Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken: "Eger ruslar öýüňize gelse, käte olary o taýdan çykarmak kyn bolýar"


ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken

Birleşen Ştatlarda esasan rus harbylaryndan durýan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň (KHŞG) bir böleginiň Gazagystanda ýerleşdirilmegi meselesinde sorag bar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken NATO-nyň goranmak ministrleriniň onlaýn duşuşygyndan soň aýtdy. AÝ/AR-nyň Rus gullugy bu habary "Roýters" habar gullugyna salgylanyp çap etdi.

Blinkeniň sözlerine görä, Gazagystanyň häkimiýetleriniň parahat demonstrantlaryň hukuklaryny bozman, şeksiz, öz güýçleri bilen hem tertip-düzgüni berjaý etmek mümkinçilikleri bardy.

"Olara daşardan kömek çagyrmagyň näme üçin gerek bolandygy belli däl, biz bu barada has giňişleýin maglumat almaga synanyşýarys" diýip, döwlet sekretary aýtdy.

Şeýle-de ol: "Iň täze taryh bize eýýäm ýeterlik sapak berdi - eger ruslar siziň öýüňizde bolsa, käte olaryň o ýerden çykmagyny gazanamak gaty kyn bolýar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Birleşen Ştatlar biraz öň Gazagystandaky zorlugy ýazgardy hem-de bu ýurduň häkimiýetlerini we demonstrantlary sabyr-kanagatlylyga, konflikti parahatçylykly çözmäge çagyrdy.

KHŞG goşunlary Gazagystana, halk protestleri wagtynda dörän zorlukly wakalardan soň, ýurduň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça getirildi.

Tokaýew ýurduň "terroristleriň" hüjümine sezewar bolandygyny aýtdy we protestleri hakykatda daşarky agressiýa hökmünde häsiýetlendirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ynandyrmasyna görä, Gazagystana iberilen rus goşunlary "ýerli hukuk goraýjy edaralaryň we goşun bölümleriniň operatiw-söweş çärelerine gatnaşmaz".

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin emele gelen ýagdaý barada köpçülik üçin hiç bir beýanat etmedi.

Rus goşunlary Gazagystana Ukraina bilen serhet ýakasynda jemlenen rus ýaragly güýçleriniň köpelendigi baradaky habarlaryň arasynda iberildi. NATO-nyň ýygnagy hut şu ýagdaýa, şeýle-de Russiýa bilen ýakyn wagtda geçiriljek gepleşiklere bagyşlanyp geçirildi.

Blinken bäşinji gün, Russiýa Ukraina garşy müňzemesini ilerleden halatynda, Günbataryň "aýgytly gaýtawul bermäge" taýýardygyny aýtdy.

"Eger Russiýa şeýle seçgi etse, diplomatik çözgüt henizem mümkin we ileri tutulýar" diýip, ol aýtdy. Şeýle-de ol Russiýanyň Ukraina etmegi mümkin ýaragly hüjümni heňe getirmek üçin prowokasiýa ýüz urmak ähtimallygyndan alada bildirdi.

Döwlet sekretary Russiýanyň howpsuzlyk kepillikleri baradaky talaplarynyň käbrini manysyz diýip atlandyrdy we ABŞ-nyň gepleşiklerde ozaly "Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy" barada pikir alyşmak isleýändigini nygtady.

Şeýle-de ol Moskwanyň "bir wagtlar Sowet Soýuzynyň gol astynda bolan ýurtlary gurşap alýan täsir sferasyny döretmäge" synanyşýandygyny öňe sürdi.

Günbatardaky we Russiýadaky dürli analitikler Wladimir Putiniň Sowet Soýuzyny ol ýa-da beýleki görnüşde dikeltmek isleýändigi baradaky pikirleri öňe sürdüler. Kreml bu aýdylýanlary hemişe inkär edýär diýip, AÝ/AR-nyň Rus gullugynyň habarynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG