Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki gaznasy Ukrainadaky harby operasiýanyň Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň işgärlerini gapyl basandygyny, beýleki ýurtlaryň diplomatlary ýaly, olaryň öz raýatlaryna konflikt başlamazyndan öň Ukrainany derhal terk etmek duýduryşyny bermändigini habara berýär. Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy bu aýdylýanlary umumylykda ret etdi we Ukrainadaky türkmenistanlylary goňşy ýurtlara ewakuasiýa etmek tagallasynyň edilýändigini aýtdy.
Düýbi Bolgariýada ýerleşýän hukuk topary beýleki ýurtlaryň öz raýatlary üçin ewakuasiýa çärelerini gurnandygyny, Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynyň bolsa, hatda harby konflikt başlanandan soňam bu ýurtda galan raýatlaryny alyp çyandygyny belleýär.
“Emma türkmen raýatlary Türkmenistanyň DIM-inden heneze-bu güne çenli beýle teklip almadylar” diýip, THG-nyň habarynda aýdylýar.
Türkmenistanyň raýatlary konfliktiň ilkinji gününde Kiýewdäki türkmen ilçihanasy we konsullygy bilen telefonda habarlaşmaga synanyşdylar, käbiri ol ýere bardy we adaty ümsümlik bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, THG-nyň şu gün ýaýradan beýanatynda bellenýär.
Emma Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň wekili Azatlyga öz mümkinçiliklerindäki ähli işi edip oturandyklaryny aýtdy.
THG Ukrainada 'hossarsyz' galan türkmenleriň iň işjeňleriniň Türkmenistanyň prezidentine, Daşary işler ministrligine, Ukrainanyň häkimiýetlerine, adam hukuklaryny goraýjy guramalara, hatda Kremle, prezidenti W.W.Putine hem hat ýazandygyny aýdýar.
Hukuk toparynyň tassyklamagyna görä, uruş barýan ýurtda galan türkmenistanlylar hiç bir anyk jogap alyp bilmän, sosial ulgamlar arkaly özara guramaçylyk çärelerini görmäge mejbur bolupdyrlar.
Ýaşlar ahyrynda resmi Aşgabat öz raýatlaryna üns berer diýen umyt bilen kyn ýagdaýa düşen ildeşleriniň sanawyny düzüp başladylar we häzir 300-den gowrak türkmenistanlynyň doly maglumatlary jemlendi we bu sanawy Ukrainadaky türkmen ilçihanasyna (embassy@ambturkm.org.ua. ) we şol bir wagtda-da hukuk goraýjylara ibermekçi bolýarlar diýip, THG ýazýar.
Azatlyk bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasyna telefon etdi.
Ilçihananyň efirde adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen wekili özleriniň bu ýurtda galan türkmenistanylaryň aladasyny etmeýändigi barada aýdylýanlary ret etdi.
“Biziň telefonlarymyz işläp dur, ýüz tutan raýatlarymyzdan zerur kömek-maslahatlarymyzy gaýgyrmaýarys, mümkin boldugyndan, kyn ýagdaýda galan raýatlarymyzy goňşy ýurtlara çykarmagyň hem aladasyny edýäris. Emma häzirki ýagdaýlarda özbaşdak hereket etmek mümkinçiligi ýok we biz ýerli şertler esasynda işleýäris” diýip, Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň wekili Azatlyk bilen eden telefon gürrüňinde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.