Birnäçe güne çeken görlüp-eşidilmedik zorlukly tolgunyşyklardan soň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew häkimiýeti öz eline jemlemäge kömek etjek göçümleri edip, protestleri umuman köşeşdirine we döwletiň ýokary başyny özüne ygrarly adamlardan täzeden gurana meňzeýär.
Öňki sowet KGB-siniň mirasdüşeri bolan Milli howpsuzlyk komitetiniň (MHK) 8-nji ýanwardaky maglumatyna görä, hökmürowan içerki aňtaw gullugynyň öňki başlygy Karim Masimow dönüklikde güman edilip, şobada tussag edildi.
MHK ýene birnäçe resminiň tussag edilendigini aýtdy, ýöne çap edilen beýanatda hiç bir adamyň ady agzalmady.
Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýakyn ýarany Masimow 6-njy ýanwarda tussag edildi, şol gün Tokaýew ony Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy we ýerine öz howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ýermek Sagimbaewi belledi.
Iki gezek premýer-ministr, Nazarbaýewiň diwanynyň başlygy bolan Masimow 5-nji ýanwarda, haçanda Tokaýew Howpsuzlyk Geňeşiniň ýolbaşçylygyny öz üstüne alyp, Nazarbaýewi soňky resmi wezipesinden hem mahrum edende işden çetleşdirildi.
Otuz ýyllap häkimiýet başynda bolan 81 ýaşly Nazarbaýew 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekilip, döwlet ýolbaşçylygyny Tokaýewe geçireli bäri, milli howpsuzlyk guramasynyň üsti bilen, uly ygtyýarlyklary elde saklaýardy.
Döwletiň ýokary ýolbaşçylygynda bolup geçen wakalar Tokaýewe ygrarly emeldarlar bilen Nazarbaýewiň ýaranlarynyň we maşgalasynyň arasynda häkimiýet üstünde barýan elita dawasynyň geçen hepde bolan zorlugyň käbir ugurlaryna itergi beren bolmak ähtimallygy baradaky çaklamalara belli bir derejede esas berýär.