Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar "bizi halas ediň" diýip, türk häkimiýetlerinden kömek sorady. Ukrainada atylandygy aýdylýan türkmen raýaty Rumyniýa bardy


Türkiýäniň "A Haber" habar kanalynyň YouTube sahypasyndan alnan surat.
Türkiýäniň "A Haber" habar kanalynyň YouTube sahypasyndan alnan surat.

Ukrainada dowam edýän urşuň arasynda galan türkmenistanlylar türk telekanalynda çykyş edip, özleriniň ewakuasiýa edilmegi üçin Türkiýäniň häkimiýetlerinden kömek soradylar. Bu çykyş, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen raýatlaryna kömek etmeýändigi barada habarlaryň peýda bolan wagty, 28-nji fewralda efire berildi. Bu aralykda, Rumyniýanyň metbugat serişdelerinde Kiýewde ruslar tarapyndan golundan we aýagyndan atylandygy aýdylýan türkmen raýatynyň rumyn keselhana ýerleşdirilendigi barada habar peýda boldy.

Türkiýäniň "A Haber" kanalynda çykyş eden türkmenistanly Wepa Aşyrow özüniň we başga-da ençeme türkmenistanlynyň Kiýewde urşuň arasynda galandygyny gürrüň berdi.

"Öýden daşary köp çykyp bilmeýäris. Öňňin markete gitdik. Biziň psihikamyz bozuldy. Gözümiziň öňünde admalara ot açylandygyny gördük. Bu bizi gaty biynjalyk etdi. Daşary çykyp bilemizok" diýip, Aşyrow sözüni şeýle dowam etdirýär:

"Bu ýerde islendik wagt islendik zat bolup biler. Biz bu ýerde hakykatdan hem gaty gorkýarys. Azygymyz gutardy. Bir dostumyz markete azyk almaga irden gitdi. Ýöne ol ýerde aşa köp adam nobata dur. Şol sebäpli onuň nobaty heniz hem ýetmändir".

Aşyrow ilkibada 15 sany türkmen raýatynyň bir öýde jemlenendigini, ýöne ýedi adamyň özbaşdak hereket edip, Ukrainadan goňşy ýurtlara geçmek üçin öz ýanlaryndan gidendigini hem belleýär.

"Häzir bu dostlarymyz bilen habarlaşyp bilmeýäris. Has dogrusy, olaryň telefonlaryna jaň edip, aldyryp bilmeýäris" diýip, ol belleýär.

Türkmen raýaty özleriniň Kiýewdäki türkmen ilçihanasy bilen habarlaşandyklaryny, bu ýerdäki işgärleriň elinden gelenini edýändigini aýtdy, ýöne heniz olaryň haýsydyr bir kömek etmändigini hem ýaňzytdy.

"Ýagdaý hakykatdanam gaty erbet. Haýyş, boldugyndan çalt bizi bu ýerden halas etseňiz, gaty minnetdar bolarys. Bu ýerde Türkiýäniň häkimiýetlerine hem sesimizi eşitdirip bilsek..." diýip, Aşyrow aýtdy.

Bu aralykda, Rumyniýanyň "Vasiledale.Ro" neşirinde Kiýewde ruslar tarapyndan atylandygy aýdylýan 25 ýaşly türkmen raýatynyň Sighetu Marmatiei şäher hassahanasyna ýerleşdirilendigi barada habar peýda boldy.

Neşiriň 4-nji martda çap eden habaryna görä, konflikt başlanandan iki gün soň, ol dört dosty bilen awtoulagly Kiýewiň köçesinde syýahat edýärkä, ruslar ulaga ot açdy. Onuň aýagyna we eline oklar degdi. Beýleki dostlary ýaralanmady.

"Oňa Kiýewiň golaýynda ilkinji medisina kömegi berildi. Onuň elindäki we aýagyndaky oklar ukrain lukmanlary tarapyndan çykaryldy. Şondan soň onuň dostlary Polşa gaçdy. Ýaradar türkmen raýaty Rumyniýa gaçmagy saýlap alýar" diýlip, habarda aýdylýar.

Maglumata görä, ol aradan bäş gün geçensoň, Rumyniýa gelýär. Bu döwürde hiç kimiň onuň eliniň we aýagynyň sargylaryny çalyşmaýar we onuň ýaralary azyp başlaýar.

"Näsag tiz kömek ulagy bilen gümrükhanadan keselhana getirildi. Ýara azyp başlapdyr we gyssagly operasiýa edildi. Häzir onuň saglyk ýagdaýy kadaly" diýip, neşir Sighetu Marmației şäher hassahanasynyň lukmany Kristian Bradiň sözlerini sitirleýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri Ukrainadaky uruş we bu ýurtda söweşiň arasynda galan türkmen raýatlary, olaryň sany, olara ýardam berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada aç-açan beýanat bilen çykyş etmeýär. Bu barada döwlet media serişdeleri hem dymýar.

Ukrainada indi 10 gün bäri dowam edýän urşuň arasynda galan türkmen raýatlarynyň krizisden özbaşdak çykalga gözleýändikleri barada Azatlyk Radiosy yzygiderli habar berip gelýär.

2-nji martda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan, Ukrainadaky metrolaryň birinde bukyda garaşýan türkmenistanly bir student özlerine hiç kimiň kömek etmeýändigini gürrüň berdi.

"Studentler özbaşdak serhetden aşyp, Polşa geçmek isleýärler" diýip, ol Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmen dilli käbir sosial media hasaplary hem Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň öz raýatlarynyň ewakuasiýa edilmegine ýardam bermeýändigini aýtdylar.

3-nji martda Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy ene-atalaryň ençemesiniň Ukrainadaky çagalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň ýurtdan çykmagyna kömek etmegi sorap, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Migrasiýa gullugyna ýüzlenýändigini habar berdi. Ýöne habarçymyz raýatlaryň ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermeýändigini belledi.

Bu habarlaryň yz ýany, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň türkmen studentlerine ýardam berip başlandygy habar berildi.

3-nji martda BMG-niň Bosgunlar boýunça agentligi 1 million adamyň Ukrainadan goňşy ýurtlara gaçmaga mejbur bolandygyny habar berdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy urşa başlady. Russiýanyň metbugaty rus goşunynyň Ukraina çozuşyny "ýörite harby operasiýa" atlandyrýar. Halkara jemgyýetçiligi Russiýanyň agressiw hereketlerini berk ýazgaryp, Ukraina goldaw beýan edýärler. BMG 2-nji martda Russiýanyň "Ukraina garşy agressiýasyny" berk ýazgarýan karary kabul etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG