Soňsuz maýa gözlegi. Analitik Aşgabadyň has kän garaşly bolmak ähtimallygyny duýdurýar

Girdejisiz desgalaryň biri

Türkmen hökümeti 5-nji noýabrda ýylyň 10 aýynyň jemlerine seredip, ýene tas ähli ugur boýunça düýpli netijeleriň gazanylandygyny habar berdi. Mejlisde ilkinji söz nobaty berlen wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hasabat döwründe özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 22,7 milliard manada barabar bolandygyny aýtdy. Emma prezident bu ösüş bilen kanagatlanmady we has köp maýa çekmek talabyny gaýtalady.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “gurluşyk we nebitgaz toplumyna degişli edaralaryň işini güýçlendirmek”, “maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek zerurlygy”, “maýa goýumlaryny köpräk çekmek”, “döwlet çykdajylarynyň möçberini we netijeli bolmagyny gözegçilikde saklamak meseleleriniň wajypdygyny” belledi we “gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermelidigini” aýdyp, maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa käýinç yglan etdi.

Adatça bolşy ýaly, ministre berlen käýinjiň anyk sebäpleri aýdylman, onuň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberendigi öňe sürüldi.

Degişli maglumat Aşgabat rus-türkmen forumynda öz gämi gurluşygyna maýa goýulmagyny teklip etdi

Emma synçylar, resmi habarda aýdylýan ösüş sanlaryna garamazdan, türkmen ykdysadyýetindäki kynçylyklaryň esasan maýa goýumlary meselesindäki aýdyňlygyň ýetmezçiligi, döwlet çykdajylarynyň möçberini we netijeliligini gözegçilikde saklamak barada edilýän talabyň ozaly iň ýokary ýolbaşçy tarapyndan bozulmagy bilen baglydygyny belleýärler.

Döwlet baştutanynyň soňky ýyllarda köp gaýtalan maýa talaplary şu tomus, kiçi Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine eden sapary netijesinde, Türkmenistandaky taslamalara $100 million möçberinde maýa çekilmegine getirdi.

Azat Ýewopa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Panniýeriň pikiriçe, käbir arap ýurtlary, aýdaly, Saud Arabystany üçin bir milliard dollar möçberinde maýa ýatyrmak hem uly bir pul däl. Ýöne ol bu hili maýalaryň “ýaramaz maýa” bolup, hiç wagt özüni ödemezliginiň hem mümkindigini, beýle serişdeleriň gelejekdäki täsir üçin ýatyrylýandygyny aýdýar.

“Bu maýalar gyssagly girdeji almak üçin däl-de, täsir üçin ýatyrylýar... Bir miliard dollar Merkezi Aziýa ýurtlary üçin uly pul bolup biler, emma köp ýurt üçin uly pul däl” diýip, Panniýer bu hili maýalaryň ýaş garaşsyz ýurtlary has kän garaşly ýagdaýa salyp biljekdigini duýdurýar.

Degişli maglumat Serdar Berdimuhamedowyň başlan gurluşygy duşaklylary hassahanasyz we mekdepsiz goýdy

Daşary ýurtlardan çekilýän maýadan başga, Türkmenistan 22-nji oktýabrda Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini hem “maýa goýumy hökmünde gönükdirmegiň” tertibini tassyklady.

Resmi habarda gurulýan we täze gurluşyklar bilen baglydygy aýdylan karar türkmen hökümetiniň Orsýet tarapyna öz deňiz portundaky we gämi zawodyndaky “maýa goýum mümkinçiliklerini” ulanmak teklibini etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

TDH-nyň anyklaşdyrmazdan beren maglumatyna görä, 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynda, “Hazar sebitindäki logistika merkez hökmünde, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere” garaldy.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň 1,5 milliard dollara düşen täze halkara deňiz porty we “Balkan” gämi gurluşygy zawody 2018-nji ýylyň maýynda ulanmaga berildi. Şol wagt bu gämi zawodynyň ýylda 4-6 gämi gurmaga kuwwatynyň ýetjekdigi, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň bolsa ýylda 25 million tonnadan gowrak ýük geçirmäge niýetlenendigi aýdyldy.

Synçylar bu desganyň Türkmenistanda milliardlarça dollar halk serişdesine gurlan we bu golaýlarda özüni ödemejek taslamalaryň diňe biridigini, beýle taslamalary rus maýasy bilen halas etjek bolmagyň bolsa hyýalbentlikden başga zat däldigini aýdýarlar.

Degişli maglumat Bergi-borja batandygy aýdylýan Aşgabat ýene daşary ýurt maýasyny gözleýär


Žurnalist we analitik Brýus Panniýeriň pikiriçe, uzak wagt bäri Hazarda geçiriji gurmaga çalyşýan Türkmenistanyň Türkmenbaşyda, nebiti gaýtadan işleýän zawodyň gapdalynda port edinmeginiň bir topar amatlylygy bar we, daşy gury ýer bilen gurşalan ýurduň demir ýol çekmek, port, gämi gurmak tagallalaryna, umuman, düşünmek bolar.

“Ýöne bu işler seniň ol ýerden ugradyp biljek nebit önümleriň möçberine laýyklykda edilmeli, biziň bilşimizden Türkmenbaşy portuna 1,5 milliard dollar harçlandy we, ol serişdäniň Hazar deňzi arkaly ugradylýan nebit önümleri bilen haçan yzyna alynjagy belli däl, belki-de bu 15, 20 ýyl wagt alar” diýip, Brýus Panniýer Azatlyk radiosyna aýtdy.

Şeýle-de Panniýer öz nebit-gaz senagaty bolan Orsýetiň bu meselede Türkmenistana kömek etmek ähtimallygyny sorag astyna alýar.

“Olar Türkmenistanyň uly möçberde nebit ýa uly möçberde gaz satmagyny islemeýärler, sebäbi bu Türkmenistanyň Orsýetiň gaz satmaga çalyşýan bazarynda bir bäsdeş bolmagyna alyp geler. Bu diňe bir problema. Bu ýerde syýasy çylşyrymlylyklar hem bar. Biziň bilşimize görä, türkmen ykdysadyýeti dyzyna çökdi ýa-da häzirki agyr pursatda indi beýle bir gowy ýagdaýda däl" diýip, anailitik aýtdy.

Degişli maglumat Berdimuhamedowlar Döwlet  býujetini maslahatlaşdy. Ykdysatçy ilatyň ýurtdan gysylyp çykarylýandygyny aýdýar

"Orsýet soňky birnäçe ýylda berk yşarat edip, Berdimuhamedowyň hökümetiniň synmagyny islemeýändigini hem görkezdi. Sebäbi Berdimuhamedowy manipulýasiýa etmek, onuň bilen yalalaşmak aňsat we, ikinji tarapdan, olar boşluk döräp, ol ýeriň “Yslam döwleti – Horasan” ýaly toparlar bilen dolmagyny, Owganystan bilen serehetleşýän Türkmenistanda durnuksyzlyk bolmagyny islemeýär” diýip, Panniýer pikir edýär.

Ol Orsýetiň Türkmenistan bilen kesen gaz söwdasyny birki ýyllykda bölekleýin dikeldip, ýylda 5 milliard kub metr ýaly gaz alyp başlamagyny hem Moskwanyň şu niýeti, ýagny Berdimuhamedowyň hökümetini çalajan ýagdaýda hem bolsa saklamak maksady bilen baglanyşdyrýar.

“Bu gaz bazarynda saldamly üýtgeşiklik döretmek üçin ýeterlik däl, ýöne Türkmenistany aýak üstünde saklamak üçin ýeterlik” diýip, bilermen aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.