"Forbes" žurnalynyň hasaplamalaryna görä, Gazagystanyň dört milliarderi ýurtdaky protestler wagtynda 3 milliard dollar möçberinde “garyplaşdy”. Neşiriň maglumatyna görä, “Kaspiniň” iň uly paýdary we bu maliýe-tehnologiýa kompaniýasynyň başlygy Wýaçeslaw Kim aksiýa (paýnama) bahasynyň 30% arzanlamagy sebäpli 1,4 milliard dollar ýitirdi: 4-nji ýanwarda 118 dollar bolan aksiýa 6-njy ýanwarda 87 dollara çenli arzanlady.
Žurnal indi onuň baýlygynyň ýylyň başyndaky 5,7 milliard dollar däl-de, eýsem 4,2 milliard dollar bolandygyny çaklaýar.
Forbesiň ýazmagyna görä, "Kaspiniň" ýene bir ýokary derejeli dolandyryjysy Mihail Lomtadze hem takmynan 1,4 milliard dollar möçberinde serişde ýitirdi we onuň baýlygy indi 5,2 milliard dollar bolanlygyndan 3,8 milliard dollara çenli azaldy.
Öňki prezident Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinara Kulibaýewa we onuň adamsy Timur Kulibaýew bolsa, 6-njy ýanwarda şzlerine degişli Halyk bankynyň aksiýasynyň 16% arzanlamagy sebäpli, 200 million dollar ýitirdi. Žurnal olaryň her birine degişli maýanyň möçberini 3,1 milliard dollar diýip çaklaýar.
Gazagystandaky protestler 2-nji ýanwarda, Žanaozen şäherinde gazyň bahasynyň kesgin ýokarlanmagyna garşy bildirilen nägileliklerden başlandy we tiz wagtda ýurduň beýleki künjeklerine hem ýaýrady.
Degişli maglumat Gazak prezidenti protestleri köşeşdirip, häkimiýetdäki bäsdeşlerinden dynana meňzeýärPrtotest ýygnanyşyklaryna gatnaşanlar bahalaryň ýokarlanmagyndan we dolandyryjy režimiň korrupsiýa batmagyndan nägilelik bildirip, diňe bir ykdysady däl, eýsem syýasy talaplary, şol sanda prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň we Nursoltan Nazarbaýewiň syýasy sahnadan doly çekilmegini hem talap edip başladylar.
Protestler wagtynda hökümet işinden çekildi, Tokaýew MHK-nyň başlygyny, soňra dönüklikde güman edilip tussag edilen Karim Masimowy wezipesinden çetleşdirdi we Nazarbaýewi Howpsuzlykň geňeşiniň başlygy wezipesinden boşadyp, onuň ýerine özi geçdi. Nazarbaýew prezident bolup işleýän wagtynda özüni bu wezipä ömürlik belläpdi.
Şeýle-de prezident ýurtda "terrorçy toparlaryň" hereket edýändigini yglan edip, post sowet ýurtlarynyň altysynyň gatnaşmagynda gurlan harby bileleşikden, KHŞG-dan kömek sorady. Netijede, Gazagystana daşary ýurt goşunlary getirildi. Şeýle-de, ýurtda "terrorçylyga garşy operasiýa" yglan edildi we prezident güýç gurluşlaryna "duýduryş bermezden atyp öldürmek" buýrugyny berdi.
Içeri işler ministrligi häzirki pursata çenli 44 adamyň: asuda ilatdan – 26, howpsuzlyk işgärlerinden 18 adamyň öldürilendigini habar berdi. Hakykatda ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň ahmaldygy çaklanylýar.
Içeri işler ministrliginiň resmi hasabatyna görä, 9-njy ýanwarda ýurt boýunça tussag edilen we polisiýa getirilen adamlaryň sany 5135 boldy. Olardan 133 adam agyr jenaýat etmekde güman edilip, wagtlaýyn tussaghanalara ýerleşdirildi; 516 adam administratiw tussaglyga höküm edildi. Galanlary barada derňew geçirilýär.
Şu aralykda, Gazagystanyň Saglyk ministrligi gozgalaň wagtynda 164 adamyň ölendigini aýtdy. Bu habar ministrligiň telegram kanaly tarapyndan ýaýradyldy.
"Köp sanly adam pidasy" sebäpli 10-njy ýanwar ýas güni diýip yglan edildi.
Şu günleriň dowamynda protestleriň her gün dowam eden şäherleri bolan Aktauda we Žanaoezende 8-nji ýanwar güni demonstrasiýalar umuman iş ýüzünde tamamlandy.
Nazarbaýew 28-nji dekabrdan bäri köpçülige görünmeýär. Ýurtda başlanan nägilelikleriň we tolgunyşyklaryň fonunda internet hemme ýerde petiklendi we bu ýagdaý şindi hem saklanyp galýar.
Petiklemeler we ýurtda bolup geçýän wakalar barada ýeterlik maglumat berilmezligi netijesinde dörän maglumat boşlugy Nazarbaýewiň we onuň maşgala agzalarynyň, şeýle-de öňki prezidente ýakyn adamlaryň ýurdy terk edendigi barada myş-myşlaryň we çaklamalaryň döremegine sebäp boldy.
Öňki prezidentiň metbugat sekretary 8-nji ýanwarda Nazarbaýewiň paýtagtdadygyny aýtdy.
Mundan başga, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň Almaty şäherine hüjüm eden "20 müň terrorist" barada 7-nji ýanwarda ýazan twitleriniň häzir öçürilendigi aýdylýar.