Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habar serişdeleri gözegçiligi başarardy


Narodetski:"Energetik pudak ýokary derejeli býurokratlar üçin iň düşewüntli ýer bolmagynda galýar."
Narodetski:"Energetik pudak ýokary derejeli býurokratlar üçin iň düşewüntli ýer bolmagynda galýar."

Türkmenistanyň gaz gorlary baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylandygy dogrusynda Orsýetiň “Wremýa nowosteý” gazetiniň çap eden habaryny türkmen resmileri-de, garaşsyz çeşmeler-de häzirlikçe tassyklamady.

Gazet halkara barlaglaryň getiren sanlarynyň bärsinden iki-üç esse çişirilendigini belleýär. Türkmenistanyň öz içinde maglumat ýapyklygy häkimiýetiň ýokary kabinetlerinde bolup geçýän wakalar barasynda iň bir garaşylmaýan çaklamalary döredýär.

Işden çykaryş çäreleri

Orsýet gazetiniň sanlaryň çişirilendigi baraky wersiýasyny gytaklaýynam bolsa ýurduň energetika sektoryna jogapkär ýokary derejeli çinownikler toparynyň wezipeden boşadylmagy tassyklaýar.

Işden çykarmak gyssagly geçirilen hökümet maslahatynda amala aşyryldy. Bu wakanyň düýbünden başga sebäpleri-de bolmagy mümkin. Çünki häkimiýetiň ýokary gatlagynda arassalaýyş işleri birinji gezek geçirilenok.

Bu işi S.Nyýazow yzygiderli amala aşyryp, ýokary derejeli çinownikleri köpçüligiň öňünde masgaralaýardy. Indi Berdimuhamedowam bu praktikany öz egindeşleriniň garşysyna ulanýar. Häkimiýetleriň elinde häzir şundan başga öňüni alyş serişdesi ýok, onda-da mesele energetik sektora degişli bolanda.

Energetik pudak ýokary derejeli býurokratlar üçin iň düşewüntli ýer bolmagynda galýar. Haýbat atlmalardan, gorkuzmalardan hem işden kowmakdan başga, korrupsiýanyň öňüni almakda prezidentiň başga, goşmaça täsir ryçagy barmy?

Goşmaça ryçaglar

Häzirki hereketlerden çen tutulsa, prezident uly hem möhüm döwlet işlerinden strategik inisiatiwalaryndan başga, korrupsiýanyň getiren hapasyny arassalaýan ýönekeý sanitaryň hem hyzmatyny ýerine ýetirmeli bolýar.

Bu işde oňa metbugat, beýleki köpçülikleýin habar serişdeleri ýardamçy bolup bilerdi. Demokratik döwletlerde habar serişdeleri ýurtda bolup geçýän prosesslere jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýar.

Şeýle roly oýnamak üçin habar serişdeleri azat-erkin bolmaly, olaryň ygtyýarlyklary çäklendirilmedik bolmaly.

Habar serişdeleri, elbetde, açyklyk, aýdyňlyk giňişligini döretmekde prezidente iň ýakyn howandar, ýardamçy bolardy, şeýle ýagdaýda hemmeden beter gorkjaklar korrupsionerlerler bolardy.

Bu wezipäni jemgyýetçilik guramalary, elbetde, Türkmenistanyň parlamenti öz üstüne alyp bilerdi. Şeýle wezipeleri agzalan gurluşlara hakykatdan-da prezident ynanan ýagdaýynda, ol real netijeler berer.

Býurokratlaryň köp sanly armiýasynyň üstünden kontrollyk etmek bilen deňeşdilinde, jemgyýetçilik guramalaryna hem parlamente gözegçilik etmek ýeňil. Çünki, ýolbaşçylaryň jeza ssenarisi eýýäm işlenip, ýola salnan, ol häli-şindi gaýtalanyp dur.

Ýene-de gaýtalanmazmy?

Ýene biraz wagtdan prezident wezipä bellän adamlaryny ýene-de siltemeli bolmazmy? Edil öňküler ýaly täze çinowniklerem aýyplanýanlar, günäkärler bolup çykmazmy? Sebäbi energetika pudagy iň pully ýer bolmagynda galýar. Haýsy býurokrat döwlet hasabyna baýamakdan ýüz öwrer? Ony näme saklap biler?

Prezidentiň soňky goh-galmagaly ahyrky pursat peýda bolýar. Oňa çenli, duýduryş gelip ýetýänçä, çinownikler gol gowşuryp oturmaýarar. Ep-esliniň ýarsyny urýarlar.

Şeýlelikde, türkmen gaz gorlary baradaky sanlaryň galplaşdyrylmagy-da bu ugurdaky esasy ýolbaşçylaryň wezipeden çetleşdirilmegine sebäp bolup biler, eger galplaşdyrma barasynda hakyky faktlar bar bolsa.

Galplaşdyrma baradaky maglumaty ýaýradan eke-täk çeşme häzirlikçe Orsýetiň gazeti bolup galýar. Ýöne korrupsiýa howpy hem işi bilmezlik weli ýurtda köpden bäri hem hemme ýerde bar. Onuň garşysyna köne usulda- gamçy bilen göreşilýär. Şol bir wagtda-da : “Onuň getirýän netijesi nähili?” - diýen soragy weli bermeýärler.

Belki, konrollyk, gözegçilik prinsipine ýaňadan seretmäge, hökmany öňüni alyş çärelerini döretmäge bar ünsi çekmäge wagt ýetendir? Ýöne bularyň ählisini prezidentiň üstüne atyp bolmaz. Onuň öz aladalary ýetik ahyryn.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG