Býurokratik säwlik sebäpli şu ýagdaý döräpdir diýen bir wersiýa-da bar. Türkmenistanyň bilim ministrligi studentleri registrasiýa etmek düzgüniniň takyk berjaý edilmegini talap edýär. Amerikan ilçihanasy registrasiýanyň käbir detallaryny hasaba almandyr. Netijede dokumentler resmileşdirilende ýalňyşlyklar goýberilip, onlarça studente “ýok” diýlen jogap berlipdir. Bu ýagdaýy gaty ýeňil kadalaşdyryp bolardy, ýöne býurokratlaryň geleňsizligi zerarly ýagdaýy kiçeňräk halkara galmagalynyň derejesine ýetirdiler.
Bu iş kime peýdaly, türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagyndan kim utuş gazanar? Bu meselede halkara synçylaryň pikirleri biri-birine ýakyn. Regionda amerikanlaryň bolmagyna ozaly bilen Moskwa garşy. Merkezi Aziýada Waşingtonyň duş geljek islendik çylşyrymly ýagdaýyny Kreml öz garşydaşyndan üstün çykmak hasap edýär. Dünýäde täsir ýetirmek meselesinde Amerikadan başga onuň uly garşydaşy ýok.
Möhüm sorag
Şu ýerde bir sorag döreýär: Berdimuhamedow näçe wagtlap Orsýet ýolbaşçylarynyň oýnuny oýnar? Bu oýun öz bahasyny ödärmi? Şol oýnuň ýerine türkmen prezidenti näme alyp biler? Türkmen gazyny satyn almak meselesinde Orsýet eglişige gidermi? Daşary ýurtlarda okamak isleýän 50 student bilen bagly ýagdaý köp problemalary döretmezmi?
Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalaryň çözülmegine aýak direýän ençeme meselesi bilen bagly gumanitar ýagdaý ýitileşer. Olam öz nobatynda türkmen proýektleriniň inwestisiýasyna ýaramaz täsir ýetirip biler. Şol proýektlere maýa ýatyrmaga günbatar hökümetleriniň we hususy kompaniýalaryň ençemesi taýýar bolup dur. Inwestisiýa şertleri üçin diňe hökümetiň erk-islegi ýeterlik däl. Ol inwestorlar bilen bagly hoşniýetlilik ýagdaýynyň döremegini-de talap edýär.
Waşington näme etmeli?
Türkmen studentleriniň amerikan uniwersitetlerine gitmegine Aşgabadyň girizen gadaganlygyna Waşington nähili reaksiýa bildirmeli? Bu ýagdaý türkmen hökümetinde Amerika ynamsyzlyk barmyka, ol öz gezeginde amerikan tarapynda şübhe oýarmazmy? -diýen ýaly ýönekeý gümanlar döredýär. Ol bolsa iň gowy arzuw-islegleriň, iň esasy-da biznesiň soňuna nokat goýup biler.
Bu ýerde ýene bir garaşlylyk bar. Amerikanlar bilen bagly işler togtadylsa, bu ýagdaý beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar tarapyndan oňaýsyz bir zat hökmünde kabul edilmezmi? Moskwanyň ýykgyn edýän ugry her edip-hesip edip, Türkmenistany öňki üzňelik, halkara gabawy ýagdaýynda saklamak, netijede ony öz hemişelik monopoliýa täsir zolagyna öwürmek niýeti Aşgabadyň bähbidinemikä? Energiýa howpsuzlygy sistemasyny döretmek boýunça türkmen prezidentiniň edýän ähli aladalary ýoga çykmazmy? Şeýle bolanda gaz turbalarynyň köpugurlylygy baradaky gürrüňler diňe gürrün bolup galar.
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.