Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tomus dynç alyş üçin dürli görnüşli infrastruktura bar. Emma ýaňy-ýakynda Awaza baryp gören Azatlygyň habarçylary, şu ýyl tomus kanikullarynyň we dynç alyş möwsüminiň başlanmagyna garamazdan, dynç alyş zolagynda öňkülerine garanda adamyň azdygyny we köp desganyň boş görünýändigini habar berdiler.
Ýerli häkimiýet edarasynyň işgärleriniň sözlerine görä, bu ýyl dynç alýanlaryň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende birnäçe esse az. Myhmanhanalardaky adamlar otaglaryň diňe dörtden bir bölegini eýeleýär. Restoranlar, söwda we güýmenje desgalary hem tas boş.
Syýahatçylyk zolagynda, esasan, ýurduň ilaty dynç alýar, berk wiza talaplaryny ýöredýän Türkmenistanda daşary ýurtly syýahatçylar seýrek bolýar.
"Awazadaky ähli myhmanhanalarda daşary ýurtlylaryň sany jemi 10-dan geçmeýär " - diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim gürleşen ýerli häkimiýet işgäri aýtdy.
Degişli maglumat Balkan: her bir mekdebe birnäçe çagany dynç alyş merkezine ugratmak tabşyryldyAwazadaky myhmanhanalaryň işgärleri otaglaryň azyndan 50% doldurylmasa ýerli syýahatçylyk pudagynyň ýitgi çekjekdigini aýdýarlar. Geçmişde ýerli myhmanhanalarda dynç alýanlaryň ýoklugy sebäpli myhmanhanalar birnäçe gezek ýapyldy we işgärler işsiz galypdy.
Bu aralykda, häkimiýetler häzirki wagtda ýurduň dürli sebitlerinde dynç alyş zolaklaryna we kurortlara ýollanma satmak boýunça guramaçylykly kampaniýa alyp barýarlar. Orta mekdepleriniň ýygnaklarynda ene-atalara çagalar üçin dynç alyş ýerlerine, şol sanda Awaza ýollanma satyn almak maslahat berilýär.
Maý aýynyň ahyrynda, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy ýerli mekdepleriň müdirleriniň, ene-atalaryň çagalary üçin ýollanma satyn almajakdygyna göz ýetirip, olaradan az mukdarda bolsa-da, pul bermegi haýyş edip başlandygyny habar berdi. Müdirler mekdepleriň çagalaryň we işgärleriň belli bir sanyny dynç alyşa öz hasabyna ugratmaga borçlydygyny mälim edipdir. Döwlet edaralary ýyllarboýy öz işgärleriniň Awaza barmagyny üpjün etmäge borçly edilýär.
Ilatyň ýollanma satyn almakdan ýüz öwürmeginiň esasy sebäbi maddy mesele bilen bagly. Bir adamyň dynç alyş ýollanmasynyň bahasy adam başyna ortaça 2000 manada durýar, bu ýurtdaky ortaça aýlykdan ep-esli ýokary bolýar.
Habarçynyň sözlerine görä, şu möwsümde Awazada köp sanly täze desga hem gurulypdyr. Infrastruktura täze restoranlar, kafeler we dürli güýmenje desgalary goşulypdyr.
Degişli maglumat Dynç alyş möwsümi bolmasa-da, býujetçiler “Awaza” ýollanma satyn almaga mejbur edilýärUlag infrastrukturasynda howa we guryýer aragatnaşygynyň göz öňünde tutulýandygyna garamazdan, dynç alýanlar bu dynç alyş zolagyna gatnamakda kynçylyk çekýärler. Uçarlaryň bahasynyň ýokary bolmagy we bilet gytçylygy, beýleki transport görnüşleriniň ýetmezçiligi gatnawy kynlaşdyrýar. Awtomobil gatnawy iň elýeterli ulag görnüşi bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde paýtagtdan Awaza günde diňe bir awtobus gatnaýar. Öňki ýyllarda dynç alýanlar Awaza barmakda kynçylyk çekýärdiler, köpüsi dynç alanlaryndan soň öýlerine gaýdyp bilmändi.
Awaza milli syýahatçylyk zolagy Hazar deňziniň boýunda Türkmenbaşy şäheriniň merkezinden 12 kilometr uzaklykda we Aşgabatdan 586 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Takmynan 100 km² çemesi meýdany tutýan zolak onlarça myhmanhanany we saglyk merkezini, dynç alyş seýilgählerini, ýahta klublaryny, emeli derýany, kongres merkezlerini öz içine alýar. Kurort infrastrukturasyndan başga-da bu ýerde halkara howa menzili we birnäçe kiçi obalar bar.
Degişli maglumat “Awaza” zolagynda “Merkezi Aziýadaky iň gowy” golf-klubyny gurmak meselesine garaldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.