Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda ýaragly çaknyşykdan özbaşdak guramaçylyk bilen goňşy ýurtlara gaçmagy başaran türkmenistanlylar başdan geçiren kynçylyklary barada gürrüň berýärler. Bosgunlar topar-topar bolup, jan howluna ýurdy terk edýän mahaly, amerikan neşiri rus goşunlaryna garşy meýletin söweşmek üçin Ukraina barýan adamlar, şol sanda bir türkmenistanly barada habar berýär. Bu aralykda, rumyn neşiri çaknyşykdan alan ok ýarasy bilen Ukrainadan Rumyniýa aşmagy başaran bir türkmenistanly barada habar berýär.
“Agzybir bolup, çöregimizi bölüşip iýip, serhetden geçdik” diýip, öz-özlerini uruşdan ewakuasiýa eden bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
“Agzybir bolsak, ähli kynçylyklary ýeňip geçeris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Degişli maglumat Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar24-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň üstüne goşun sürenden soňra, beýleki bosgunlar bilen bir hatarda, ýüzlerçe türkmenistanly öz janlaryny halas etmek üçin uruş barýan sebitleri terk etmegiň ugruna çykdy.
Azatlyk Radiosy urşuň ilkinji günlerinden bäri, Ukrainada galan türkmenistanlylaryň ewakuasiýa aladalary barada habar berip gelýär. Serhetden aşmagy başaran türkmenler urşuň ilkinji günlerinde Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň öz raýatlarynyň aladasyny etmändigini aýdýarlar.
Türkmen ilçihanasynyň bir işgäri 26-njy fewralda we 28-nji fewralda Azatlyk Radiosy bilen anonim söhbetdeşlikde öz raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
“Uruş başlandan soňra, birnäçe gün sesini çykarmadyk ilçihana soňra [sosial ulgamlar arkaly] Kiýew şäheriniň demir ýol menziline üýşmek barada, şol ýerden otla, ýörite awtobuslara münüp şäherden gitmek üçin özleriniň kömek etjekdikleri barada aýdyp başlady” diýip, türkmenleriň ewakuasiýasyny ýakyndan yzarlaýan bir türkmenistanly synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Synçy krizis döwründe türkmen raýatlarynyň görkezen özara raýdaşlygynyň we özbaşdak guramaçylygynyň olaryň öz-özlerini ewakuasiýa etmeklerinde uly rol oýnandygyny aýtdy.
Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň adyndan ýaňy-ýakynda açylan bir Twitter hasaby türkmen raýatlarynyň ukrain paýtagtynyň demir ýol menzilinden ýurduň günbatar sebitlerine, ol ýerden goňşy Polşa we Rumyniýa ewakuasiýa edilýändikleri barada habar berýär.
“Ilçihana birnäçe gün pikirlenýänçä köp [türkmenistanly] student serhetden aşyp, goňşy ýewropa ýurtlaryna geçmegi başardy. Olar öz tanyş türkmenlerini hem ýerleşen ýerlerine çagyrýarlar. Gysgaça aýdylanda, halk öz başyny çaramaly boldy. [Adamlar], hemişe bolşy ýaly, hökümetden kömek bolmajagyny bildiler” diýip, synçy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen aktiwistleri Ukrainadaky ildeşleriniň 'iki oduň arasynda', goragsyz galandygyny aýdýarlarUkrainadan öz-özlerini ewakuasiýa eden türkmen raýatlary Rumyniýa, Moldowa, Polşa ýaly ýurtlara, käbirleri bolsa ol ýurtlardan Türkiýä geçýärler.
turkmen.news neşiri Germaniýa çenli baryp ýeten türkmenistanly uruş bosgunlary barada habar berýär.
“Ukrainada uruş başlandan soňra, türkmen studentlerine Türkmenistanyň ilçihanasy hiç hili kömek etmedi, olaryň özleri howpsuz ýurtlara göçmeli boldular. Köpüsi metrolarda öz günlerini görmeli boldy. Öz iýjek çöreklerini gündelik iş bilen gazanýan türkmen studentleri elleri pulsuz, urşuň arasynda ‘ýetim’ galdylar” diýip, synçy nygtaýar.
2-nji martda Azatlyk Radiosy Ukrainadaky metrolaryň birini özüne gaçybatalga edinip, bukuda oturan türkmenistanly bir student bilen habarlaşmagy başardy.
Hiç kim kömek edenok. Studentler özbaşdak serhetden aşyp, Polşa geçmek isleýärler diýip ol şonda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Urşuň başlamagyndan bäş gün soňra, 28-nji fewralda Ukrainada galan türkmenistanlylar Türkiýäniň “A Haber” telekanalyna göni ýaýlym arkaly interwýu berip, özleriniň ewakuasiýa edilmegi üçin türk häkimiýetlerinden kömek soradylar.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligine görä, 5-nji marta çenli Ukrainadan 130 müň daşary ýurt raýaty, şol sanda 1 müň 700 türkmen talyby ewakuasiýa edildi. BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligine görä, 6-njy marta çenli Ukrainadan gaçmaga mejbur bolan bosgunlaryň umumy sany 1,5 million adama ýetdi.
ÝUNESKO-nyň 2020-nji ýyl üçin hödürleýän statistiki sanlaryna görä, Ukrainada 4 müň 300-den gowrak türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar.
Türkmen talyplary çaknyşyk barýan sebiti terk etmäge synanyşýan mahaly, olaryň Türkmenistanda galan ene-atalary ogul-gyzlaryny alada edip, çäresiz ýagdaýda Türkmenistanyň hökümet edaralaryna ýüz tutdular.
