Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa döwletinde bäş gün ozal energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy bilen başlanan görlüp-eşidilmedik protestler sebäpli hukuk goraýjy edaralara "atyp öldürmek" buýrugyny berendigini aýtdy.
Tokaýew milli telewideniýede göni ýaýlymda eden çykyşynda howpsuzlyk işgärlerine, mundan beýläkki bidüzgünçilikleriň öňüni almak üçin, duýduryş bermezden ot açmagy buýrandygyny we tabyn bolmadyklaryň "ýok ediljekdigini" aýtdy.
"Men hukuk goraýjy edaralara we ýaragly güýçlere duýduryş bermezden atyp öldürmek barada buýruk berdim" diýip, ol öz ýüzlenmesinde aýtdy.
Ýurduň günbatar Mangystau sebitinde kesgitli ýangyç (LPG) bahalarynyň iki esse ýokarlanmagy sebäpli başlan protestler soňra berk gözegçilikde saklanýan ýurtda giň goldaw tapdy we syýasy özgertmeler baradaky talaplara ösüp geçdi.
Tokaýew zorlukly wakalaryň ýüze çykmagynda daşary ýurtda tälim alan "terrorist" toparlary günäkärledi, ýöne bu aýyplamany tassyklaýan hiç hili subutnama getirmedi.
Ol öz ýüzlenmesinde hökümetiň "jenaýatçylar we ganhorlar" bilen gepleşik geçirmeginiň "manysyz" boljakdygyny aýtdy.
Içeri işler ministrligi demonstrasiýalarda 26 sany "ýaragly jenaýatçynyň" ýok edilendigini we 3 müňden gowrak adamyň tussag edilendigini habar berdi.
Mundan başga, bulam-bujarlykda 18 polisiýa we milli gorag gullukçysy öldürildi.
7-nji ýanwarda Tokaýew Gazagystanda düzgün-tertibiň "esasan" dikeldilendigini yglan etdi, ýöne Merkezi Aziýa hökümetiniň rus ýolbaşçylygyndaky sebit harby bileleşiginden goşun çagyrmagyna sebäp bolan güýçli tolgunyşyklardan soň, "terrorçylyga garşy" operasiýalaryň dowam etjekdigini aýtdy.
Şol bir wagtda, 7-nji ýanwarda ýurduň iň iri Almaty şäherinde ok atyşyklaryň seslerini eşitse bolýardy.
Prezident edarasy Tokaýewiň 7-nji ýanwarda terrorçylyga garşy milli merkeziň irden geçiren ýygnagyna başlyklyk edendigini we edilýän tagallalaryň hökümetiň ýaragly garşydaşlaryny "doly ýok etmegine" gönükdirilendigini aýtdy.
Içeri işler ministrligi 70 barlag nokadynyň döredilendigini we 19 million töweregi ilatly ýurduň ähli sebitleriniň “azat edilendigini we ýokarlandyrylan gorag astyna alnandygyny” aýtdy.
Saglyk ministrligi 6-njy ýanwarda 5-nji ýanwarda üç gün dowam eden demonstrasiýadan bäri 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny we 400 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.
Şol bir wagtda, gazak hökümetiniň ýiti tankytçysy, Gazagystanyň BTA Bankynyň ozalky başlygy bosgunlykdaky Muhtar Ablýazow protestleriň arkasynda “daşary ýurtlardan türgenleşdirilendigi” aýdylýan şahslaryň durandygy baradaky Tokaýewiň we Moskwanyň maglumatlaryny ret etdi.
Ol rus prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystandaky ýagdaýlary “Sowet soýuzyna çalymdaş bir gurluşy döretmek baradaky meýliniň çäginde” peýdalanmak isleýändigini aýtdy.
Bu aralykda, gyrgyz metbugatynyň habaryna görä, Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň maşgalasyna degişli iki sany hususy uçar Bişkekiň Manas howa menziline gelip gondy.
Gyrgyzystanyň 24.kg habar gullugy “Bombardier Global Express” uçarynyň howa menziline gelendigini aýdýar. Flightradar24-iň habaryna görä, uçar takmynan 11: 20-de Bişkekde gonupdyr.
Neşiriň maglumatyna görä, "nazarbaýewski" atlandyrylan başga bir uçar takmynan sagat 22: 10-da Manas howa menzilindäki tehniki duralgada gondy.
Howa menziliniň wekilhanasynda aýdylmagyna görä, "Belki-de ekipaža dynç almak ýa-da ýangyç guýmak gerek bolandyr. Şeýle ýagdaýlarda ýolagçylaryň hiç biri uçardan çykyp bilmeýär, ýük düşürilmeýär".
Manas howa menziliniň metbugat gullugy Birleşen Arap Emirliklerinden bir Bombardier hususy uçarynyň gelendigini tassyklady.
Şeýle-de bolsa, metbugat sekretary söwda uçaryndaky ýolagçynyň şahsyýetiniň belli däldigini aýtdy.
Mundan başga, Azatlyk Türkmenistanyň Nur-Soltandaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, Gazagystandaky türkmen raýatlarynyň ykbaly, olary watanyna dolamak ugrunda nähilidir bir çäreleriň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygyny anyklmaga synanyşýar.
Emma 7-nji ýanwarda ilçihananyň resmisi ilki başda Azatlygyň telefon jaňyna jogap berse-de, onuň "garaşyň" teklibinden soň, türkmen wekilihanasy bilen gaýtadan habarlaşmak başartmady.