Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýet ýalňyşyny gaty çalt düzetdi


Daşoguzly ekolog Andreý Zatokany sud bäş ýyl azatlykdan mahrum etmek barada 29-njy oktýabrda höküm çykarypdy. Ýöne welaýat sudy 6-njy noýabrda bu karary ýatyryp, ony bir müň manat jerime bilen çalşyrdy. Ol çen bilen 350 dollar töweregidir. Şol günüň ertesi aýaly Ýewgeniýa bilen Zatoka Türkmenistany terk etdi.

Türkmenistanda 6-njy noýabrda bolan bir wakany deňi-taýy bolmadyk waka diýip, atlandyrmak bolar. G.Berdimuhamedowyň prezidentliginiň üç ýyly içinde-de, S.Nyýazowyň köp ýyllyk hökümdarlygynda-da munuň ýaly hadysa bolmandy.

Ekolog Andreý Zatokany Daşoguzyň şäher sudy bäş ýyl azatlykdan mahrum etmek barada höküm çykardy. Birnäçe günden soň welaýat sudy Zatokany tussaglykdan boşatdy, jeza hökmünde 1000 manat jerime saldy. Häkimiýet birinji hökümi esassyz tapdy, bu öň bolmadyk ýagdaý, ýöne gudratam däl. Iň esasy hem garaşylmadyk ýagdaý - häkimiýetiň ýalňyşyny, hatasyny gaty çalt düzetmegidir.

Iniňi düýrükdiriji proses

Ekologyň üstünden nädogry sud edilmegi Türkmenistanyň, hut prezidentiň abraýyna zarba urarmy? Şu meseläni häkimiýetler hasaba alýarmyka? Aslyýetinde ýönekeý bir waka bolup geçdi. Ýerli gullukçylar döwlet howpsuzlygynyň merkezi organyndan görkezme almazdan, köne düzgün boýunça iniňi düýrükdiriji proses gurnap, bigünä adama jebir etdiler.

Gepiň gysgasy, Nyýazowyň birwagtky görkezmeleri ýerine ýetirilipdi. Indi welin, beýle hereketler üçin Berdimuhamedow diňe bir adam hukuklaryny goraýan köp sanly halkara guramalara jogap bermeli bolmandy. Bu waka Waşington hem negatiw reaksiýa bildirdi. Bu wakanyň ýaňy garaşylmadyk ýagdaýda uzaklara ýaýrady, ol Türkmenistanyň prezidentiniň hukuk reformalary, “Döwlet - adam üçindir” diýen şygary baradaky tassyklamalaryna, täze galkynyş ugruna ters gelýärdi.

Berdimuhamedowa özünden öňki döwlet baştutanyndan miras galan döwlet apparatynyň dolandyryşynyň köne usullaryny we praktikasyny ulanyp, köneçe hereket edýändigini bu waka ýüze çykarmadymy? “Prezidentiň ýakyn töweregi köne ugurdan yza çekilmezlige, ýurdy güýje daýanyp dolandyrmaga Berdimuhamedowy mejbur etmäge synanyşýar” diýýänler mamlamyka?

Demirgazykdaky paýtagtyň haýyşymy?

Andreý Zatokanyň geň-enaýy ýagdaýda azatlyga çykarylmagy barasynda ýene bir pikir bar, olam onuň Orsýetiň graždanylygy. Orsýet ýolbaşçylarynyň haýyşyny kabul edip, Berdimuhamedow hökümi üýtgetmäge görkezme berendir.

Kremldäki kärdeşleriniň hatyrasyna Berdimuhamedow özüni kemsidiji ýagdaýa salarmy? Iki aradaky gatnaşyklaram gowy atlandyrmak kyn. Hökümiň şeýle üýtgedilmegi türkmen tarapyny oňaýsyz ýagdaýda goýar, muňa Aşgabatda düşünmän duranoklar. Bir haýyşyň yzyndan ýene-de haýyşlar hatarlanybermegi mümkin.

Ýene bir Orsýet graždany Boris Şyhmyradowly meseläni çözmek baradaky haýyş köp garaşdyrmasa gerek. Ony 2002-nji ýylda gözenekden aňry geçiripdiler. Türkmen ýolbaşçylary uzak demirgazykdaky paýtagtdan çykjak haýyşlary ýerine ýetirmäge taýýarmy?

Ähtimal arassalaýyş işleri

Eger häkimiýetiň degişli gatlaklarynda özgerişler başlansa, orslara hyzmat etmek wersiýasy dargap, ýoga çykar. Andreý Zatoka edilen sud bilen bagly Türkmenistanyň prezidenti häkimiýetiň esasy ugurlarynda, onda-da ýörite gulluklar tarapyndan gözegçilik edilýän ugurlarda arassalaýyş işlerine girişmegi mümkin. Bu ýagdaý Berdimuhamedowyň öz apparatyny häzirki reallyklar boýunça işlemäge mejbur etmäge synanyşygynyň yşaraty bolup bilermi?

Şeýle ýagdaýda prezident Nyýazowyň ýakyn kömekçilerini aýryp, tutuş ýolbaşçylygy arassalamaly bolar. Nyýazowyň diktatorlyk režmimini gurnamaga kömek eden, ony saklap galmaga dyrjaşýan güýçlere daýanyp, täze syýasaty teklip edip bolarmy? Şunuň ýaly soraga öz wagtynda Mihail Gorbaçýow jogap bermäge mejbur bolupdy. Ol jemgyýete aç-açanlygy hem Üýtgedip gurmagy teklip edipdi.

Ýene bir pursaty ýada salýar

Zatoka çykarylan hökümiň üýtgedilmegi ýene bir pursaty ýada salýar: M.Gorbaçýow özünden öňki ýolbaşçylaryň kararlaryny ýatyryp, akademik Andreý Saharowy sürgünden boşadypdy. Şu hereketleri bilen Gorbaçýow Brežnewiň apparatynyň garşysyna çykypdy.

G.Berdimuhamedowam Nyýazowyň mejbur ediji sistemasynyň garşysyna baş galdyrarmy? Ol Türkmenistanyň dolandyryş sistemasyny düýpli arassalamak kararyna aýgyt edermi? Reformalar ýolundan Berdimuhamedow uzak ýöräp bilermi? Ol sistema bilen bilelikde gadam urarmy ýa-da ahyrsoňy onuň hars urup görkezýän gyrşylyklaryny syndyrarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG