Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistleri Ukrainadaky ildeşleriniň 'iki oduň arasynda', goragsyz galandygyny aýdýarlar


 Mariupol, 24-nji fewral, 2022.
Mariupol, 24-nji fewral, 2022.

Russiýanyň Ukrainanyň garşysyna başlan hüjümi bada-bat günbatar liderleriniň ýazgarmalaryna sebäp boldy, emma öňki sowet ýurtlarynyň liderleriniň köpüsi häzir öz garaýyşlaryny açyk aýtmakdan saklanýana meňzeýär. Emma bu ýurtlaryň metbugaty 24-nji fewralda başlanan uruş baradaky habarlary bada-bat aldylar we eýýäm bu mesele boýunça dürli platformalardaky pikir alyşmalar başlandy. Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleri Ukrainadaky türkmenistanlylaryň goragsyz galandygyny aýdýarlar.

Şu aralykda belarus hökümdary, rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany Aleksandr Lukaşenka belarus goşunlarynyň Orsýetiň başlan “ýörite operasiýasyna” gatnaşmaýandygyny aýtdy.

Beýleki post-sowet ýurtlaryndan tapawutlylykda, adatça bolşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri Ukraina garşy başlanan hüjüm, adam heläkçilikleri barada hiç bir maglumat bermeýär. Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Ukrainadaky diplomatik wekilhanasyna telefon edip, bu ýurtdaky türkmen studentleri, zähmet migrantlary barada edilýän aladalary bilmäge çalyşdy.

Emma ol synanyşyklar netije bermedi, sebäbi türkmen diplomatlary, köplenç bolşy ýaly, telefona jogap bermediler.

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, Ukrainada okaýan daşary ýurtly studentleriň arasynda türkmenistanlylar sany boýunça iň ýokary orunlarda durýar.

Şol bir wagtda, Ukrainada işläp, Türkmenistandaky maşgalalaryny eklemäge çalyşýan we okaýan türkmenistanlylaryň hem häzir kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigi, olaryň howpsuzrak ýer gözleýändigi habar berilýär. Şeýle-de, beýleki ýurtlaryň bu ýurtlardaky raýatlaryna hossar çykyp, olary çarter uçarlar bilen alyp çykýandygy aýdylýar.

Şu aralykda DWT hereketiniň lideri Myrat Gurbanow we onuň egindeşi Timur Serkerde YouTube kanalynda wido söhbetdeşlik gurap, Ukrainadaky türkmenistanlylara maslahat gepleşigini efire berdi we türkmen hökümetiniň häzirki pursatdaky jogapkärçiliklerini ýatladyp, ýene bir gezek türkmen raýatlarynyň aladasynyň edilmegine çagyrdylar.

Azatlyk Russiýanyň Ukraina garşy başlan hüjümi baradaky reaksiýalaryny bilmek üçin daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň birnäçesi bilen telefonda gürleşdi.

Biziň ilkinji söhbetdeşimiz Myrat Gurbanow Ukrainada galan türkmen raýatlary barada gaty alada edýändigini, sebäbi ol ýerdäki türkmenistanlylaryň goragsyz galyp, özünden maslahat soraýandygyny aýtdy.

Şol türkmen graždanlary, ýaş, 18-den 21-22-ä çenli ýaşlar 4700 adam, munuň daşyndan ol ýerde iş migrantlary hem bar, şol adamlar häzir gaty howply ýagdaýa düşdi. Iki tarapdan uruş gidip durka, şular hiç hili goragsyz, howp astynda. Biziň graždanlarymyz irden bäri maňa jaň edip, 'Myrat aga, kömek ediň, ilçihana bardyk welin, bizi ol ýerden kowýarlar, kime ýüzlenjegimizi, näme etjegimizi bilemzok' diýdiler...

M.Gurbanowyň tassyklamagyna görä, jaň eden türkmen studentleri oňa Özbegistanyň hökümetiniň Ukrainadaky özbek studentlerini yzyna äkitmek üçin birnäçe uçar iberendigini gürrüň beripdirler.

Blogçy Nurmuhammet Annaýew hem Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Ukrainadaky urşuň eýýäm ol ýerde işleýän we okaýan türkmenistanlylara “uly zyýan” ýetirendigini aýtdy we şeýle ýagdaýlaryň bolmagyndan bir hepde-on gün ozal biynjalyk bolup başlandyklaryny, şu sebäpden efirde, sosial ulgamlarda çykyş edip, türkmen hökümetiniň bu ýurtdaky raýatlaryna eýe çykmagy barada mesele gozgandyklaryny gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň hökümeti öz ilçihanasynyň, konsullygynyň işgärlerini halas etdi, ýöne raýatlaryna bu saparam eýe çykmady” diýip, Annaýew aýtdy.

Aktiwistiň bu ýurtda ýaşaýan we häzir sosial ulgamlar arkaly habarlaşýan türkmenistanlylara salgylanyp aýtmagyna görä, Ukrainadaky türkmen ilçihanasynda we konsullugynda hiç kim ýok, “olar gidipdirler, bizi ýene hossarsyz goýdular” diýip, aktiwist bilen gürleşen bir student aýdypdyr.

N.Annaew bu çozuş barada öz pikirini aýdyp, onuň ozaly Russiýanyň özüne "uly ykdysady zyýan ýetirmegine garaşýandygyny" aýtdy.

“Russiýanyň bu eden hereketi... bularyň özlerine agyr ykdysady zarba uruljakdygyny duýduran Amerikanyň, Ýewropa parlamentiniň ýakyn wagtda alyp barjak çärelerine garaşýarys, enşalla şolar ýaly çäreleri alarlar-da, şu uruş, şu waka sebäpli Orta Aziýanyň diktatorlarynyň hojaýyny Putin agyr zarba alar, ykdysady taýdan hem” diýip, Annaýew telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Şeýle-de aktiwist orsýetlileriň özleriniň, rus halkynyň hem rus prezidentiniň, Russiýa Federasiýasynyň alyp barýan syýasatlaryny tankytlap, mitingler, protestler geçirip başlamagyna garaşýandygyny aýtdy.

“Çünki bu bolýan zat, başga bir ýurduň topragyny zor bilen eýelemek basyp almak bolýar, bu 2022-nji ýylda, 21-nji asyrda hiç kabul ediljek zat däl” diýip, blogçy Annaýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň bu meseledäki düşündirişini almak üçin Aşgabada, Daşary işler ministrliginiň maglumat gullugyna telefon edip, hiç bir habar alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG