Russiýa ýedi gün bäri Ukraina hüjüm edýär. Urşuň arasynda galan türkmen raýatlary birek-birege ýardam berip, emele gelen krizis ýagdaýyndan çykalga gözleýär, ýurdy terk etmäge synanyşýar.
Azatlyk Radiosy 2-nji martda Ukrainadaky metrolaryň birinde bukyda garaşýan türkmenistanly bir student bilen habarlaşmagy başardy.
Hiç kim kömek edenok. Studentler özbaşdak serhetden aşyp, Polşa geçmek isleýärler diýip, ol Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy 26-njy fewralda we 28-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň telefon jaňyna beren jogabynda “özleriniň ýerli şertlere görä hereket etmeli bolýandyklaryny” aýdyp, Ukrainada galan türkmenistanlylara ellerinden gelen kömegi bermek ugrunda tagalla edýändiklerini aýtdy.
turkmen.news neşiriniň çeşmelerine görä, Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçisi we konsuly bireýýäm Ukrainany terk edipdir. Neşir ilçihanada diňe Serdar atly bir işgäriň ýalňyz başyna galandygyny habar berýär.
Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň adyndan ýaňy-ýakynda açylan bir Twitter hasaby Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň soňky birnäçe günüň içinde Kiýewiň demirýol menzilinden ýurduň günbatar sebitlerine tarap türkmen raýatlarynyň äkidilmegini guramalaşdyrandygyny aýdýar.
Twitter maglumatynda bu raýatlaryň aglabasynyň Ukrainanyň Rumyniýa we Polşa bilen aradaky serhetlerinden aşandyklary, galan raýatlaryň bolsa ýakyn günlerde serhetden geçmäge taýýarlanýandyklary aýdylýar.
turkmen.news neşiri birnäçe türkmenistanlynyň, beýleki bosgunlar bilen bir hatarda, ewakuasiýa otlulary bilen ýurdy terk etmäge synanyşýandyklaryny habar berýär.
Bu aralykda, türkmen dilli käbir sosial media hasaplary Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öz raýatlarynyň ewakuasiýa edilmegine ýardam bermeýändigini aýdýarlar.
Urşuň arasynda galan türkmen raýatlary özbaşdak guramaçylyk bilen sosial ulgamlar arkaly, krizis wagtynda, birek-birek üçin peýdaly maglumatlary paýlaşýarlar.
Sosial ulgamlarda paýlaşylan bir maglumatda Kiýewde galan we iýmit ýetmezçiliginden kösenýän türkmen raýatlaryna çörek bişirip berýän bir türkmenistanly maşgala barada habar berilýär. Beýleki bir maglumatda Kiýewiň bunkerlerinde garaşýan türkmenler üçin azyk harytlaryny satyn alyp, olara tölegsiz eltip bermek hyzmatyny hödürleýän ýigitler barada habar berilýär.
Sosial ulgamlarda paýlaşylan ýene bir maglumata görä, Ukrainada galan türkmen raýatlary üçin öz ildeşleri tarapyndan Kiýewde özbaşdak guramalaşdyrylan 74 ýolagçyly awtobus gatnawy barada habar berilýär.
Özleriniň goňşy Wengirýada we Polşada ýaşaýandyklaryny aýdýan türkmen dilli käbir sosial media hasaplary bolsa Ukrainadan Wengirýa ýa-da Polşa aşmagy başaran türkmenleriň wagtlaýyn ýatak jaýyna we iýgi-içgisine özleriniň kömek edip biljekdiklerini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy sosial ulgamlarda paýlaşylýan bu maglumatlary garaşsyz tassykladyp bilmeýär.
BMG-niň Bosgunlar boýunça gullugyna görä, 1-nji marta çenli 677 müň adam Ukrainadan goňşy ýurtlara bosgun bolup bardy.
Media maglumatlaryna görä, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan çozuşlarynyň arasynda ýewropa ýurtlaryna aşmagy başaran ukrainaly bosgunlar Ýewropada mähirli kabul edilýär. Galyberse-de, uruş başlanaly bäri, Ýewropanyň dürli künjeklerinde urşa garşy köpçülikleýin demonstrasiýalar geçirildi.
Ukrainada galan türkmenleriň sany barada takyk statistiki maglumat ýok, ýöne turkmen.news neşiri käbir maglumatlara görä, ýurtda 6 müňden gowrak türkmenistanly talybyň bardygyny aýdýar.
Al-Jazeera neşiriniň habaryna görä, Türkmenistan Ukraina student ibermekde ilkinji ýedilige girýär. Neşiriň maglumatyna görä, ýurtda jemi 76,548 daşary ýurtly talyp bilim alýar. Hindistan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Hytaý we Türkiýe bu ýurda iň köp student iberýän döwletleriň hatarynda galýar.
Türkmenistanyň döwlet metbugat serişdeleri Ukrainada dowam edýän uruş barada habar bermeýär. Türkmen metbugaty Ukrainadaky türkmenistanlylara ýa-da olaryň Türkmenistanda galan hossarlaryna ýol görkezmek üçin hiç hili bildiriş häsiýetli maglumat çap etmeýär.
turkmen.news neşirine görä, ogul-gyzy Ukrainada galan ene-atalaryň birnäçesi Türkmenistanyň dürli ministrliklerine, şol sanda Daşary işler ministrligine ýüz tutupdyrlar. Ýöne resmiler olary kabul etmändir.
Rus goşuny 24-nji fewralda Ukraina çozdy. Rus metbugaty bu urşy “ýörite harby operasiýa” atlandyrýar. Halkara jemgyýetçiligi, şol sanda günbatar hökümetleri Russiýanyň agressiw hereketlerini berk ýazgaryp, Ukraina goldaw beýan edýärler. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý özüniň tolgundyryjy çykyşlarynda “ukrain halkynyň gaýduwsyzlyk bilen duşmana garşy göreşjekdigini” aýdyp, Russiýany “genosid” amala aşyrmakda aýyplaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.