ABŞ, mejbury çaga zähmetiniň “düýpli azalandygyny” aýdyp, özbek pagtasynyň gadaganlygyny ýatyrdy, Türkmenistan mejbury zähmet netijesinde öndürilýän pagta planyny artdyrmagy planlaşdyrýar.
Birleşen Ştatlar özbek pagtasyny çaga zähmetiniň ulanylmagy baradaky aladalar bilen bagly ýurda getirilmegi gadagan edilen harytlaryň sanawyndan aýyrdy. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi bu özgerişligi gutlap, 27-nji martda çap eden beýanatynda munuň Waşington tarapyndan 2010-njy ýylda girizilen gadaganlygyň aýrylýandygyny aňladýandygyny aýtdy.
Birleşen Ştatlaryň Zähmet departamenti 25-nji martda Federal reýestere iberen hatynda özüniň özbek pagtasyny amerikan häkimiýetleriniň “mejbury çaga zähmetiniň ulanylmagy netijesinde gazylyp alnan, öndürilen, ýasalan diýip esasly ýagdaýda çaklap boljak” harytlary gadagan etmek baradaky sanawyndan aýyrýandygyny aýtdy.
Aýdylmagyna görä, bu karara Zähmet departamentiniň, Döwlet departamentiniň, Içerki howpsuzlyk departamentiniň beren synyndan soň gelindi. Ol synda Özbegistandaky pagta hasyly alnanda mejbury çaga zähmetiniň ulanylmagynyň az-owlak hadysalara çenli azaldylandygy öňe sürülýär.
Hukuk toparlary özbek häkimiýetlerini çagalary pagta ýygmaga mejbur etmekde ýyllarboýy aýyplap gelýär. Pagta merkezi aziýa ýurdunyň iň uly eksportleriniň biri bolup, Özbegistan göz öňünde tutulan pagta hasylyny ýygmak üçin okuwçylary, mekdep we saglyk işgärlerini onlarça ýyl bäri pagta sürýär.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hökümeti 2018-nji ýylyň maýynda mejbury zähmeti düýpden soňlamagy maksat edinýän karar çykardy.
Mirziýoýew 2017-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda hem Özbegistandaky mejbury zähmet meselesi hakynda gürrüň etdi.
Özbegistan dünýäde pagta öndürýän bäşinji uly ýurt bolup durýar we öz öndürýän pagtasynyň 60 prosent çemesini Hytaýa, Bangladeşe, Türkiýä we Eýrana eksport edýär. Özbegistanyň pagtadan alýan girdejisi ýylda 1 milliard dollardan hem kän bolup, ýurduň jemi içerki önüminiň bir çärýegini düzýär.
Özbegistanyň duldegşir goňşusy bolan Türkmenistan hem pagta ýygymynda mejbury zähmeti, şol sanda çaga zähmetini ulanmakda tankyt edilýär.
Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2005-nji ýylda çaga zähmetini gadagan edýän kanuna gol çeken hem bolsa, bu meselede göze görünýän üýteşme bolmady diýip, synçylar aýdýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem 2008-nji ýylda çagalaryň we studentleriň oba hojalyk işlerine çekilmegine gadagançylyk girizdi, emma bu gadagançylyk hem kagyz ýüzünde galdy.
Bu ýagdaý ABŞ-nyň Gümrük gullugynyň, 2018-nji ýylyň maý aýyndan başlap, türkmen pagtasynyň we ondan öndürilen hatyrlaryň ählisiniň Birleşen Ştatlaryň çägine getirilmegini gadagan etmegine alyp geldi.
Emma muňa garamazdan, ýerli synçylaryň pikirine görä, Türkmenistan ýurtduň oba hojalygynda, şol sanda pagtaçylykda sowet ýyllaryndan bäri toplanan agyr problemalary "propaganda galmagaly, bagtyýar adamlaryň alkyş sözleri we aýdym-saz bilen ýaşyryp", mejbury zähmet netijesinde öndürlýän pagtanyň döwlet planyny artdyrmaga synanyşýar.