklip prezidentiň özünem biraz oňaýsyz ýagdaýa saldy.
Türkmenistanyň gaz gorlary baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylandygy baradaky habarlary Aşgabat häzirlikçe tassyklamady.
Ýakynda Orsýet metbugatynda tiz wagtdan türkmen gazynyň Orsýete akyp başlajakdygy barada habarlar peýda boldy. Emma Türkmenistan bu barada dymýar.
Amerikan uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleriniň toparyny kimiň ýurtdan çykarmazlyk kararyna gelendigi tapmaça bolup galýar.
Ýene-de ýükle