Otaga gidýän çagalardan dilhaty alynýar, olar 'bu işe höwesim bar' diýmeli

Pagta ýgýan çagalar. Arhiw suraty

Otagçylaryň aglabasy mekdebi ýaňy tamamlan ýa heniz tamamlamadyk ýaş gyzlar we oglanlar bolup, olar bu işe mejbury ýagdaýda, hojalyklaryna kömek üçin, özerine iýmäge azyk, geýmäge eşik, bolmanda gelýän okuw ýylynda mekdebe gerek zarlaryny satyn almak üçin gidýär diýip, ene-atalar aýdýar.

Mary welaýatynda häzirki aşa yssy howa şertlerinde gowaça meýdanlaryna gidip, ýekeleme, otag işlerini edýän kämillik ýaşyna ýeten we ýetmedik işçilerden dilhaty alynýar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, kärendeçileriň potrat ýerlerinde otag otamaga gidýän her bir otagçy oba geňeşligine baryp, “Men meýdan işine öz razylygym bilen gidýärin, özümde otag, ýekeleme işlerine höwes, isleg bar” diýip, dilhaty ýazmaly edildi.

Bu habar Türkmenistandaky yssy howa şertlerinde ýogalýan adamlaryň öňki aýlardaka garanda has köpelendigi barada ýaýran resmi bolmadyk maglumatlaryň yz ýanyndan geldi.

Otagçylaryň aglaba bölegi ýaňy mekdebi tamamlan ýa heniz tamamlamadyk ýaş gyzlar we oglanlar bolup, olar bu işe mejbury ýagdaýda, hojalyklaryna kömek üçin, özerine iýmäge azyk, geýmäge eşik, bolmanda gelýän okuw ýylynda mekdebe gerek zarlaryny satyn almak üçin gidýär diýip, ene-atalar aýdýar.

Degişli maglumat Darganatada dynç alyş lagerlerine pul tölän okuwçylar ýeralma ýygmaga mejbur edilýär

Türkmenistanda mejbury zähmet we çaga zähmeti kagyz ýüzünde gadagan hem bolsa, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik, aýlyklaryň we pensiýa tölegleriniň azlygy mekdep okuwçylaryny hem tapan işini etmäge mejbur edýär.

“Çagalar geçen ýylam otag, ýekeleme, çürtüm, pagta ýygym, gowaça çöplemek ýaly işlere gatnaşdy, emma gazanan pullaryna eşik, aýakgap almak arzuwlary başa barmady, iýjek azyklaryn ýetse begenmeli boldular” diýip, birnäçe çagasy meýdan işinde işleýän ene habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu aýdylýanlary biri-birinden habarsyz ýene iki ene-ata tassyk etdi. Olar bu ýyl azyk önümleriniň bahalarynyň geçen ýyldaka garanda hem gymmatlandygyny, emma hojalyklaryň köpüsiniň çagalaryň gazanjak juda ujypsyz puluna hem mätäçdigini aýtdy.

Oba geňeşliginde dilhaty ýazýan çagalara dilhatynyň aşagynda “men ejesi” ýa-da “men kakasy”, “biz çagamyzyň otaga, ýekeleme işlerine gitmegine asla garşy däl” diýip ýazdyryp, ene-atalaryna derek özleriniň gol çekmeklerini maslahat berýärler diýip, habarçy aýtdy.

Soňky günlerde bolsa, adamlaryň ýüz-gözüni ýakyp gelýän epgekli howanyň has gyzmagy bilen, otagçy çagalara ýüz örtügini dakynmagy hem ýygy-ýygydan ýatladyp başladylar.

Açyk meýdanda, 50° gradus yssy howada, gyzgyn günüň aşagynda işleýän çagalar ýüz örtügini dakynmanda zordan dem alýar diýip, habarçy bilen gürleşen ene-atalaryň biri aýtdy.

Degişli maglumat ABŞ özbek pagtasynyň gadaganlygyny ýatyrdy, Türkmenistan pagta planyny artdyrýar

Ol habarçynyň “Çagalaryňyz siziň adyňyzdan dilhaty ýazýarlar, muňa nähili garaýarsyňyz?” diýen soragyna “Bu hökümetiň özi şeýle ýalançy bolansoň, indi biziň çagalarymyza hem ýalan sözlemegi öwredýär” diýip jogap berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalar hakykatda çagalarynyň häzirki jokrama yssyda otaga ýa-da başga işlere gitmegine razy däldiklerini aýtdylar. Ýöne olaryň biri "muňa nädip garşylyk görkezjek, gitmeseler pul ýok” diýip, öz ýagdaýyny hem aýtdy.

“Bir gyzym kerpiç zawodynda lentede durup, agyr işleri edýär, nätsin çagam, meýdanda işlänimden gowurak diýýär” diýip, bir ene aýtdy.

Ýerli synçylaryň käbiri meýdan işlerine çykýanlara ýazdyrylýan dilhatylaryň bir bolmasy iş bolsa, resmileri jogapkärçilikden gorar ýaly, öňünden gaçmak üçin tapylan pirim bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Emma ene-atalaryň köpüsi bu pikir bilen ylalaşmaýar.

“Mundan öň çagaňy meýdan işinde ýylan, içýan çaksa-da, dilhaty ýazdyrylmadyk halatynda hem, hiç bir hökümet işgäri-beýleki jogapkärçilik çekenokdy” diýip, biri-birinden habarsyzlykda gürleşen ene-atalar aýtdy.

Azatlyk radiosynyň bu meseleler boýunça türkmen häkimiýetlerinden düşündiriş almak synanyşygy häzire çenli netije bermedi.

Synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda öz ýakyn taryhynda iň agyr ykdysady kynçylygyny başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Emele gelen agyr ykdysady ýagdaý eklenip bilmeýän maşgalalaryň köpelip, çörek puly üçin, çaga zähmetini ulanmaga barha kän ýykgyn etmegine alyp gelýär, adamlary gytçylygyň öňünde çäresiz galýar diýip, Azatlygyň Marydaky söhbetdeşleri aýtdy.

Degişli maglumat Türkmen resmisi borçnamanyň ýerine ýetirilendigine garamazdan, pagta ýygymynyň dowam edýändigini aýtdy

Ýöne türkmen hökümeti bu aýdylýan kynçylyklary boýun almaýar we ykdysady ösüşde “gazanylan depgin durnukly saklanýar, kabul edilen durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär” diýen sözlerini gaýtalaýar.

4-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisinde aýdylmagyna görä, “bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy; 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy.”

Emma muňa garamazdan, Halkara pul gaznasy, beýlekiler täzelikde Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlaryny alga alman başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.