Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dynç alyş möwsümi bolmasa-da, býujetçiler “Awaza” ýollanma satyn almaga mejbur edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda degişlilikde sowuk howa şertleriniň saklanýan döwri, döwlet işgärleri ýene-de “Awaza” ýollanma satyn almaga mejbur edilýär. Geçen ýyllardakylardan tapawutlylykda häkimiýetler işgärleriň syýahatçylyk zolagyna dogurdanam gidendigi barada delil soraman, diňe töleg talaby bilen çäklenýärler.

“Hazaryň kenaryndaky ‘Awaza’ syýahatçylyk zolagynda her bir welaýata degişli we onuň adyny göterýän ýörite myhmanhana bar. Olaryň dolandyryşy we üpjünçiligi şol welaýatlara degişli. Sebitleriň häkimiýetleri ýylyň dowamynda, dynç alyş möwsümi bolsun-bolmasyn, býujetçileri bir hepde möhlet bilen bu zolaga ýollanma almaga mejbur edýärler” diýip, bu ýagdaýlary golaýda başdan geçiren býujetçileriň biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýollanmanyň bahasy 700 manat töwereginde bolup, degişli edaranyň ýolbaşçylary her çärýekde ‘Awaza’ gitmeli işgärleriň sanawyny düzýärler. Ol ähli ýol we ýaşaýyş harajatlary bilen bir hepdelik dynç alyşyň 2 müň manatdan hem aşýandygyny, häzirki ykdysady krizisde munuň özlerine goşmaça agram döredýändigini hem belledi.

“Bu talapdan boýun gaçyrjak gümanyň ýok. Ýa satyn almaly, ýa-da işden kowulmaly. Geçen ýyllarda ýollanma alanlar degişli myhmanhanada dynç alandyklaryny tassyklaýan kepilnamany hem görkezmelidi. Indi bu talap ýok. Ýolbaşçylar ‘esasy tölegi geçir, gidip-gitmezlik eýýäm öz işiň’ diýýärler” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu pul serişdesiniň anyk haýsy edara-kärhanalarynda ýygnalýandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Bu aralykda, söhbetdeşimiz býujetçilere mejbury ýollanma satyn almak boýunça basyşyň, bir tarapdan degişli myhmanhanalaryň dolandyryşy üçin pul çekmek bilen bagly bolsa, beýleki tarapdan hökümet mejlislerinde “Awazanyň” “uly meşhurlyga eýedigini” görkezmek isleginden ugur alynýandygyny belleýär.

Türkmen häkimiýetleri “Awaza” zolagynda “göwnejaý dynç alyşyň gurnalandygyna” delil hökmünde, bu sebit üçin resmileşdirilen ýollanmalary mysal getirýärler. 2021-nji ýylda döwlet habar beriş serişdeleri şol ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli “Awazada” dynç almak üçin 2 müň 257 ýollanmanyň satylandygyny habar berdiler.

Soňky ýyllarda türkmen hökümeti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalary, akwaparklary we beýleki desgalary gurmak üçin millionlarça amerikan dollary möçberinde serişde harçlady. Türkmen mediasy bu ýerde ýurt raýatlarynyň we daşary döwletlerden gelen syýahatçylaryň dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň sözlerine görä, “Awazada” dynç alýanlar adatça hyzmatlaryň hilinden, internetiň ýaramazlygyndan, bahalaryň gymmatlygyndan we ulular üçin tomaşalaryň, güýmenjeleriň ýeterlikli däldiginden, şeýle-de köp ýerde surat almagyň gadagan edilýändiginden nägile bolýarlar.

Türkmenistan sebitde syýahatçylyk üçin iň ýapyk ýurtlaryň biri hasaplanýar we, Aşgabatdan wiza almagyň aşa çylşyrymlaşdyrylmagy netijesinde, häkimiýetleriň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek barada edýän tagallalary garaşylýan netijeleri bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG