Bişkekdäki parlament binasynyň öňünde gyrgyz goşunynyň Gazagystanda "parahatçylygy goraýyş operasiýasyna" gatnaşmagyna garşy piket geçirildi. Bu çäre gatnaşanlar goňşy Gazagystandaky wakalary respublikanyň öz içerki işi diýip hasaplaýarlar. Şol bir wagtda, parlament gyrgyz goşunynyň Gazagystandaky wakalara gatnaşmagy meselesine garamady, sebäbi munuň üçin ýeterlik kworum bolmady diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, goňşy respublika goşun bölümini ibermek meselesi halk köpçüliginiň arasynda dürli pikirleri döretdi. Respublikanyň Ministrler kabineti bu ýagdaýa reaksiýa bildirip, gyrgyz halkyna Gazagystana goşun bölümini ibermek kararyna "doly düşünmek we jogapkärçilik esasynda çemeleşmek" haýyşy bilen ýüz tutdy.
Ýakyn goňşusy we strategiki ýarany hökmünde, Gyrgyzystanyň Gazagystanyň kanuny häkimiýetlerinden gelen kömek haýyşyny ret etmäge haky ýok we ol özüniň KHŞG-nyň çäklerindäki borçlaryny zerur boldugyça ýerine ýetirer diýip, Ministrler kabineti aýtdy.
Ministrler kabinetiniň ýaýradan beýanatynda nygtalmagyna görä, iň soňky pursata çenli Gazagystanyň halkynyň we ýolbaşçylarynyň içerki meseleleri özbaşdak, daşardan hiç hili goşulyşma bolmazdan çözüp biljekdigine ynam bildirildi.
Emma muňa garamazdan, öten agşam Bişkege Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewden KHŞG-nyň çäginde goldaw bermek baradaky resmi ýüzlenme geldi.
Netijede, geňeşmelerden soň, KHŞG-nyň parahatçylygy goraýyş operasiýasyna gatnaşmak mandaty bilen, gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana ýaragly güýçleriň çäklendirilen bölümini ibermek meselesini parlamentiň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlemek kararyna geldi diýip, habarda aýdylýar.
"Şol bir wagtda, Gyrgyzystanyň goşun bölümleriniň wezipesi strategiki obýektleri goramak bilen çäklenmeli we ýurduň asuda ilaty bilen hiç hili gatnaşygy ýa-da jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek jogapkärçiligini öz içine almaýar" diýip, Ministrler kabinetiniň beýanatynda bellenýär.
Emma sosial media ulanyjylary resmi Bişkegiň gelen kararyna berk garşylyk görkezdiler diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy mysallara ýüzlenýär.
"Goşunlarymyzyň KHŞG-nyň çäginde Gazagystana girizilmegine garşy durmagymyz gerek. Oglanlarymyzy ýönekeý adamlary öldürmek üçin ibermek iň uly ýalňyşlyk bolar" diýip, Elwira Kalmurzaýewa ýazýar. — Elvira Kalmurzaeva (@Ekalmurzaeva) January 5, 2022
"eger Gazagystany basyp almaga ýol bersek, ol soň bizi hem basyp, soňra UR-i hem alar, (((Hiç bir jähtden bolanok. Bular girse çykmaz" diýip, Dinara atly ulanyjy aýdýar. — Dinara (@DinaraOM) January 6, 2022
"Umyt edýän, biziňkileriň Gazagystana harbylary ibermeli däldigine akyly çatar diýip, umyt edýärin" diýip, Adilet Abylow ýazýar.— Adilet Abylov (@graFFiXtation) January 6, 2022
Emme Feliks Kulow başga pikirde:
"Biz KHŞG-nyň agzasy bolup durýarys, şonuň üçin Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň ýüzlenmesine beýleki agzalar bilen bilelikde adekwat jogap bermäge borçly. Tokaýew terrorist halkara toparlarynyň Gazagystana hüjüm edendigini gönüläp aýtdy we muny agressiýa hökmünde häsiýetlendirdi. Şu sebäpden, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasyna laýyklykda, kömek bermek üçin kanuny esas bar. Emma muňa garamazdan, parahat ilata garşy we dolandyryjy režimi goramak üçin hiç bir halatda harby güýç ulanylyp bilinmez" diýip, Kulow ýazdy.
Şu aralykda Moskwada Gazagystany goldamak üçin pikete çykan 10 töweregi adamy tussag etdiler diýip, "OVD-Info" tussag edilenleriň birine salgylanyp habar berdi.
Taslamanyň maglumatyna laýyklykda, tussag edilenleriň arasynda Oleg Krawçenko, Aleksandr Zimbowskiý, Ýelena Sidorenko, Iwan Solowýew, Elmar Rustamow, Aleksandr Nikolaýew dagynyň bardygy aýdylýar.
Piketçilere nähili aýyp bildirilendigi häzirlikçe mälim däl.
Ýangyç bahalarynyň birden kesgin ýokarlanmagy netijesinde Gazagystanyň günbataryndaky Žanaozen şäherinde 2-nji ýanwarda başlanan protestler 6-njy ýanwara çenli ýurduň köp bölegini gurşap aldy.
Metbugat habarlaryna görä, KHŞG-nyň parahatçylyk güýçleri eýýäm Gazagystanda öz öňlerinde goýla wezipeleri ýerine ýetirmäge başlady.
Rus goşunlaryny alyp gelen ilkinji uçar 6-njy ýanwarda irden Almaty şäherine geldi. Olaryň basym şäherde nobatçylyk çekip başlajagy aýdylýar.