Degişli maglumat THG Ukrainadaky türkmenistanlylaryň 'hossarsyzdygyny' aýdýar, Türkmen ilçihanasy 'beýle däl' diýýär“Türkmenistandaky ene-atalar her gün diýen ýaly migrasiýa edarasyna barýarlar. Birnäçe ene-ata uruş başlanaly bäri öz çagalaryndan habar alyp bilmeýär. Jaň etseler jaňlary alynmaýar, bu bolsa ene-atalara agyr düşýär diýsek ýalňyşmarys” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy martda habar berdi.
Gözi ýolda galan ene-atalar, Ukrainada galan ogul-gyzlarynyň aladasy bilen hasrat çekýärkä, uruşdan gaçýan türkmenleriň özbaşdak guramaçylygy we özara raýdaşlygy ünsi çekýär.
“Studentleriň [Kiýewdäki] türkmen ilçihanasyna eden birnäçe telefon jaňy jogapsyz galdy. Türkmenler [sosial ulgamlar arkaly] habarlaşyp, öz watandaşlary bilen birleşip, ýurtdan çykmaga çalyşýarlar... Türkmen oglanlar türkmen gyzlaryna hem dogan çykyp, olara howandarlyk edýärler” diýip, Azatlygyň gürrüňdeşi aýtdy.
“Harkowda galan studentlere kyn boldy...Harkowdan gaýdan studentleriň arasynda uzak ýoly pyýadalap, ýöräp geçen ýaşlar bar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Ýüzlerçe türkmenistanly Ukrainany terk edip, goňşy ýurtlara aşandan soňra, turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, 9-njy martda türkmen hökümetiniň Rumyniýanyň paýtagty Buharestden öz raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin ýörite uçar gatnawyny gurnaýandygyny habar berdi.
Ýöne uruş barýan sebitlerden gaçmagy başaran türkmenistanlylaryň arasynda Türkmenistana dolanmak islemeýän raýatlar hem bar.
“Olar Ýewropa ýurtlaryna ýerleşip, şol ýerlerde ýaşamak isleýärler. ‘Ýurda baranyňda-da gowulyk ýok. Şol bir diktatura. Geljek ýok. Ösüş ýok’ diýip, asudalyga öwrenişen, öz pikirini çekinmän aýtmagy öwrenen adamlar gürrüň berýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.
Türkmen metbugaty döwlet syýasatyny wagyz edip, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň, syýasy we raýat azatlyklarynyň berk çäklendirilmeginiň arasynda, “arassa asman, parahat ýurt, asuda ilat” ýaly mahabatlary ýyllar boýy gaýtalap gelýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Ukrainada barýan urşy agzamaýar.
Bu aralykda, 4-nji martda rumyn neşiri Kiýewden alan ok ýarasy bilen, birnäçe gün ýol söküp, Rumyniýanyň serhedine aşan 25 ýaşly bir türkmenistanly erkek adam barada habar berdi. Antena 3 neşirine görä, türkmenistanly ýigit Ukrainada taksi sürüjisi bolup işleýän ekeni. Onuň sürüp barýan ulagy atyşygyň arasynda galýar, özi bolsa elinden we aýagyndan ýaralanýar. Ol atyşykdan alan ok ýarasy bilen Rumyniýanyň serhedine aşýar. Rumyn metbugaty türkmenistanly bosgunyň hassahana ýerleşdirilendigini we bejergi alandygyny aýdýar.
Degişli maglumat Türkmenistanlylar "bizi halas ediň" diýip, türk häkimiýetlerinden kömek sorady. Ukrainada atylandygy aýdylýan türkmen raýaty Rumyniýa bardyAýallar we çagalar, galyberse-de, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary uruşdan gaçyp, goňşy ýurtlara bosgunlyga barýar, ýöne şol bir wagtda, media maglumatlarynda, topar-topar bolup, daşary ýurtlardan Ukraina barýan meýletinçiler barada habar berilýär.
USA Today neşiri 6-njy martda Polşa serhedinden geçip, Ukraina barýan meýletin söweşijiler barada habar berýär. Maglumat üçin aýdylsa, Ukrainanyň Daşary işler ministrligi rus goşunlaryna garşy söweşmäge meýletin isleg bildirýän daşary ýurt raýatlaryny kabul edýändikleri barada bildiriş berdi.
Amerikan neşirine görä, Ukrainanyň bu çakylygyna eýerip, dünýäniň 22 ýurdundan ýüzlerçe adam ukrain goşunyna kömege barýar. Neşiriň habarçysy ukrain goşunyna kömege barýan meýletinçileriň arasynda 38 ýaşly bir türkmenistanla duşdy.
“Türkmenistandan bolan 38 ýaşly Döwlet Ylýasow özüniň ruslara garşy söweşjekdigini aýdýar. Ol, indiki nobatda, ozal sowet respublikalarynyň biri bolan öz ýurdunyň üstüne çozulmagyndan howatyr edýär” diýip, USA Today ýazýar.
“Ol eger Russiýa uruşda ýeňiş gazansa, sebitdäki beýleki ýurtlaryň öz azatlyklary ugrunda göreşmäge mejbur ediljekdiklerini aýdýar” diýip, USA Today ýazýar.
Russiýa 24-nji fewralda Ukraina goşun girizdi. Iki hepdä golaý wagt bäri Ukrainanyň dürli sebitlerinde çaknyşyklar dowam edýär. Halkara jemgyýetçiligi Russiýanyň esassyz harby çozuşyny ýazgarýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.